Di Maria etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Di Maria etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

7.10.2014

Manita!

Ispanlar oýun 2-0 gutarsa "duble" diýýärler. 3-0-a "Üçlediler", 4-0-a "Poker" diýýärler, utan tarapyň dört tuz çykardygy bolýar. Eger 90 minudyň soňunda hasap 5-0 bolsa? "Chiranthodendron pentadactyllon". Gülleri adamyň eline meňzeýän bu agaja ispanlar "manita" diýýär. (aceto balsamico)

Real Madrid öz meýdançasynda düzüminde diňe basklylary oýnadýan Athletic Cluby kabul etdi we netije: Manita! BBC-niň tomaşa görkezen oýnunda Benzemanyň salan iki goly, La Liga geleli bäri Ronaldo iň köp goluň pasyny beren Bale-iň iki assisti we Ligada hat-trick sanyny 22-ä ýetirip, Zarranyň rekordyna şärik bolan Ronaldonyň üç goly... Pepe bolsa soňky golda CR7-ä 2010-11-den galan bir gol bergisini berdi.
Elbetde bu hasabyň sebäplerinden biri Athleticiň Atleti ýaly palçyk oýun däl-de çyny bilen futbol oýnamagy. Başga tarapdan bolsa garry möjek Carloň akyly. Biri Di Maria diýdimi? Geçen ýyl Özil gidende, bu ýyl bolsa argentinaly melek gidende paýtagly topar käbir kynçylyklary başdan geçirdi. Oýundan soňky hasaba, ýagny ýeňişe ýa-da ýeňlişe görä janköýerlik edýänler bolsa derrew hininden çykyp aglap başladylar. Ancelotti bolsa her gezek olary utandyryp işi ugrukdyrdy.
Ballon d'Or baýragynyň berilmegine bolsa ylaýyk 99 gün galdy. Garaşýarys. Ronaldoň muzeýinde üçünji Ballon d'Oryň ýeri taýýar...

25.09.2011

"Melek" ýene gyzyl

Oýundan öň utjagymyzy 100% bilýärdim. Aý näme-de bolsa Rayo Vallecano liga täze gelen topar, üstesine-de  oýun Bernabeuda. Madridiň 11-i ekrana gelende Varane bilen Albioly görüp 2-0 gutarar diýip pikir etdim. Soň Vallecanoň 11-i ekrana gelende ýekeje tanaýan adym Tamudony gördüm. Aý ýok, olarama bir gol salyp galar diýdim :D
Ýanymda oglanlaň biri Stoke MU-ny görüp otyrdy. Menem käwagt gözümi oňa aýlap oturşyma oýun başlapdyr, hasabam 1-0 o.O Heniz 18-nji sekundda Vallecano 1-0 öňe geçip otyrdy. Liga geleniň ýaňy, Bernabeuda heniz 18-nji sekundda 1-0 öňe geçýäň. Betmi? Lassyň yza berjek bolan pasyny Tamudo alyp 35 metre golaý uzakdan depdi. Casillasdan gaýdan topy bolsa Michu derwezä gönükdirdi. 1-0. Bir tarapdan gowam boldy. Madridiň oýunçylaryna indi ukydan açylmaly wagtyň gelendigini ýatlatdylar. Mourinhoda Lassy çykaryp Özili saldy. Howa sowaýar öýdýän ýuwaş-ýuwaş, Mourinho köýneginiň üstünden ýeňsizjik geýipdir. Ony aýtsaň Ferguson kurtka geýipdirä :D 
Şondan soň Madrid çyny bilen Vallecanony heläk edip başlady. Bir Lass çykanam bolsa meýdançada ýene bir Lass bardy. Top hernäçe Madridiň aýagynda bolsa-da Vallecanoly Lassyň aýagyna top gelende amatly pursatlar döredýärdi.
Lassyň ýerine Özil girdi diýipdik, sebäbi Öziliň ýerine Kaka' başlapdy. Tüweleme, Milandaky günlerini ýatlatdy özä, oýuny netije-de berdi. 39-nji minutda Ronaldoň salan golunyň assisti Kaka'dan. Birinji ýarymyň goşmaça wagtlarynda bolsa Madrid öňe geçdi. Jerime meýdançasynyň öňüne X. Alonsoň depen jerime urgusyny Ramos kellesi bilen Higuaine geçirdi. Higuainem topy boş derwezä gönükdirip hasaby 2-1 etdi.
Şu ýerde ýene bir belläsim gelýän zadam ilki topuň başyna Ronaldoň geçmegi. Ronaldo topuň başyna geçende diňe derwezeban birzatlar edip bilýär. Beýleki 20 adam diňe synlaýar, Ronaldo depýär, ýa daşyna, ýa-da gol. Diwara degýän ýa-da derwezebana gelýän wagtlaram bolýar welin barmak basyp sanaýmaly. Diýjek bolýanym Ronaldoň topuň başyna geçmegi bilen goragçylar biraz arkaýynlaşdylar, topy bolsa Alonso depdi, Ramosyň kellesi bilen derwezebanyň arkasyna oklan topuny boş derwezä salmak üçin iki Madridli garaşyp durdy.
Ikinji ýarymda-da çekeleşikli oýun dowam etdi. 50-nji minutda jerime meýdançasynyň içinde Movilla Kaka'ny ýykdy, Ronaldo penalti goly bilen hasaby 3-1 etdi.
55-nji minutda Vallecanoň burçdan oýuna girizen topuny Michu derwezä iberdi. Casillasyň içerden çykaran topuny emin ilki gol diýip hasap etmedi. Ýarym minut ýaly soň goldugyny kabul etdi. Top tor bilen gujaklaşmasa-da hasap 3-2.
Şondan bir minut soň bolsa Angel Di Maria topy eli bilen saklany üçin ikinji sarysyny aldy we Madridi 10 adam goýdy.
67-nji minutda Öziliň burçdan oýuna girizen topuny 18 ýaşly Varane üýtgeşijek urgy bilen derwezä gönükdirdi. 4-2. 5-nji minutda-da Di Mariaň pasyna kelle süsüpdi, azajyk ýokardan gidipdi. 1-2 ýyldan Carvalhoň ýerini alar. 73-nji minutda ýene-de Özil Higuainiň ýerine oýuna giren Benzema pas berdi, Benzema nokady goýdy 5-2. 83-nji minutda jerime maýdançasynda Ronaldony ýykan Gimenez sary kart aldy. Ronaldo bolsa hat-trick etdi, 6-2.
Şeýlelikde Real Madrid 10 bal bilen 4-nji, Rayo Vallecano bolsa 5 bal bilen 11-nji.
Gollar: Cristiano Ronaldo 3, Higuain, Varane, Benzema | Michu 2
Assistler: Kaka' 2, Özil 2, Ramos | Tamudo, Arribas
Sary kartlar: Di Maria, X. Alonso | Arribas, Movilla, Bangoura, Gimenez
Gyzyl kart: Di Maria

18.09.2011

Gyzyl köýnekçeli "Melek" 3 baly Levante berdi

La Liganyň 3-nji hepdesinde Real Madrid Levante bilen myhmançylykda oýnady. Oýnady diýýän welin kän bir oýnaba bilmedi. Meýdança Ronaldo we Mesut Özilsiz çykdy. Öziliň ýerinde Kaka', Ronaldoň ýerinde Coentrao, Coentraoň geçen hepdelerde oýnan ýerinde bolsa Khedira oýnady. Khedira üçin ýörite täze aksetire geçmeli. Oýunyň 8-nji minudynda derwezeban Munua topy elinden sypdyrdy, Benzema topy derwezä iberenem bolsa Pepeň offsidedadygy sebäpli gol hasap edilmedi. Kaka' birnäçe gezek amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi.
39-njy minutda Di Mariany ýykdylar, emma emin oýuny saklamady. Çempionlar Ligasynda gyzyl köýnekçesi bilen Madride 3 baly sowgat eden "Melek" Di Maria ýerinden turup topy alan oýunçyny örän gödek şekilde ýykdy. Şeýlelik bilenem meýdança futbol däl-de regbi meýdançasyna döndi. Mundan soňuny täze aksetirden dowam edeli. Khedira üçin ýörite aksetire geçmeli diýipdik.
We biziň "ezber" oýunçymyz, "megastarymyz" onuň aly hezreti jenap Sami Khedira ikinji sary kartyny alyp toparyny 10 adam galdyrdy. Janköýerlik edýän toparymdaky hiç bir oýunçyny ýigrenmeýärdim öňler. Bu häsiýetimem Khedira Madride gelensoň goýmaly boldum. Hudaýa şükür indiki hepde oýnanok.
Ikinji time Benzemaň ýerine oýuna giren Ronaldo birnäçe jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Oýun barada ýazyp Casillasyň Iborraň 30 metrden depen urgusyny saklandygyny aýtmasak bolmaz. Hem urgy, hem Casillasyň topy tutuşy owadandy.
68-nji minutda kontra ataka çykan Levantede Javi Venta sag tarapdan meýdançaň soňky çyzygyna çenli gidip topy Konä çykardy. Koni bolsa dürs urgy bilen toparyny 1-0 öňe geçirdi. We oýun şol hasap bilen gutardy.
Näme üçin Angel 3 baly Levante berdi diýdik, çaga hereketi bilen meýdançada uruş turuzdy, netijede özi ýaly kellesiz Khedira gyzyl aldy. Toparyň oýundan ünsi sowuldy we oýuna ünsi jemlemek olara oýunyň soňuna çenli başartmady. Uly toparlara garşy güýçli depginde taýýarlanýan hem-de bar ünsüni jemläp çyny bilen oýnaýan toparlara garşy ünssüzlik bolsa iň uly ýalňyşlyk. Şoňa meňzeş samsyk hereketi oýun gutaryp barýarka-da bolsa Marcelo-da edipdi.

Gol: Arouna Kone
Assist: Javier Rodriguez Venta
Sary kartlar: Javier Rodriguez Venta, Ballesteros, Xavi Torres, Iborra, Valdo, Pallardo, Ruben Suarez | Fabio Coentrao, Pepe, Angel Fabian Di Maria, Sami Khedira
Gyzyl kart: Sami Khedira

14.08.2011

Möwsümiň ilkinji El Clasicosynda ýeňiji ýok

Ispaniýa Super Kubogynyň birinji oýunynda Real Madrid Santiago Bernabeuda Barcelonany kabul etdi. Toparlar oýuna aşakdaky oýunçylar bilen başladylar.
REAL MADRID: Casillas, Ramos, Pepe, Carvalho, Marcelo, Khedira, Xabi Alonso, Di Maria, Özil, Ronaldo, Benzema. Gysgaça aýtsak 5-0 bolan El Clasicodaky oýunçylar.
BARCELONA: Valdes, Alves, Mascherano, Abidal, Adriano, Thiago, Keita, Iniesta, Alexis, Messi, Villa.
Emin: Fernando T. Vitienes.
Guardiola Justin Timberlake ýaly geýinipdiraý tüweleme :D
Oýunyň başyndan başlap Real Madridiň ortada sözi geçdi. Barcelona öwrenşen pasa daýanýan oýunyny oýunyň başynda kän görkezip bilmedi. Xaviň ýoklugy bildirdi. Madrid bolsa gyradan içeri galdyrylan toplar bilen amatly pursatlar döretdi. Mourinho Barcelonaň orta meýdançasyny ýokardan toplar bilen geçmäni planlaşdyran ýaly özä.
9-njy minutda Ronaldo çep tarapdan içeri galdyran topuny Benzema kelle bilen derwezä gönükdirdi, emma Valdes ussatlyk bilen çykardy.
13-nji minutda Di Mariaň öz meýdançasyndan Benzemaň öňüne oklan topuny Benzema jerime meýdançasyna girip Özile berdi. Özil derwezeban bilen bir bire çykyp topy derwezä gönükdirdi. Bu gol Öziliň Madrid formasy bilen Barcelona salan ilkinji goly.
Real Madrid hüjüm etjek bolup 5 gol iýmedi, 5 gol iýmejek bolup goragda ýatmady. Oýunyň ilkinji ýarym sagadynda ne Messi ne-de täze transfer Alexis özüni görkezip bilmedi. Ýuwaş ýuwaş Madridiňem bady ýatyp başlady. Hüjümleri seýrekleşdi.
Mourinhoň okuwçylary fiziki taýdan möwsüme taýýardygy bildirip dur. Ilkinji ýarym sagatda ikili çekeleşmeleň hemmesinde ýeňen tarap bolmagy başardylar.
32-nji minutda Mourinhoň näme üçin oýnadýanyna düşünmeýän adamym Sami Khedira Abidalyň ýüzüne depip sary kart aldy.
36-njy minutda David Villa Messiden alan topy bilen jerime meýdançasynyň burçundan aýagynyň içi bilen topy derwezäň burçuna ýelmedi (oýunyň iň owadan goly).
Şol pursatdan soň Messiňem aýagyna ýuwaş ýuwaş top gelip başlady. Barcelona erbet oýnap durka gol saldy, emma Messiň aýagyna top gelip başlansoň janlanyp başladylar.
43-nji minutda Xabi Alonsodan topy alan Benzema jerime meýdançasynda Valdes bilen bire bir galdy. Topy depen badyna bir ýerden uçup gelen Mascherano topyň derwezä gitmegine rugsat bermedi.
45-nji minutda ýene-de biziň gahrymanymyz Khediraň ýalňyşyndan peýdalanan Messi Casillasy awlady. Hasap 1-2. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, Khediraň Galatasaraydaky Mustafa Sarpdan kän bir tapawudam ýok.
Ikinji taýma iki toparam oýunçy çalyşman başlady.
Birinji taýmda salan gollary bilen keýpi köklän Barcelona-da paslaryny saýradyp başlady.
54-nji minutda Öziliň çepden galdyran kornerini Pepe Xabi Alonsa geçirdi. Alonso ýerden güýçli urga bilen hasaby deňledi, 2-2.
55-nji minutda Alexis sary kartoçka aldy.
56-njy minutda Madrid çepden galdyrdy, Valdes öňe çykypdy we Ramosyň süsen topy boş derwezä parallel geçdi.
Coentrao Di Mariaň ýerine oýuna girdi we giren badyna berlen 30 mln-a degýän oýunçydygyny görkezip başlady. Özümä birinji gezek görýän oýunyny, göwnüm ýetdi.
58-nji minutda Thiagoň ýerine Xabi oýuna girdi. Khediraň ýerine bolsa Callejon girdi.
Xaviň oýuna girmegi bilen kän bir üýtgän zat bolmady. Madrid ýene-de Barcelonaň derwezesinden gaýdanok.
60-njy minutda Adrianoň ýerine Pique girdi. Abidal çepe süýşdi.
63-nji minutda jerime meýdançasynyň ýakynynda Mascherano Coentraony ýykdy, Ronaldo üçin gowja ýer, ýöne Ronaldo salyp bilmedi. Top 10-15 sm ýokardan gitdi.
65-nji minutda Barcelonaň jerime meýdançasynda garma-gürmeligiň içinde Özil topy Ronaldo geçirdi. Ronaldoň gelişine depen topyny Valdes saklady.
67-nji minutda oýunyň başyndaky ýaly pursat gaýtalandy. Ýene-de çepden, emma bu gezek Ronaldo däl Özil içeri top galdyrdy. Benzemaň süsen topy ýene Valdese geldi.
73-nji minutda Villaň ýerine Pedro girdi.
78-nji minutda Xabi Alonso sary kartoçka aldy.
81-nji minutda Karim Benzemaň ýerine Higuain oýuna girdi.
84-nji minutda çepden Callejonyň galdyran topyny Valdes elinden sypdyrdy. Ronaldo ylgajak bolanda Valdes ýerde ýatan ýerinden eli bilen Ronaldoň aýagyna kakyp goýberdi. Emin penaltini bermän oýuny dowam etdirdi.
90+1-nji minutda Marcelo Alexisi epledi. Eminiňem ýadawlykdan gözi garaňkyrap ugrady öýdýän. Sary kartoçkany Coentrao berdi :D
90+3-nji minutda Alves Özili ýykdy we sary kartoçka aldy. Alvesiň egilen bolup gaçyp barşy ünsümi çekdi. Eminden bukuljak boldumyka :D
We oýun 2-2 gutardy. Jogap duşuşygy 17-nji Awgustda Camp Nouda geçiriler.

9.06.2011

Real Madrid 2011 - 2012 formasy

Ýuwaş-ýuwaş hemme futbol klublary täze möwsümde geýjek formalaryny tanadyp başladylar. Köpüsi geçen möwsümiň soňky oýunlaryna täze formalary bilen çykdy. Şol sanda Real Madridem täze formalaryny tanatdy. Formalary ýene "Adidas" ýasapdyr. Kän bir üýtgän zat ýok. Diňe gök çyzyklar ýerini altyn sarysy çyzyklara beripdir.
Kaka' indiki möwsüm bu formany geýmek nesip edermi etmezmi biljek däl welin gowy gelişipdir. Aý nä Kaka' haýsy forma gelişmez.
Geçen ýyl ýaşyl forma tanadylanda halamandym welin Casillasa gowja gelişipdi. Sary formaň öňündäki çyzyjagam gelişmändir diýýän şu wagta. Gözüm öwrenişensoň gowy diýerin belki.