Khedira etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Khedira etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
3.07.2012
18.09.2011
Gyzyl köýnekçeli "Melek" 3 baly Levante berdi
La Liganyň 3-nji hepdesinde Real Madrid Levante bilen myhmançylykda oýnady. Oýnady diýýän welin kän bir oýnaba bilmedi. Meýdança Ronaldo we Mesut Özilsiz çykdy. Öziliň ýerinde Kaka', Ronaldoň ýerinde Coentrao, Coentraoň geçen hepdelerde oýnan ýerinde bolsa Khedira oýnady. Khedira üçin ýörite täze aksetire geçmeli. Oýunyň 8-nji minudynda derwezeban Munua topy elinden sypdyrdy, Benzema topy derwezä iberenem bolsa Pepeň offsidedadygy sebäpli gol hasap edilmedi. Kaka' birnäçe gezek amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi.
39-njy minutda Di Mariany ýykdylar, emma emin oýuny saklamady. Çempionlar Ligasynda gyzyl köýnekçesi bilen Madride 3 baly sowgat eden "Melek" Di Maria ýerinden turup topy alan oýunçyny örän gödek şekilde ýykdy. Şeýlelik bilenem meýdança futbol däl-de regbi meýdançasyna döndi. Mundan soňuny täze aksetirden dowam edeli. Khedira üçin ýörite aksetire geçmeli diýipdik.
We biziň "ezber" oýunçymyz, "megastarymyz" onuň aly hezreti jenap Sami Khedira ikinji sary kartyny alyp toparyny 10 adam galdyrdy. Janköýerlik edýän toparymdaky hiç bir oýunçyny ýigrenmeýärdim öňler. Bu häsiýetimem Khedira Madride gelensoň goýmaly boldum. Hudaýa şükür indiki hepde oýnanok.
Ikinji time Benzemaň ýerine oýuna giren Ronaldo birnäçe jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Oýun barada ýazyp Casillasyň Iborraň 30 metrden depen urgusyny saklandygyny aýtmasak bolmaz. Hem urgy, hem Casillasyň topy tutuşy owadandy.
68-nji minutda kontra ataka çykan Levantede Javi Venta sag tarapdan meýdançaň soňky çyzygyna çenli gidip topy Konä çykardy. Koni bolsa dürs urgy bilen toparyny 1-0 öňe geçirdi. We oýun şol hasap bilen gutardy.
Näme üçin Angel 3 baly Levante berdi diýdik, çaga hereketi bilen meýdançada uruş turuzdy, netijede özi ýaly kellesiz Khedira gyzyl aldy. Toparyň oýundan ünsi sowuldy we oýuna ünsi jemlemek olara oýunyň soňuna çenli başartmady. Uly toparlara garşy güýçli depginde taýýarlanýan hem-de bar ünsüni jemläp çyny bilen oýnaýan toparlara garşy ünssüzlik bolsa iň uly ýalňyşlyk. Şoňa meňzeş samsyk hereketi oýun gutaryp barýarka-da bolsa Marcelo-da edipdi.
Gol: Arouna Kone
Assist: Javier Rodriguez Venta
Sary kartlar: Javier Rodriguez Venta, Ballesteros, Xavi Torres, Iborra, Valdo, Pallardo, Ruben Suarez | Fabio Coentrao, Pepe, Angel Fabian Di Maria, Sami Khedira
Gyzyl kart: Sami Khedira
17.08.2011
El Clásicoda 5 gol bar, futbol ýok
Kimler oýnady, kimler gol saldy kimler kart aldy ýaly gürrüňleri geçjek. Bir söz bilen aýtsam iki toparam futbol oýnamady. Esasanam ikinji taýmda oýun gaty köp saklandy. Her gödeklikden soň üýşmek nämä gerek? Her gezek razborka şeklinde çözjek bolsaň emin nämä gerek? Geçen ýylky El Clásicolarda-da şol bir ýagdaý. Belki geçen ýyl Madrid gödek oýnandyr, ýöne bu günki oýundaky gohlar gödeklik sebäpli däl. Soňky 7 El Clásicoň içinde iň hezili geçen oýundy. Iki toparam futbolyny oýnady, 2-2 hasap bilenem gaýtdylar.
Futbol diýdik, bir iki agyz futbol gepleşeli, Benzema Adebayor gelenden soň ýuwaş-ýuwaş özüne gelip başlapdy. Tomusky taýýarlyk oýunlarynda bolsa gollaryny ýagdyrdy we kellelerdäki ähli şübheleri ýok etdi. Emma geçen oýunda juda köp amatly pursatdan peýdalanyp bilmedik Benzema ýene-de pikirlendirdi. Bugünki oýunda-da şeýleräk başlady. Khediraň beren pasyny bilýänsiňiz. Ýöne Madridiň 2-nji goluny salyp hasaby deňlände Madridlilerde hemä oýuna bolan umyt döretdi, hem özüne bolan ynam döretdi.
Ýöne Madridiň geçen oýunda-da goýberen ýalňyşy, dowamlylyk ýok. Geçen oýunda ilkinji ýarym sagatda ortada top saklap bildiler. Paslaram gowudy, ýöne soňy gelmedi we 2 gol girdi. Bugünem hasap 2-nji gezek deňleşende Guardiola eýýäm goraga ýatyp başlapdy. Ýöne Messi Messi bolýar. Eýdýär beýdýär alyp çykýar. Elbetde beýlekileňem hakyny iýmäli, olar topar bolup gowy oýnaýarlar.Ýöne Marcelo Fabregasy ýykanda hemmesiniň üýşüp topalaň turuzmagy gaty utandyryjy ýagdaý. Özil ýaly "Meni urany Hudaý ursun" çagaňam gaharyny getirip gyzyl aldyrdylar :)
Garaz nesip etsin 74-nji kuboklary.
14.08.2011
Möwsümiň ilkinji El Clasicosynda ýeňiji ýok
Ispaniýa Super Kubogynyň birinji oýunynda Real Madrid Santiago Bernabeuda Barcelonany kabul etdi. Toparlar oýuna aşakdaky oýunçylar bilen başladylar.
REAL MADRID: Casillas, Ramos, Pepe, Carvalho, Marcelo, Khedira, Xabi Alonso, Di Maria, Özil, Ronaldo, Benzema. Gysgaça aýtsak 5-0 bolan El Clasicodaky oýunçylar.
BARCELONA: Valdes, Alves, Mascherano, Abidal, Adriano, Thiago, Keita, Iniesta, Alexis, Messi, Villa.
Emin: Fernando T. Vitienes.
Guardiola Justin Timberlake ýaly geýinipdiraý tüweleme :D
Oýunyň başyndan başlap Real Madridiň ortada sözi geçdi. Barcelona öwrenşen pasa daýanýan oýunyny oýunyň başynda kän görkezip bilmedi. Xaviň ýoklugy bildirdi. Madrid bolsa gyradan içeri galdyrylan toplar bilen amatly pursatlar döretdi. Mourinho Barcelonaň orta meýdançasyny ýokardan toplar bilen geçmäni planlaşdyran ýaly özä.
9-njy minutda Ronaldo çep tarapdan içeri galdyran topuny Benzema kelle bilen derwezä gönükdirdi, emma Valdes ussatlyk bilen çykardy.
13-nji minutda Di Mariaň öz meýdançasyndan Benzemaň öňüne oklan topuny Benzema jerime meýdançasyna girip Özile berdi. Özil derwezeban bilen bir bire çykyp topy derwezä gönükdirdi. Bu gol Öziliň Madrid formasy bilen Barcelona salan ilkinji goly.
Real Madrid hüjüm etjek bolup 5 gol iýmedi, 5 gol iýmejek bolup goragda ýatmady. Oýunyň ilkinji ýarym sagadynda ne Messi ne-de täze transfer Alexis özüni görkezip bilmedi. Ýuwaş ýuwaş Madridiňem bady ýatyp başlady. Hüjümleri seýrekleşdi.
Mourinhoň okuwçylary fiziki taýdan möwsüme taýýardygy bildirip dur. Ilkinji ýarym sagatda ikili çekeleşmeleň hemmesinde ýeňen tarap bolmagy başardylar.
32-nji minutda Mourinhoň näme üçin oýnadýanyna düşünmeýän adamym Sami Khedira Abidalyň ýüzüne depip sary kart aldy.
36-njy minutda David Villa Messiden alan topy bilen jerime meýdançasynyň burçundan aýagynyň içi bilen topy derwezäň burçuna ýelmedi (oýunyň iň owadan goly).
Şol pursatdan soň Messiňem aýagyna ýuwaş ýuwaş top gelip başlady. Barcelona erbet oýnap durka gol saldy, emma Messiň aýagyna top gelip başlansoň janlanyp başladylar.
43-nji minutda Xabi Alonsodan topy alan Benzema jerime meýdançasynda Valdes bilen bire bir galdy. Topy depen badyna bir ýerden uçup gelen Mascherano topyň derwezä gitmegine rugsat bermedi.
45-nji minutda ýene-de biziň gahrymanymyz Khediraň ýalňyşyndan peýdalanan Messi Casillasy awlady. Hasap 1-2. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, Khediraň Galatasaraydaky Mustafa Sarpdan kän bir tapawudam ýok.
Ikinji taýma iki toparam oýunçy çalyşman başlady.
Birinji taýmda salan gollary bilen keýpi köklän Barcelona-da paslaryny saýradyp başlady.
54-nji minutda Öziliň çepden galdyran kornerini Pepe Xabi Alonsa geçirdi. Alonso ýerden güýçli urga bilen hasaby deňledi, 2-2.
55-nji minutda Alexis sary kartoçka aldy.
56-njy minutda Madrid çepden galdyrdy, Valdes öňe çykypdy we Ramosyň süsen topy boş derwezä parallel geçdi.
Coentrao Di Mariaň ýerine oýuna girdi we giren badyna berlen 30 mln-a degýän oýunçydygyny görkezip başlady. Özümä birinji gezek görýän oýunyny, göwnüm ýetdi.
58-nji minutda Thiagoň ýerine Xabi oýuna girdi. Khediraň ýerine bolsa Callejon girdi.
Xaviň oýuna girmegi bilen kän bir üýtgän zat bolmady. Madrid ýene-de Barcelonaň derwezesinden gaýdanok.
60-njy minutda Adrianoň ýerine Pique girdi. Abidal çepe süýşdi.
63-nji minutda jerime meýdançasynyň ýakynynda Mascherano Coentraony ýykdy, Ronaldo üçin gowja ýer, ýöne Ronaldo salyp bilmedi. Top 10-15 sm ýokardan gitdi.
65-nji minutda Barcelonaň jerime meýdançasynda garma-gürmeligiň içinde Özil topy Ronaldo geçirdi. Ronaldoň gelişine depen topyny Valdes saklady.
67-nji minutda oýunyň başyndaky ýaly pursat gaýtalandy. Ýene-de çepden, emma bu gezek Ronaldo däl Özil içeri top galdyrdy. Benzemaň süsen topy ýene Valdese geldi.
73-nji minutda Villaň ýerine Pedro girdi.
78-nji minutda Xabi Alonso sary kartoçka aldy.
81-nji minutda Karim Benzemaň ýerine Higuain oýuna girdi.
84-nji minutda çepden Callejonyň galdyran topyny Valdes elinden sypdyrdy. Ronaldo ylgajak bolanda Valdes ýerde ýatan ýerinden eli bilen Ronaldoň aýagyna kakyp goýberdi. Emin penaltini bermän oýuny dowam etdirdi.
90+1-nji minutda Marcelo Alexisi epledi. Eminiňem ýadawlykdan gözi garaňkyrap ugrady öýdýän. Sary kartoçkany Coentrao berdi :D
90+3-nji minutda Alves Özili ýykdy we sary kartoçka aldy. Alvesiň egilen bolup gaçyp barşy ünsümi çekdi. Eminden bukuljak boldumyka :D
We oýun 2-2 gutardy. Jogap duşuşygy 17-nji Awgustda Camp Nouda geçiriler.
Kaydol:
Kayıtlar (Atom)




