Athletic Bilbao etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Athletic Bilbao etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

7.10.2014

Manita!

Ispanlar oýun 2-0 gutarsa "duble" diýýärler. 3-0-a "Üçlediler", 4-0-a "Poker" diýýärler, utan tarapyň dört tuz çykardygy bolýar. Eger 90 minudyň soňunda hasap 5-0 bolsa? "Chiranthodendron pentadactyllon". Gülleri adamyň eline meňzeýän bu agaja ispanlar "manita" diýýär. (aceto balsamico)

Real Madrid öz meýdançasynda düzüminde diňe basklylary oýnadýan Athletic Cluby kabul etdi we netije: Manita! BBC-niň tomaşa görkezen oýnunda Benzemanyň salan iki goly, La Liga geleli bäri Ronaldo iň köp goluň pasyny beren Bale-iň iki assisti we Ligada hat-trick sanyny 22-ä ýetirip, Zarranyň rekordyna şärik bolan Ronaldonyň üç goly... Pepe bolsa soňky golda CR7-ä 2010-11-den galan bir gol bergisini berdi.
Elbetde bu hasabyň sebäplerinden biri Athleticiň Atleti ýaly palçyk oýun däl-de çyny bilen futbol oýnamagy. Başga tarapdan bolsa garry möjek Carloň akyly. Biri Di Maria diýdimi? Geçen ýyl Özil gidende, bu ýyl bolsa argentinaly melek gidende paýtagly topar käbir kynçylyklary başdan geçirdi. Oýundan soňky hasaba, ýagny ýeňişe ýa-da ýeňlişe görä janköýerlik edýänler bolsa derrew hininden çykyp aglap başladylar. Ancelotti bolsa her gezek olary utandyryp işi ugrukdyrdy.
Ballon d'Or baýragynyň berilmegine bolsa ylaýyk 99 gün galdy. Garaşýarys. Ronaldoň muzeýinde üçünji Ballon d'Oryň ýeri taýýar...

22.09.2013

San Mames Barria

A. Bilbao öňki stadiony San Mamesde geçen ýyl iň soňky gezek Real Madridi kabul etdi, we stadion ýykyldy. Ýüz ýyllyk stadionyň ýerine 55.500 orunlyk San Mames Barria guruldy. On dört ýyl mundan ozal öňki San Mamesde ilkinji gezek Real Madridiň derwezesini goran Casillasa iň soňky oýunda Jose Mourinho sebäpli oýnamak nesip etmedi.
Täze stadion geçen hepde oýnalan A. Bilbao - Celta Vigo oýuny bilen açyldy. Athletic täze stadionyndaky ilkinji oýnuny 3-2 hasabynda utmagy başardy.
ÇEŞME: Aceto Balsamico

1.09.2013

Real Madrid 3-1 Athletic Bilbao

Real Madrid Ancelotti geleli bäri heniz ýekeje oýunam utulyp görenok. Sekiz sany ýoldaşlyk duşuşygy we üç sany resmi oýun. Mourinhoň oýnadýan hüjüm oýunyndan soň, topy 70% aýakda saklap 1-0 utmak içgysgynjrak.
Ýöne futbol kelläňi agyrtmaly däl, lezzet bermeli. Näme üçin biziň oýunçylarymyz indi öňki ýaly topy alan badyna hüjüm edenok? Näme üçin Mesut Özil däl-de Isco, Casillas däl-de Diego Lopez oýnaýar? Higuain näme üçin gitdi? Illara näme üçin geldi? Real Madrid 4-3-3 oýnamalymy, 4-4-2-mi, 4-2-3-1-mi, 4-3-2-1-mi diýen ýaly soraglara biz jogap bermeli däl. Meň pikirimçe biz, janköýerler bu zatlara kelläni agyrtmaly däl-de oýnalýan oýundan lezzet almaly. Futbolda utmagam bar, utulmagam. Bolsa bäş, bolmasa ýigrimi bäş.
Utýaň, şol oýunda golam salýaň, reportažlardan ýeneden sypyp ýadap öýüňe gelýäň welin nahar taýýarjak.