Coentrão etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Coentrão etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

3.07.2012

Sekiz Madridista "Çempionatyň Toparynda"

Düýn UEFA Euro 2012 Çempionatyň Topary belli boldy. Real Madridiň sekiz futbolçysy Çempionatyň Toparyna saýlandy: Casillas, Pepe, Sergio Ramos, Coentrão, Khedira, Xabi Alonso, Mesut Özil we Ronaldo.

28.02.2012

Concentrãomy?

Ronaldo, Fabio Coentrão barada bir zatlar soramak islän habarça Coentrão diýmegi öwretdi.

10.09.2011

La Liga (2-nji hepde)

Men özümä Real Madridiň janköýeri. La Ligadaky oýunlary görýän. Ondan başga-da Serie A hem-de Bundesligany habarlardan, bloglardan yzarlaýan. Premier League elbetde dünýäniň iň gowy ligasy, emma o diýen ünsüme çekenok. Indi elim degdiginden başga liga tomaşa edip, La Ligany blogdan çalak-çulak yzarlajaklar üçin ýazjak.
Real Sociedad Barcelona oýunyndan başlaly. Oýun Xavi, Fabregas, Agirretxe hem-de Griezmannyň gollary esasynda 2-2 gutardy. Barcelona-da Iniesta, Puyol, Villa, Messi ýaly oýunçylar ätiýaçda otyrdy. Meýdançada bolsa 32-nji minutda şikes ýeten Sanchez, Fontas dagylar bardy. Barcelona 10-njy, 12-nji minutlarda gol salyp arkaýynlaşan hem bolsa 59, 61-däki gollaryň öňüni alyp bilmedi. Munda Guardiolaň 3-4-3 taktikasynyň hem roly bar diýip pikir edýän. Esasanam goragda Fontas ýaly ýaş hem-de tejribesiz oýunçy barka. Ýene bir bellemeli zadam gola barýan topy eli bilen çykaran oýunça gyzyl kartoçka bermeli diýip bilýän. Emin bolsa Busquetse sary berip oňaýdy.
Villareal Sevilla-da 2-2 gutardy. 23-nji minutda Lopez jerime meýdançasynyň içinde Perrottini ýykyp gyzyl kartoçka aldy we oýundan çykdy. 24-nji minutda Negredo penaltini salyp bilmedi, emma derwezebandan yzyna gaýdan topy derwezä gönükdirmegi başardy. 34-nji minutda bolsa Navarro jerime meýdançasynda Rossini ýykdy we Rossi penaltiden goluny salyp hasaby 1-1 etdi. 72-nji minutda çep tarapda Marchenaň pasyny Ruben hasaby 2-1 etdi. 86-njy minutda Alexisiň süsen topy gol boldy. Hasap 2-2. Şeýlelikde iki topar hem balyny 4-e ýetirdi.
Madrid derbisinde Real Madrid Santiago Bernabueda Getafeni kabul etdi. Benzemaň 2 goly, Ronaldoň salan penaltisi, we oýuna soňundan giren Higuainiň salan gollary esasynda Madrid 4 gol saldy. Ýöne Mikuň salan 2 goluna-da böwet bolup bilmediler. Jose Coentraony başgarak ýerde oýnatmaly. Ýogsam berlen 30 million ýewro harama çykjak. Hem Coentrao hem-de goragyň öňi zaýalanjak. Goragyň öňüne Xabi Alonsoň ýeke özi ýetenok, Coentrao bolsa wezipesini doly ýerine ýetirip bilenok.
Gijäň iň soňky oýunynda Valencia bilen Atletico Madrid duşuşdy. Özüm Galatasarayyňam janköýeri bolamsoň bu oýun meň üçin has gyzyklydy. Valenciada Galatasaraydan giden Mehmet Topal, köneje Real Madridli Soldado hem-de Canales, Atleticoda Arda Turan, Reyes we Diego ýaly göwnüme ýaraýan oýunçylar bardy. Ýöne ikisem oýuna soňundan girdi. Ömrümde birinji gezek bir topara janköýerlik etmän, utmak üçin däl-de futbol görmek üçin, owadan oýundan lezzet almak üçin tomaşa etdim. Sebäbi iki toparyňam ýakynlygy şol bir dereje. Oýunyň birinji ýarymy Valenciaň üstünligi bilen geçdi, golam saldylar. Atletico bolsa ikinji time oýuna giren Arda, Diego ýaly oýunçylar bilen janlanyp başlady. Emma Arda-Diego-Reyes hem-de Portodan 40 milliona alynan Falcaodan ybarat hüjüm güýji topy 3 sütüniň arasyna iberip bilmedi.

14.08.2011

Möwsümiň ilkinji El Clasicosynda ýeňiji ýok

Ispaniýa Super Kubogynyň birinji oýunynda Real Madrid Santiago Bernabeuda Barcelonany kabul etdi. Toparlar oýuna aşakdaky oýunçylar bilen başladylar.
REAL MADRID: Casillas, Ramos, Pepe, Carvalho, Marcelo, Khedira, Xabi Alonso, Di Maria, Özil, Ronaldo, Benzema. Gysgaça aýtsak 5-0 bolan El Clasicodaky oýunçylar.
BARCELONA: Valdes, Alves, Mascherano, Abidal, Adriano, Thiago, Keita, Iniesta, Alexis, Messi, Villa.
Emin: Fernando T. Vitienes.
Guardiola Justin Timberlake ýaly geýinipdiraý tüweleme :D
Oýunyň başyndan başlap Real Madridiň ortada sözi geçdi. Barcelona öwrenşen pasa daýanýan oýunyny oýunyň başynda kän görkezip bilmedi. Xaviň ýoklugy bildirdi. Madrid bolsa gyradan içeri galdyrylan toplar bilen amatly pursatlar döretdi. Mourinho Barcelonaň orta meýdançasyny ýokardan toplar bilen geçmäni planlaşdyran ýaly özä.
9-njy minutda Ronaldo çep tarapdan içeri galdyran topuny Benzema kelle bilen derwezä gönükdirdi, emma Valdes ussatlyk bilen çykardy.
13-nji minutda Di Mariaň öz meýdançasyndan Benzemaň öňüne oklan topuny Benzema jerime meýdançasyna girip Özile berdi. Özil derwezeban bilen bir bire çykyp topy derwezä gönükdirdi. Bu gol Öziliň Madrid formasy bilen Barcelona salan ilkinji goly.
Real Madrid hüjüm etjek bolup 5 gol iýmedi, 5 gol iýmejek bolup goragda ýatmady. Oýunyň ilkinji ýarym sagadynda ne Messi ne-de täze transfer Alexis özüni görkezip bilmedi. Ýuwaş ýuwaş Madridiňem bady ýatyp başlady. Hüjümleri seýrekleşdi.
Mourinhoň okuwçylary fiziki taýdan möwsüme taýýardygy bildirip dur. Ilkinji ýarym sagatda ikili çekeleşmeleň hemmesinde ýeňen tarap bolmagy başardylar.
32-nji minutda Mourinhoň näme üçin oýnadýanyna düşünmeýän adamym Sami Khedira Abidalyň ýüzüne depip sary kart aldy.
36-njy minutda David Villa Messiden alan topy bilen jerime meýdançasynyň burçundan aýagynyň içi bilen topy derwezäň burçuna ýelmedi (oýunyň iň owadan goly).
Şol pursatdan soň Messiňem aýagyna ýuwaş ýuwaş top gelip başlady. Barcelona erbet oýnap durka gol saldy, emma Messiň aýagyna top gelip başlansoň janlanyp başladylar.
43-nji minutda Xabi Alonsodan topy alan Benzema jerime meýdançasynda Valdes bilen bire bir galdy. Topy depen badyna bir ýerden uçup gelen Mascherano topyň derwezä gitmegine rugsat bermedi.
45-nji minutda ýene-de biziň gahrymanymyz Khediraň ýalňyşyndan peýdalanan Messi Casillasy awlady. Hasap 1-2. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, Khediraň Galatasaraydaky Mustafa Sarpdan kän bir tapawudam ýok.
Ikinji taýma iki toparam oýunçy çalyşman başlady.
Birinji taýmda salan gollary bilen keýpi köklän Barcelona-da paslaryny saýradyp başlady.
54-nji minutda Öziliň çepden galdyran kornerini Pepe Xabi Alonsa geçirdi. Alonso ýerden güýçli urga bilen hasaby deňledi, 2-2.
55-nji minutda Alexis sary kartoçka aldy.
56-njy minutda Madrid çepden galdyrdy, Valdes öňe çykypdy we Ramosyň süsen topy boş derwezä parallel geçdi.
Coentrao Di Mariaň ýerine oýuna girdi we giren badyna berlen 30 mln-a degýän oýunçydygyny görkezip başlady. Özümä birinji gezek görýän oýunyny, göwnüm ýetdi.
58-nji minutda Thiagoň ýerine Xabi oýuna girdi. Khediraň ýerine bolsa Callejon girdi.
Xaviň oýuna girmegi bilen kän bir üýtgän zat bolmady. Madrid ýene-de Barcelonaň derwezesinden gaýdanok.
60-njy minutda Adrianoň ýerine Pique girdi. Abidal çepe süýşdi.
63-nji minutda jerime meýdançasynyň ýakynynda Mascherano Coentraony ýykdy, Ronaldo üçin gowja ýer, ýöne Ronaldo salyp bilmedi. Top 10-15 sm ýokardan gitdi.
65-nji minutda Barcelonaň jerime meýdançasynda garma-gürmeligiň içinde Özil topy Ronaldo geçirdi. Ronaldoň gelişine depen topyny Valdes saklady.
67-nji minutda oýunyň başyndaky ýaly pursat gaýtalandy. Ýene-de çepden, emma bu gezek Ronaldo däl Özil içeri top galdyrdy. Benzemaň süsen topy ýene Valdese geldi.
73-nji minutda Villaň ýerine Pedro girdi.
78-nji minutda Xabi Alonso sary kartoçka aldy.
81-nji minutda Karim Benzemaň ýerine Higuain oýuna girdi.
84-nji minutda çepden Callejonyň galdyran topyny Valdes elinden sypdyrdy. Ronaldo ylgajak bolanda Valdes ýerde ýatan ýerinden eli bilen Ronaldoň aýagyna kakyp goýberdi. Emin penaltini bermän oýuny dowam etdirdi.
90+1-nji minutda Marcelo Alexisi epledi. Eminiňem ýadawlykdan gözi garaňkyrap ugrady öýdýän. Sary kartoçkany Coentrao berdi :D
90+3-nji minutda Alves Özili ýykdy we sary kartoçka aldy. Alvesiň egilen bolup gaçyp barşy ünsümi çekdi. Eminden bukuljak boldumyka :D
We oýun 2-2 gutardy. Jogap duşuşygy 17-nji Awgustda Camp Nouda geçiriler.