Real Madridiň täze formasy etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Real Madridiň täze formasy etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
25.07.2013
11.07.2013
Real Madrid formasy 2013-2014
Real Madrid öňümizdäki möwsümde geýjek köýnekçeleriniň reklamasynda Marcelo, Khedira, Di María, Varane we Coentrão oýnady. Reklama şu çelgiden tomaşa edip bilersiňiz.
20.12.2012
Real Madrid formasy 2013-14
Ýewropada güýçli klublaryň köpüsiniň forma sponsory Fly Emirates Real Madrid bilenem şertnama baglaşdy. 2013-2014 sezonundan başlap toparymyzyň forma sponsory Fly Emirates bolar. Real Madrid Awstriýaly şereket Bwinden soň, Fly Emirates bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama bahasy 22 mln ýewro. Bwin, 2007-nji ýylda Benq Siemensden soň gelipdi.
Real Madridiň indiki möwsüm geýjek formasy şuňa meňzeş bolmagy mümkin.
Portugaliýaly Howaýollary şereketi TAP Portugalyň hem 27 mln ýewro hödürländigi barada myş-myşlar bar. Portugaliýaly şerekediň teklibi kabul edilen ýagdaýynda bolsa forma şeýleräk bolar.
8.05.2012
9.06.2011
Real Madrid 2011 - 2012 formasy
Ýuwaş-ýuwaş hemme futbol klublary täze möwsümde geýjek formalaryny tanadyp başladylar. Köpüsi geçen möwsümiň soňky oýunlaryna täze formalary bilen çykdy. Şol sanda Real Madridem täze formalaryny tanatdy. Formalary ýene "Adidas" ýasapdyr. Kän bir üýtgän zat ýok. Diňe gök çyzyklar ýerini altyn sarysy çyzyklara beripdir.
Kaka' indiki möwsüm bu formany geýmek nesip edermi etmezmi biljek däl welin gowy gelişipdir. Aý nä Kaka' haýsy forma gelişmez.
Geçen ýyl ýaşyl forma tanadylanda halamandym welin Casillasa gowja gelişipdi. Sary formaň öňündäki çyzyjagam gelişmändir diýýän şu wagta. Gözüm öwrenişensoň gowy diýerin belki.
Kaydol:
Kayıtlar (Atom)












