Kaka' etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Kaka' etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

20.12.2012

Oýunjaksyz çaga galmasyn

Fundación Realmadridiň geçiren "Oýunjaksyz çaga galmasyn" dabarasynda Pepeniň  bir çaga sowgat beren oýny
CR7: Pepe dur how, näme edýäň? Ol heniz çaga ahyryn.
Pepe: Näme how öwrenişsindä, durmuşy öwrensin.
Kaka': Kamera düşürýärlereý Pepe.
Pepe: Aslynda 13 ýaşyndan kiçi çagalara oýnamak bolanok eken. Oýuny öndüren şerekede jaň edip 7-ä düşürtdim, arkaýyn bolsana.
CR7: Laptop saptop beräýmeli ekeniňdä iň bolmanda.
Pepe: Aramyzda iň baýymyz senä, sen beräýmeli ekeniňdä.

29.01.2012

We Madrid 7 bal öňde

Real Madridde ýagdaý öwerlik däl. Mourinho bilen Ramos gohlaşdy diýýärdiler. 2-2-lik Barcelona oýunynda Ramos gyzyl alyp çykyp barýarka Mourinho bilen näme gepleşdi biljek däl ýöne aralary düzelen ýaly.
Mourinho 2-2-lik Barcelona oýunyndan soň emine garaşyp durka

Carvalhoň şikesliligi sebäpli ep-esli wagt aradan soň gaýdyp gelmegi Real Madrid goragyny güýçlendirdi. Sag gyrada Ramosyň ýerine Hamit kän ýalňyşman oýnady. Türgenleşiklerde jan edip taýýarlanýan Granero-da meýdançadady. Soňky iki oýunda bolşy ýaly Mesut bilen Kaka' bile oýnady. Kaka' Milandaky oýunyndan çalaja dadyrýar, goragçylaryň arasynda göýä tans edýär.
Real Madrid janköýeri üçin El Clasico hemme kubokdan möhüm. Munam geçen hepde Barcelona garşy gaty erbet oýnan Higuain oýuna girende janköýerleriň "uuu" seslerinden aňmak bolýar. 
Ronaldo-da 3-1 gutaran El Clasicoda erbet oýnany üçin janköýerler tarapyndan tankytlanýardy. Ronaldo bolsa janköýerlere Malaga salan golundan soň begenmän jogap berdi. Mallorca oýunyndan bäri bolsa henize bugüne çenli görlüp eşidilmedik yhlas bilen oýnaýar. Öňler aýagyna top gelýänçä öňde garaşýan Ronaldo indi goraga kömek edýär.
Mourinho 3 oýunçysynam çalşansoň Marceloň aýagyna şikes ýetdi. Köplenç şeýle ýagdaý şikes ýeten oýunçy çykýar we topar 10 adam galýar. Düýn bolsa beýle bolmady. Marceloň ýerine Callejon geçdi, Marcelo bolsa ortalarda ýöräp gezdi.
Lass oýuna girjek bolanda köpler Xabi Alonsoň ýerine girýändirem öýden däldir. Xabi Alonso oýundan çykansoň näme üçindir göni çalşyrynma otagyna gitdi. Madridde nämeler bolýar düşünmek kyn.
Netijede Real Madrid Lafitaň goly bilen 1-0 yza düşenem bolsa Kaka', Ronaldo hem-de Öziliň gollary bilen 3 baly aldy.
Barcelona bolsa Villareal bilen deňme-deň oýnady. Madrid indi 7 bal öňde.
Gollar: Lafita 11' - Kaka' 32', Ronaldo 49', Özil 56'
Sary kartlar: J. Paredes 26', Ronaldo 63'

25.09.2011

"Melek" ýene gyzyl

Oýundan öň utjagymyzy 100% bilýärdim. Aý näme-de bolsa Rayo Vallecano liga täze gelen topar, üstesine-de  oýun Bernabeuda. Madridiň 11-i ekrana gelende Varane bilen Albioly görüp 2-0 gutarar diýip pikir etdim. Soň Vallecanoň 11-i ekrana gelende ýekeje tanaýan adym Tamudony gördüm. Aý ýok, olarama bir gol salyp galar diýdim :D
Ýanymda oglanlaň biri Stoke MU-ny görüp otyrdy. Menem käwagt gözümi oňa aýlap oturşyma oýun başlapdyr, hasabam 1-0 o.O Heniz 18-nji sekundda Vallecano 1-0 öňe geçip otyrdy. Liga geleniň ýaňy, Bernabeuda heniz 18-nji sekundda 1-0 öňe geçýäň. Betmi? Lassyň yza berjek bolan pasyny Tamudo alyp 35 metre golaý uzakdan depdi. Casillasdan gaýdan topy bolsa Michu derwezä gönükdirdi. 1-0. Bir tarapdan gowam boldy. Madridiň oýunçylaryna indi ukydan açylmaly wagtyň gelendigini ýatlatdylar. Mourinhoda Lassy çykaryp Özili saldy. Howa sowaýar öýdýän ýuwaş-ýuwaş, Mourinho köýneginiň üstünden ýeňsizjik geýipdir. Ony aýtsaň Ferguson kurtka geýipdirä :D 
Şondan soň Madrid çyny bilen Vallecanony heläk edip başlady. Bir Lass çykanam bolsa meýdançada ýene bir Lass bardy. Top hernäçe Madridiň aýagynda bolsa-da Vallecanoly Lassyň aýagyna top gelende amatly pursatlar döredýärdi.
Lassyň ýerine Özil girdi diýipdik, sebäbi Öziliň ýerine Kaka' başlapdy. Tüweleme, Milandaky günlerini ýatlatdy özä, oýuny netije-de berdi. 39-nji minutda Ronaldoň salan golunyň assisti Kaka'dan. Birinji ýarymyň goşmaça wagtlarynda bolsa Madrid öňe geçdi. Jerime meýdançasynyň öňüne X. Alonsoň depen jerime urgusyny Ramos kellesi bilen Higuaine geçirdi. Higuainem topy boş derwezä gönükdirip hasaby 2-1 etdi.
Şu ýerde ýene bir belläsim gelýän zadam ilki topuň başyna Ronaldoň geçmegi. Ronaldo topuň başyna geçende diňe derwezeban birzatlar edip bilýär. Beýleki 20 adam diňe synlaýar, Ronaldo depýär, ýa daşyna, ýa-da gol. Diwara degýän ýa-da derwezebana gelýän wagtlaram bolýar welin barmak basyp sanaýmaly. Diýjek bolýanym Ronaldoň topuň başyna geçmegi bilen goragçylar biraz arkaýynlaşdylar, topy bolsa Alonso depdi, Ramosyň kellesi bilen derwezebanyň arkasyna oklan topuny boş derwezä salmak üçin iki Madridli garaşyp durdy.
Ikinji ýarymda-da çekeleşikli oýun dowam etdi. 50-nji minutda jerime meýdançasynyň içinde Movilla Kaka'ny ýykdy, Ronaldo penalti goly bilen hasaby 3-1 etdi.
55-nji minutda Vallecanoň burçdan oýuna girizen topuny Michu derwezä iberdi. Casillasyň içerden çykaran topuny emin ilki gol diýip hasap etmedi. Ýarym minut ýaly soň goldugyny kabul etdi. Top tor bilen gujaklaşmasa-da hasap 3-2.
Şondan bir minut soň bolsa Angel Di Maria topy eli bilen saklany üçin ikinji sarysyny aldy we Madridi 10 adam goýdy.
67-nji minutda Öziliň burçdan oýuna girizen topuny 18 ýaşly Varane üýtgeşijek urgy bilen derwezä gönükdirdi. 4-2. 5-nji minutda-da Di Mariaň pasyna kelle süsüpdi, azajyk ýokardan gidipdi. 1-2 ýyldan Carvalhoň ýerini alar. 73-nji minutda ýene-de Özil Higuainiň ýerine oýuna giren Benzema pas berdi, Benzema nokady goýdy 5-2. 83-nji minutda jerime maýdançasynda Ronaldony ýykan Gimenez sary kart aldy. Ronaldo bolsa hat-trick etdi, 6-2.
Şeýlelikde Real Madrid 10 bal bilen 4-nji, Rayo Vallecano bolsa 5 bal bilen 11-nji.
Gollar: Cristiano Ronaldo 3, Higuain, Varane, Benzema | Michu 2
Assistler: Kaka' 2, Özil 2, Ramos | Tamudo, Arribas
Sary kartlar: Di Maria, X. Alonso | Arribas, Movilla, Bangoura, Gimenez
Gyzyl kart: Di Maria

9.06.2011

Real Madrid 2011 - 2012 formasy

Ýuwaş-ýuwaş hemme futbol klublary täze möwsümde geýjek formalaryny tanadyp başladylar. Köpüsi geçen möwsümiň soňky oýunlaryna täze formalary bilen çykdy. Şol sanda Real Madridem täze formalaryny tanatdy. Formalary ýene "Adidas" ýasapdyr. Kän bir üýtgän zat ýok. Diňe gök çyzyklar ýerini altyn sarysy çyzyklara beripdir.
Kaka' indiki möwsüm bu formany geýmek nesip edermi etmezmi biljek däl welin gowy gelişipdir. Aý nä Kaka' haýsy forma gelişmez.
Geçen ýyl ýaşyl forma tanadylanda halamandym welin Casillasa gowja gelişipdi. Sary formaň öňündäki çyzyjagam gelişmändir diýýän şu wagta. Gözüm öwrenişensoň gowy diýerin belki.