Real Madrid etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Real Madrid etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

7.10.2014

Manita!

Ispanlar oýun 2-0 gutarsa "duble" diýýärler. 3-0-a "Üçlediler", 4-0-a "Poker" diýýärler, utan tarapyň dört tuz çykardygy bolýar. Eger 90 minudyň soňunda hasap 5-0 bolsa? "Chiranthodendron pentadactyllon". Gülleri adamyň eline meňzeýän bu agaja ispanlar "manita" diýýär. (aceto balsamico)

Real Madrid öz meýdançasynda düzüminde diňe basklylary oýnadýan Athletic Cluby kabul etdi we netije: Manita! BBC-niň tomaşa görkezen oýnunda Benzemanyň salan iki goly, La Liga geleli bäri Ronaldo iň köp goluň pasyny beren Bale-iň iki assisti we Ligada hat-trick sanyny 22-ä ýetirip, Zarranyň rekordyna şärik bolan Ronaldonyň üç goly... Pepe bolsa soňky golda CR7-ä 2010-11-den galan bir gol bergisini berdi.
Elbetde bu hasabyň sebäplerinden biri Athleticiň Atleti ýaly palçyk oýun däl-de çyny bilen futbol oýnamagy. Başga tarapdan bolsa garry möjek Carloň akyly. Biri Di Maria diýdimi? Geçen ýyl Özil gidende, bu ýyl bolsa argentinaly melek gidende paýtagly topar käbir kynçylyklary başdan geçirdi. Oýundan soňky hasaba, ýagny ýeňişe ýa-da ýeňlişe görä janköýerlik edýänler bolsa derrew hininden çykyp aglap başladylar. Ancelotti bolsa her gezek olary utandyryp işi ugrukdyrdy.
Ballon d'Or baýragynyň berilmegine bolsa ylaýyk 99 gün galdy. Garaşýarys. Ronaldoň muzeýinde üçünji Ballon d'Oryň ýeri taýýar...

26.09.2014

CR7 we hat-trickleri

Cristiano Ronaldo Real Madride geleli bäri 25-nji gezek hat-trick etdi. Bulardan 21-i La Ligada bolup, 22 hat-trickli Di Stefano we Zarradan soň üçünji ýerde.
1 - Onuň ilkinji hat-tricki 2010-njy ýylyň 5-nji maýynda Mallorca bilen oýnalan oýunda. Ronaldo şol oýunda üç gol salypdy. Myhmançylykda oýnalan oýun 1-4 hasabynda Real Madridiň peýdasyna tamamlanypdy.

2 - Real Madrid 6-1 Racing Santander. Ronaldo 4 gol. 23.10.2010.

3 - Real Madrid 5-1 Athletic Bilbao. 3 gol. 20.11.2010.

4 - Real Madrid 8-0 Levante. 3 gol. 22.12.2010.

5 - Real Madrid 4-2 Villareal. 3 gol. 09.01.2011.

6 - Real Madrid 7-0 Malaga. 3 gol. 03.03.2011.

7 - Sevilla 2-6 Real Madrid. 4 gol. 07.05.2011.

8 - Real Madrid 4-0 Getafe. 3 gol. 10.05.2011.

9 - Zaragoza 0-6 Real Madrid. 3 gol. 28.08.2011.

10 - Real Madrid 6-2 Rayo Vallecano. 3 gol. 24.09.2011.

11 - Malaga 0-4 Real Madrid. 3 gol. 22.10.2011.

12 - Real Madrid 7-1 Osasuna. 3 gol. 06,11,2011,

13 - Sevilla 2-6 Real Madrid. 3 gol. 17.12.2011.

14  - Real Madrid 4-2 Levante. 3 gol. 12.02.2012.

15 - Atletico Madtid 1-4 Real Madrid. 3 gol. 11.04.2011

16 - Real Madrid 5-1 Deportivo. 3 gol. 30.09.2012.

17 - Ajax 1-4 Real Madrid. 3 gol. 03.10.2012.

18 - Real Madrid 4-0 Celta de Vigo. 3 gol. 09.01.2013.

19 - Real Madrid 4-0 Getafe. 3 gol. 27.01.2013.

20 - Real Madrid 4-1 Sevilla. 3 gol. 09.02.2013

21 - Galatasaray 1-6 Real Madrid, 3 gol. 17.09.2013.

22 - Real Madrid 7-3 Sevilla. 3 gol. 30.10.2013.

23 - Real Madrid 5-1 Real Sociedad. 3 gol. 09.11.2013

24 - Deportivo 2-8 Real Madrid. 3 gol. 20.09.2014.

25 - Real Madrid 5-1 Elche. 4 gol. 23.09.2014.

24.09.2014

Casillas ýene ätiýaçda

Real Madridiň Elcheni 5-1 utan oýnunda kapitan Iker Casillasyň ätiýaçda oturmagy, soňky döwür metbugatda peýda bolan "Casillas-Arsenal" habarlaryny ýene bir ýola gozgady. Meň şahsy pikirim bu oýunda derwezäni Navasyň goramagy, bütin bir möwsüm boýunça hemme oýunlarda onuň esasy düzümde oýnajagyny aňlatmaýar. Sebäbi bu oýunda Benzema, Modriç, Pepe ýaly oýunçylar ätiýaçda, Illara, Isco, Varane ýaly oýunçylar bolsa esasy düzümdedi. Tälimçi Carlo Ancelottiniň derwezäni kime berjekdigine göz ýetirmek üçin ýene garaşmaly bolýarys.
Meň şahsy pikirim, Arsenal Szczesnyň üstüne Ospinany hem alansoň Casillasyň Wengeriň toparyna geçmegi mümkin däl. Islegim bolsa elbetde mümkin bolmazlygy. On bäş ýylda 478 oýunda Madridiň derwezesini goran derwezebanyň futboly Real Madridde taşlamagyny janköýerleriň köpüsi isleýändir. Emma her bir islegiň berjaý bolup durmaýanlygy hem hemmämize mälim. Kabul edeliň, Real Madridde futboly taşlamak aňsat däl. Düýn Xabi Alonso, bugün Casillas, ertir Ronaldo... Ýa Zidane ýaly ir diýip boljak ýaşda ftuboly taşlamaly, ýa-da özüňe başga bir topar gözlemeli.
Oýun barada-da kelam agyz söz aýtsak Madridiň 5-1 utanyna aldanmaly däl. Elche bilen öňem alty gezek oýnap, altysyny hem utupdy. Çempion bolnup bolunmajagyny El Clasicolar belli eder. Madrid bu hüjümçileri bilen möwsümiň soňunda gol rekordyny täzeläp ikinji bolmagam mümkin. Esasy zat Barça, Atleti, Valencia, Sevilla... ýaly toparlary utmaly, emma kynrak bolup biler. 
Eminler hemişekisi ýaly, hamala satyn alnan prawa bilen maşyn sürýärler. Üç penaltiň üçüsem penalti däldi, Marcelo gyzyl bermelidi, sary berdi we ş.m.

17.09.2014

On birinji çempionlyk üçin - başlangyç

Dünýädäki iň gyzykly futbol şüweleňleriniň biri UEFA Çempionlar Ligasy düýn agşam geçirilen duşuşyklar bilen başlady. Soňky çempion öz meýdançasynda Şweýsariýanyň Baselini kabul edip, 5-1 hasabynda üstün çykdy.

Oýunda janköýerler Iker Casillasa bolan nägileliklerini sykylykdyr goh-galmagal bilen bildirdiler. Bu ýagdaý Atletico Madrid bilen oýnalan oýunda-da gaýtalanypdy. Pepe bolsa oýundan soň: "Janköýerleriň Casillasa sygyranlaryny eşitmedim, ýöne eden bolsa dogry edipdirler, olar mydama mamla" diýipdi. Bu oýundan soň bolsa Ramos: "Sykylyklar? Janköýerlerimize har ýagdaýda düşünjek bolmaly. Utulan günümiz öýlerine nähili erbet ýagdaýda gaýdýandyklaryny bilýäris" diýdi. Ikisi hem janköýerleriň göwnüni görmek üçin düzülen sözlemler. Ancelotti bolsa gönüläp o tema barada hiç zat geplemejekdigini aýtdy.
Ancelottiniň derwezebanyna arka çykmagyna-da düşünmek kyn däl. Casillas onuň üçin diňe bir derwezeban däl. Nägilelik bildirilýän adam ýöne-möne adam däl. Ençe ýyllap Real Madridiň derwezesini goran, ummasyz toplaryň derwezä girmesiniň öňüni alan, alyp bolaýjak hemme kubogy alyp gören, kapitan. Kapitan diýmek ýöne bir çignine mata daňylan adam diýmek däl. Şol matany çigne daňmak üçin Real Madrid beýlede dursun, haýsy toparda oýnaýaňda-da köp tamdyr çörek iýmeli.
Wenger bu barada:
"Kapitan, sada dil bilen aýtsak tälimçiniň habarçysydyr. Toparyň kapitany bilen tälimçisiniň arasynyň gowy bolmagy, hem topary hem tälimçini güýçlendirýär. Bu gatnaşyk erbetleşse topar hem erbetleşer, sebäbi bir topar üçin iki liderden iki aýry habar almak ýaly erbet zat ýokdur. Şol sebäpli-de tälimçiniň wagtyny kapitan bilen birlikde geçirmeginiň gaty möhüm zatdygyna ynanýaryn. Biz kapitan bilen toparyň nämä mätäçdigi, çalşyrynma otagynda haýsydyr bir näsazlygyň barlygy ýa-da ýoklugy barada gepleşýäris. Size hemme zady gürrüň bermegi hökman däl, barybir gürrüň bermezem. Çalşyrynma otagyna degişli käbir zatlary gürrüň bermek islemeýärler we men muňa düşünýärin. Şonda-da biri-birimize ynam bolmaly we bu kyn möwsüme bilelikde başlan ýagdaýyňda emele gelýär. Bu özara gatnaşyk, yzly-yzyna alty oýunda utulmak bilen iki ýa-da üç oýunda utulmagyň arasyndaky tapawudy kesgitleýär. Bu raýdaşlyk bilen bu ýagdaýyň bilelikde hötdesinden gelýärler" diýýär. Şu nukdaýnazardan seretsek Ancelottiniň Mourinhodan tapawutlydygyny aýdyp bileris. Näme-de bolsa "The Special One" Casillas bilen kän oňuşanokdy. Ýa-da iň bolmanda günde-günaşa şonýaly habarlar çykýardy. Dek düýnem Ronaldonyň James bilen türgenleşmek islemeýändigi barada habar çykdy. Habaryň ýazylmagyna sebäp bolan şu videoda Ronaldo toparlaryň oýunçy sanynyň deň bolmagy üçin Jamesi beýleki topara ugradýar. Ronaldonyň barmaklaryna ünsli seretseňiz iki toparyň hem oýunçy sanyny sanaýandygy belli bolýar.
Öňem belläp geçipdim: "Aslynda toparlaryň içindäki meseleler mydama-da bolýar, emma eger oýunlary utýan bolsalar metbugat bu barada ýazmaýar. Haçan-da erbet oýnap başlasaňyz çörek pul üçin hemme zady etmäge taýyn metbugatam özleriçe sebäp gözläp başlaýarlar. Elbetde birgiden sebäp ýazylýar, käbirleri aslynda dogry bolmasa-da bolup biläýjek zat bolansoň ynanylýar, käbir ýazylýan zatlara ynanmak üçin bolsa düýn doglup, şu gün futbol görüp başlan adam bolmak gerek".
Real Madrid möwsüme elbetde erbet başlady. Şu we şuňa meňzeş habarlar elbetde çykar. Ýalňyş adamlaryň satylyp, ýalňyş adamlaryň alnandygy barada, toparyň içindäki agzalalyk barada we ş.m. Ýöne işler ugrugyp ugransoň (ugruksa) welin ne beýle habar ýazarlar, ne-de beýle habary okan adam tapylar.

31.01.2014

Santiago Bernabeu stadiony giňeldiler

Öýümiz Santiago Bernabeu satdionynyň durky täzelenýär. Şu tomus başlajak proekti üç ýylda gutarmagy gözöňünde tutýarlar. On bäş minutda üsti tutuşlygyna açylyp-ýapylyp biljek stadionda 200 adamlyk myhmanhana, 600 ulaglyk ýerasty park ýeri, söwda merkezi, muzeý we 360 gradus scoreboard bolar. Hem-de oturgyçlaryň sany 10.000 köpeldilip, 95.000-e ýetirler. Proektiň bahasy 400 million ýewro. Real Madridiň ýolbaşçylary bu mukdaryň ýarysyny stadionyň adyny satyp gazanmagy gözöňünde tutýar. Emma Ispaniýa metbugatynyň habar bermegine görä heniz ýylda bäş million ýewrodan ýokary teklip edilmedi.










3.10.2013

Real Madrid 4 - 0 København

Iki toparam ligadaky iň soňky oýnunda utulypdy, Real Madrid soňky 14 ýyl bäri Santiago Bernabeuda utup görmedik Atletico Madridden, Kopengagen bolsa myhmançylykda Brondbyden 3-2 hasabynda asgyn gelipdi. Kopengageniň düzüminde hiç-hili şikes ýeten ýa-da jezaly oýunçy ýokdy, şonuň üçinem olar iň güýçli 11 oýunçysy bilen meýdança çykdylar diýsek ýalňyş bolmaz. Real Madridde bolsa Gareth Bale we Xabi Alonso ýokdy.
91 million ýewro satyn alnan Gareth Bale geleli bäri ibaly oýun oýnap bilmedi. Doktorlar Atletico Madrid bilen oýnaljak oýundan öň şikes ýeten Uelsli oýunçynyň, Tottenhamdan Madride geçip-geçmejegi belli bolýança aşa stresden ejir çekendigini, şikesleriň hem hut şu sebäpli ýetýänligini aýdýarlar. Iň bärkisi ýönekeýje ekzamene girmänkäňiz içiň sanjylaberýändir, ýöne aňry gitse iki sagatdan ekzamenem hemme zadam dynýar. Emma Bale Londondan Madride gelmek üçin 2-3 aý garaşmaly boldy.
Meni bugünem satmandyrlar.
Oýuna tomaşa etmedikler bu ýazgyny okaýandyra öýdemok, ýöne adamçylyk, görmedikleriňiz bar bolsa Ronaldoň ikinji golunda Di Mariaň beren pasyny hökman görüň. 
Onuň düýn agşamky oýnan oýnuny gözöňünde tutsak Bale bu ýakynda esasy düzümde oýnamaz diýip pikir etse bolar. Iki gol we bir assist. Emma futbolyň ýazylmadyk kanunlary bolýar, 91 million berlen oýunçyny ätiýaçda oturtmaga ne tälimçi het eder, ne-de janköýerler sabyr edip onuň oýnamagyna garaşar. Şu nukdaý nazardan eger-de Bale fiziki taýdan taýýar ýagdaýa gelse, her hepde esasy düzümde oýnap başlar. Carlo-da onuň fiziki taýdan taýýar ýagdaýa gelmegi üçin iki hepde topardan aýratyn ýöriteleşdirilen türgenleşik geçirjekdigini aýtdy.
Tomusky tranfer möwsüminde birnäçe klub Di Mariany satyn almak üçin döwtalap boldy. Di Maria bolsa Real Madridde galmak isleýändigini aýtdy, Florentino Perezem arkasynda durdy we satmady. Aslynda onuň galmagynda Ronaldonyňam eli bar. Di Maria gyzynyň ýaramaýandygyny we Madrid şäherinde bejergi alýandygyny, şol sebäpli hem hiç ýerik gitmek islemeýändigini aýdypdy. Galmagynyň ýene bir sebäbiniňem, başga bir toparda oýnaýan futbolçy dostlaryndan biri bilen gepleşende "Seň aklyňy ýitirdiňmi, ilä Madride ýetip bilenok, sen bolsa gitmek barada oýlanýarsyň. Beýle zatlary kelläňe-de getirme, şol ýerde gal we futbol oýnamaga dowam et" diýendigini aýdypdy. Toparda galmagy üçin gidip Perez bilen gepleşendigi üçinem Ronaldo minnetdarlyk bildiripdi.
Biri esasy düzümde oýnamak üçin bäsleşikden gorkup Arsenala geçýär, beýlekisi 91 millionlyk Bale bilen bäsleşmekden gorkanok. Herkimiň öz pikiri bar, biz ikisine-de hormat goýýarys.
Jose Mourinho döwründe burçdan oýna girizilen we gyradan orta galdyrylan toplar biziň toparymyz üçin mydama-da howply bolup durýardy. Onuň üç ýyl boýunça çözüp bilmedik meselesi ahyry Diego Lopezi alansoň çözülipdi. Lopez topy oýuna girizmekde bolşy ýaly, gyradan gelýän toplary sowmakda-da Ikerden birnäçe ädim öňde. Hut düýnki oýunda-da 40-njy minutda şu mesele ýene gaýtalandy. Burçdan oýna girizilen topy kelle bilen derwezä gönükdiren Jorgensen we Kopenhag üçin şowsuz pursatdy, top sütüne degip gol bolmady. Bütin oýun boýunça Casillas diňe iki gezek göründi, biri 40-njy minutda urmaly topuny sypdyran pursady, ikinjisi bolsa 90-njy minutda hasabyň 4-1 bolmagynyň öňüni alan pursady.
Marceloň oýnap başlamagy hem Real Madrid üçin gowy habar. Oýuna çep tarapdan tizlik gazandyrýan we hüjümçileriň hemmesi ýapyk wagty pas berip boljak ynamdar oýunçy. Oýun sag tarapa dykylyp başlasa topy Marcelo okla we derwezäň öňüne ylgaber. Ol eýýäm saňa golluk pas bermäne taýýardyr. Netijede Oýunyň birinji goly hem şeýle salyndy.

Real Madridiň geçen ýyly kuboksyz geçirmeginiňem gözbaşynda Marcelo durýar diýip pikir edýän. Ilki Marcelo şikes ýetende Coentrao-da jezaly bolany üçin goragyň çep gyrasynda Essien we Arbeloa oýnady. Başda 1-2 oýunda şu sebäpli utulansoň, toparyň içindäki meseleler gozgaldy. Aslynda toparlaryň içindäki meseleler mydama-da bolýar, emma eger oýunlary utýan bolsalar metbugat bu barada ýazmaýar. Haçan-da erbet oýnap başlasaňyz çörek pul üçin hemme zady etmäge taýyn metbugatam özleriçe sebäp gözläp başlaýarlar. Elbetde birgiden sebäp ýazylýar, käbirleri aslynda dogry bolmasa-da bolup biläýjek zat bolansoň ynanylýar, käbir ýazylýan zatlara ynanmak üçin bolsa düýn doglup, şu gün futbol görüp başlan adam bolmak gerek.
Pepeň ýanynda oýnan Varane ýene-de hemişekisi ýaly ýalňyşsyz oýnady. Pepe garşydaş oýunçy bilen çaknyşyp, ýerde ýatyrka ýüzünden gan akýardy -gaşy ýarylaýdy öýdýän- we bu gaty köp adama geň ýagdaý ýaly göründi. Sebäbi nämemiş ol adam dälmiş, ol mydama oýunçylara şikes ýetirýärmiş... we ş.m. wala-walalar. Hatda gowy bolaýdy diýip begenýänler, oýunlyga salybam bolsa "ölmedigine gynanýan" diýýänlerem bar. Muny diýýänleriň elbetde Pepeniň soňky iki möwsümde iň az sary kart alan Real Madridli goragçydygyndan habarlary ýokdur.
 Illara-Khedira-Modric biri-biri bilen düşünişip gowy oýnadylar. 40-njy minutda sütüne degen topuň derwezä girmeginiň öňüni alanam Modricdi. Ronaldo barada ýazmak hökmanam däl, ol şol bir bolşy, gol salmaga dowam edýär. Barcelona, Manchester United, Arsenal, Chelsea we Borussia Dortmund Çempionlar Ligasynda iki oýunda bäş gol saldy. Ronaldoňam iki oýunda bäş goly bar. Ýewropada jemi 100 oýunda 56 gol saldy we iki gezek bir oýunda üç gol salan dört oýunçydan biri. (Beýlekiler: Owen, Inzaghi, Shevchenko) Sergio Ramosyňam aýdyşy ýaly, toparyň ýyldyzy Ronaldo, beýleki oýunçylar bolsa bilini berk guşap türgenleşige dowam etmeli. 
Karim Benzema bolsa topara göräräk oýnaýar. Topar gowy oýnan güni olam gowy, erbet oýnalan güni bolsa ol halasgär bolup bilenok. Fransiýa milli ýygyndysynda-da gol salmanyna ep-esli wagt boldy. Üç ýyl mundan öň Higuain şikesliligi sebäpli alty aý futbol oýnamandy. Şol wagt toparyň gol ýüküni çekmeli adam göräýmäge Benzema bolmaly ýalydy, emma Jose Adebayory kärendesine alyp, gowy oýnamasa Real Madrid köýnekçesini geýip bilmejekdigini duýdurypdy. Edil şu wagtam Benzema arkaýynlaşan bolmagy mümkin. Ýöne çynyny etmese ýakynda Morata ýerini alyp biler. Atletico Madride garşy oýnan oýnuna tomaşa edenler meň bilen razylaşar. As.comyň "Esasy düzümde kim oýnamaly?" diýen anketasyna ses berenleriň 85.75%-i Morata, 14.25%-i bolsa Benzema diýdi.
 Çempionlar Ligasynda iki oýunda on gol salan Madridiň indiki etmeli işi ligada-da şu tempde oýnamagy başarmaly.

17.09.2013

Çempionlar Ligasy başlady


Real Madrid La Ligadaky soňky oýunyna çenli owadan oýun oýnamasa-da utup gelýärdi. Soňky oýunynda bolsa Villareal bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Elbetde liga ýaňy başlaýan wagtlary möhüm mesele owadan oýnamak däl-de 3 bal almak bolýar. Ligaň başlarynda erbed-u-gowy oýun bilen ballary toplasaň oýunçylar biri-birine öwrenşensoň ýuwaş-ýuwaş oýunam düzetse bolýar. 
Düýnki oýunda Real Madridiň esasy düzümi:
Casillas
Carvajal - Pepe - Ramos - Arbeloa
Khedira - Modric
Di Maria - Isco - Ronaldo
Benzema
Ancelotti derwezebanlar barada "Diego Lopez şu wagt gowy oýnaýar, ol La Ligada derwezäni gorar. Casillas ýaly tejribeli oýunçydan bolsa Çempionlar Ligasynda peýdalanarys" diýdi. Şeýlelikde Casillas 238 gün soň ilkinji gezek resmi duşuşykda derwezäni goramalydy. Emma Sergio Ramos bilen süsüşeni üçin gapyrgasyna şikes ýetdi we 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy. Ilki bir sargy bilen oýnajagam boldy, ýöne dowam edip bilmedi. Nähili gynandyryjy, gaharyňy getirýän ýagdaý. Sen klubyň taryhyna adyňy altyn harplar bilen ýazdyran rowaýaty oýunçy bolmagyňa garamazdan şonça wagtlap oýnap bilmän ahyrynda-da oýuna başlap-başlamankaň çykmaly bolýaň. Casillasyň gapyrgasy çat açan bolmagy mümkin we azyndan 10-15 oýnap bilmez.Edil gargynç alsaňam kynçylyklar beýdip yzly-yzyna gelmezmikä diýýän.
Geçen ýyl Arbeloa sebäpli Ikeriň eline şikes ýetipdi, düýn bolsa ýene öz ýoldaşlaryndan Ramos zerarly 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy.
Marcelo we Fabio Coentrao milli ýygyndydaky oýunlaryndan şikesli gelenleri sebäpli goragyň çepinda Arbeloa oýnady. Alonso bolmany üçin Modriç, Bale heniz diňe üç gezek türgenleşige gatnaşanlygy üçinem doly derejede taýýar däl, oň ýerine-de Di Maria oýnady. Real Madrid ýaly toparda şuň näme işi bar diýilýän Di Maria düýnki oýunda iki goluň pasyny berdi.
Oýunyň başynda ýarym sagat ýaly Galatasaray hem janköýerleri hem-de meýdançadaky oýunçylary bilen bizi derletdiler. Ýöne 33-nji minutda Isco gol salansoň ýuwaş-ýuwaş gowşap başladylar. Üstesine Drogba Pepe bilen süsüşeni üçin ikinji ýarymda oýuna dowam edip bilmedi. 2-0-dan soň Galatasarayyň doly derejede bady gaçdy we janköýerlerem ýuwaş-ýuwaş stadiony terk edip başladylar. Şol pursatdan soň biziň oýunçylarymyz tüweleý gelen ýaly etdiler we oýun gutaranda tabloda 1-6 ýazylgydy.
Gollar: Umut Bulut 84' | Isco 33' Benzema 54' 81' Ronaldo 63' 66' 90+1'
Ferguson aýtmyşlaýyn mini ýubka ýaly köp zat görkezse-de esasy zady görkezmeýän statistika:
Derwezä urlan urgular: 10 (4) - 19 (13)
Gödeklik: 8 - 12
Topy burçdan oýuna girizme: 4 - 1
Oýundan daşardaky ýagdaý: 5 - 4
Topy aýakda saklama: 51% - 49%
Urgyny sowma: 6 - 3
Sary petekler: Felipe Melo 30' Amrabat 65' Riera 86' | Pepe 45'
Indi şu statistikaň birinji ýarymyň soňundaky ýagdaýa seretsek Galatasaray bizi derletdi diýen ýerime düşünersiňiz diýip pikir edýän.
Derwezä urlan urgular: 6 (3) - 5 (2)
Gödeklik: 3 - 11
Topy burçdan oýuna girizme: 3 -0
Oýundan daşardaky ýagdaý: 1 - 2
Topy aýakda saklama: 49% - 51%
Urgyny sowma: 0 - 3
Dogrymy aýtsama Galatasaraydan mundan has gowy oýuna garaşýardym.
Elbetde düýn birnäçe rekordlaram täzelendi:
Real Madrid Çempionlar Ligasynda jemi 106 ýeňiş bilen iň köp ýeňiş gazanan topar.
ÇL-da yzly-yzyna 19 oýunda gol salan başga topar heniz ýok.
Casillas ÇL-da 74 ýeňiş bilen Raulyň yzyndan ýetdi.
Ancelotti 6 sany aýry-aýry topar bilen ÇL-da çykyş eden ilkinji tälimçi.
Ronaldo ÇL-da 53-nji goluny salyp 50 gol salan Thierry Henryň öňüne geçdi we 4-nji orny eýeledi.
Ronaldo ÇL-da iki gezek hat-trick eden 4-nji oýunçy. Beýlekiler Inzaghi, Owen we Shevchenko.

1.09.2013

Real Madrid 3-1 Athletic Bilbao

Real Madrid Ancelotti geleli bäri heniz ýekeje oýunam utulyp görenok. Sekiz sany ýoldaşlyk duşuşygy we üç sany resmi oýun. Mourinhoň oýnadýan hüjüm oýunyndan soň, topy 70% aýakda saklap 1-0 utmak içgysgynjrak.
Ýöne futbol kelläňi agyrtmaly däl, lezzet bermeli. Näme üçin biziň oýunçylarymyz indi öňki ýaly topy alan badyna hüjüm edenok? Näme üçin Mesut Özil däl-de Isco, Casillas däl-de Diego Lopez oýnaýar? Higuain näme üçin gitdi? Illara näme üçin geldi? Real Madrid 4-3-3 oýnamalymy, 4-4-2-mi, 4-2-3-1-mi, 4-3-2-1-mi diýen ýaly soraglara biz jogap bermeli däl. Meň pikirimçe biz, janköýerler bu zatlara kelläni agyrtmaly däl-de oýnalýan oýundan lezzet almaly. Futbolda utmagam bar, utulmagam. Bolsa bäş, bolmasa ýigrimi bäş.
Utýaň, şol oýunda golam salýaň, reportažlardan ýeneden sypyp ýadap öýüňe gelýäň welin nahar taýýarjak.

20.08.2013

Bugünem satmandyrlar

Gareth Bale barada ýazmaýyn ýazmaýyn diýip ýördüm welin Bülent Timurlenkiň twitterde paýlaşan şu suratyny görüp durup bilmedim.
Meni bugünem satmandyrlar
Bale gowy oýunçy, oňa sözüm ýok, ýöne transferi barada ýazylýan ummasyz nolly sanlar gaharyňy getirýär. Altyn ýumurtga guzlaýan kürk towuk ýaly halys arsyz etdiler. Bahasy elýeterli bolaýanda-da Madride gerek adam däl edil şu wagt. Isco-da gerek adam däl. Heniz ýaňy gelen badyna tankytlamak dogry däl welin, Öziliň gyrada oýnamagyna sebäp boldy we Özil gyrada gowy oýnanok. Isco ortada kellesine görä oýnaýany üçin Ronaldony ekleýänem ýok. Ýagny özi erbedem oýnanok welin Özil bilen Ronaldoň oýnuna erbet täsir edýär.
Indi Bale gelse Isco gyrada oturmalymy, onda Kaka' bilen Di Maria ha öläýmeli. "Meň adym Perez, aljak diýdimmi alaryn" diýýänem bolsa başdan Isco bilen Illara däl-de Bale bilen Ilkayy almalydy. Ýöne bularam Ispaniýa milli ýygyndysyndaky Madridlileri köpeltmek üçin edilýän işlermikä diýýän.

17.08.2013

Ertir başlaýarys


Ertir (18-nji awgust) Aşgabat sagady bilen 00:00-da Betis bilen Santiago Bernabeu stadionynda duşuşarys. Real Madridimiziň 2013-14 möwsüminde La Ligada oýnajak oýunlarynyň sanawyny şu ýerden görüp bilersiňiz.
Öňümizdäki möwsümde esasy düzüm nähili bolar, kim nirede oýnar diýen soraglara jogap bermek üçin ilki bilen gelen gidenlere bir göz aýlalyň.

Gidenler:
Jose Mourinho (tälimçi) | Chelsea
Carvalho | Monaco - mugt
Callejon | Napoli - 10 mln
Higuain | Napoli - 37 mln (Robinhodan soň Real Madridiň taryhynda satylan iň gymmat oýunçy)
Albiol | Napoli - 12 mln
Essien | Chelsea - kärendesiniň möhleti gutardy

Gelenler:
Carlo Ancelotti (tälimçi) | PSG
Carvajal | Bayer Leverkusen - 6,5 mln
Casemiro | Sao Paulo - 5,3 mln
Morata | Castilla (21 belgili köýnekçäni saýlap maňa täzeden köýnekçe satyn aldyrjak bolýar)
Jese | Castilla
Isco | Malaga - 30 mln
Illaramendi | Real Sociedad - 38,9 mln

Gidenleriň arasyndan iň gynananym Higuain boldy. Erbedini satyp gowusyny alyp bolanok. Meselem Callejon, Albiol we ş.m. futbolçylary satsaňam ýerine has gowuragy tapdyrar, satynam alarsyň. Emma Higuain ýaly hüjümçileri dünýäde barmak basyp sanaýmaly. Ony satdyňamda, ýerine kimi getirjek. Bardyr ýeriň ýüzünde 3-4 sany Higuainden gowy oýnaýan hüjümçi. Ýöne olaram haýsydyr bir uly klubyň howlusynda berk daňylgy durandyr. Olary ol ýerden alyp gaýdybermek mal bazardan göleli-sygyr alan ýaly däl. Umuman aýdaňda Real Madrid klubynda köp zat düýpgöter üýtgeşik. Oýnaýan futboluňdan başga-da rol oýnaýan zatlar köp.
Bolýar Higuain satyldy diýeli, biz indi Morataň oýnamagyny isleýäris. Ýöne janköýerleriň köpüsi Suareziň, Zlatanyň, Lewandowskiň arzuwyny edip ýör. Olar Higuainem islänok, Moratanam. Olar bilen gepleşip görseň "Biz Real Madrid, bizde mydama beýik futbolçylar oýnamaly. Bizde oýnaýan futbolçylaryň ýalňyşmana haky ýok" ýaly sözleri eşidersiňiz. Ýokarda-da belleýşim ýaly beýik futbolçylary satyn alanyňdan, olary ýetişdirmek has aňsadrak. Ýöne bu birbada bolaýýan zat däl. Güýçli, ezber futbolçylaryň ýetişmegi üçin ençeme ýyllar gerek. Olar örän uzak ýol geçmeli bolýarlar. Ýöne Higuainiňki ýaly, şol külpetli ýoluň iň bir kyn ýerini geçip, indi diňe gollaryna guwanaýmak galan wagty satmak bolsa o diýen dogry ädim dälmikä diýýän.
Köpler Mourinhonyň gidenine-de begenýärler. Sebäbi olar eýýäm Mourinhodan doýdular, hat-da ony ýigrenip başladylar. Mourinhony biri ýigrenmeli bolsa men ýigrenmeli, ýyldyzym, legendam, agam Rauly Real Madridden iberdi. Doganoglanyň Gutinem iberdi. Casillasa ýarym sezon futbol oýnatmady. Ýöne şonda-da ony ýigrenmek mümkin däl. Ol Real Madridde unudyp bolmajak 3 möwsüm geçirdi. Başaran işlerini hemme kişi bilýär, gaýta-gaýta ýazyp oturmak hökman däl.
Bulardan başga-da gidenlerden Aitor Karanka we Rui Faria. Ikisem gowy adamdy, biz bilen işlemäne dowam etseler gowy boljakdy. Ýöne bir tarapdanam Zidane-yň klubda has işjeň rol almagy begendirýär.
Callejon jany-teni bilen Madridi söýýän oglan. Ýöne ol şol bir wagtda professional futbolçy. "Kariýerama dowam etmek isleýän bolsam başga kluba gitmeli" diýen karara geldi we meň pikirimçe-de dogry karara geldi. Chelseade wagty "Madride ýüzüp gitmelem bolsa taýýar" diýen Carvalho we Albiol Madride nä derejede aşyk ony biljäk däl, ýöne olaram ýene 1-2 ýyl futbol oýnamak üçin gidip dogry etdiler.
Real Madridden başga klublara kän tomaşa etmämsoň täze gelen futbolçylar barada bilýän zatlarym ýabygorly. Şonuň üçinem olar barada ýazmagy başga bir güne goýalyň.

Meniň isleýän esasy düzümim: 4-2-3-1
Casillas (Lopez)
Carvajal (Arbeloa) - Varane (Nacho) - Ramos (Pepe) - Marcelo (Coentrao)
Casemiro (Khedira) - Alonso (Modric)
Di Maria (Isco) - Özil (Kaka') - Ronaldo (Jese)
Benzema (Morata)

Geçirlen ýoldaşlyk duşuşyklaryndan çen tutsak Carvajal we Casemiro esasy düzüme giräýjek ýaly. (Carvajal geçen ýyl Bundesligada ýylyň düzümine saýlandy we ýoldaşlyk duşuşyklarynda 492 minut bilen iň köp oýnan oýunçy). Varanyň geçen ýylky oýnan oýny, şikesliligi sebäpli möwsümiň başyndaky oýunlarda oýnap bilmese-de soňabaka esasy düzüme girjekdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Oýnalan ýedi oýuna görä bir zatlary anyklamak kän bir mümkin däl, ýöne şonda-da geçirlen ýoldaşlyk duşuşyklaryna ser salsak, Özil ortada däl-de sag gyrada, ortada bolsa Isco oýnajak ýaly.
Gepiň külesi, ¡Hala Madrid! Bize Çempionlar Ligasyny al Don Carlo!