Carvalho etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Carvalho etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

2.09.2011

Näme etdiň Carvalho?

Real Madridiň Portugaliýaly futbolçysy Ricardo Carvalho, EURO 2012-niň saýlama tapgyrynda Portugaliýanyň Kipre garşy oýun üçin taýýarlyk lagerinden gaýtdy.
Portugaliýa Futbol Federasiýasy "Ricardo Carvalho lagerden öz islegi bilen gitdi. Sebäbini bolsa ne tälimçä ne-de federasiýa jogapkärlerine aýtmady. Indi yzyna geläýen ýagdaýynda-da Kipr oýunynda oýnap bilmez" diýdi.
Carvalho bolsa "Ruhy we fiziki taýdan, hem Milli ýygyndyda, hem-de Real Madridde bilelikde oýnap bilmejekdigimi duýup başladym. Şonuň üçinem şeýle karara geldim" diýdi. Carvalho bu karara gelendigi üçin gynanýandygynam aýtdy.
Şugüne çenli Portugaliýanyň Milli ýygyndysy üçin elinden gelenini edendigini we azabyna sylanşyk görkezilmelidigini belläp geçen Carvalho, Milli köýnekçäni ilkinji gezek 2003-nji ýylda Albaniýa garşy geýipdi. Soňky gezek bolsa Protugaliýanyň Lýuksemburgy 5-0 utan oýunynda oýnady. Ol jemi 75 oýunda oýnady we 4 gol saldy.
Portugaliýanyň tälimçisi Paulo Bento bolsa Carvalhonyň Kipr bilen oýnaljak oýunda belki oýnamajagyny eşidensoň lageri terk edendigini aýtdy. Hem-de "Biz oýnasa-da oýnamasa-da Portugaliýa kömek edesi gelýän futbolçylar bilen işleşmek isleýäris. Professionallyk hemme ýerde möhüm zat, emma Milli ýygyndyda oýnaňda üýtgeşik duýgulara-de gaplanmaly. Türgenleşik wagty oýnamazlygynyň mümkindigini eşitdi we gaçyp gitdi. Belkem oýnajak bolsa gitmezdi" diýdi.
Mundan soň Milli ýygynda çagyrylyp çagyrylmajagy baradaky soraga bolsa "Men şu ýygyndyda wagtym Ricardo Carvalho asla biziň bilen bolmaz. Bu akylly iş däl. Indi oňa bütin gapylar ýapyk" diýip jogap berdi.
Tejribeli oýunçynyň ýygyndydan gitmeginiň topara erbet täsir etmejekdiginem aýdan Bento, "Biz diňe Kipr oýuny barada pikir edýäris, oýuna bolsa güýçli depginde taýýarlandyk. Oýunçylar türgenleşikde öwrenen zatlarymyzy oýunda-da görkezmäge synanyşarlar" diýdi.
Carvalhonyň bu hereketi onuň Çempionlar Ligasynda oýnamazlygyna sebäp bolup biler. UEFA-nyň düzgünlerine görä Federasiýalaryň futbolçylara UEFA turnirlaryndan çetleşdirmek jezasy bermäge-de haky bar. Eger-de Portugaliýa Futbol Federasiýasy şeýle jezany talap etse, 33 ýaşly Carvalho, Real Madrid formasy bilen 1 aýdan 3 aýa çenli Çempionlar Ligasynda oýnamazlyk jezasy berilip biler.
Heniz bu barada Real Madridden resmi habar ýok.

14.08.2011

Möwsümiň ilkinji El Clasicosynda ýeňiji ýok

Ispaniýa Super Kubogynyň birinji oýunynda Real Madrid Santiago Bernabeuda Barcelonany kabul etdi. Toparlar oýuna aşakdaky oýunçylar bilen başladylar.
REAL MADRID: Casillas, Ramos, Pepe, Carvalho, Marcelo, Khedira, Xabi Alonso, Di Maria, Özil, Ronaldo, Benzema. Gysgaça aýtsak 5-0 bolan El Clasicodaky oýunçylar.
BARCELONA: Valdes, Alves, Mascherano, Abidal, Adriano, Thiago, Keita, Iniesta, Alexis, Messi, Villa.
Emin: Fernando T. Vitienes.
Guardiola Justin Timberlake ýaly geýinipdiraý tüweleme :D
Oýunyň başyndan başlap Real Madridiň ortada sözi geçdi. Barcelona öwrenşen pasa daýanýan oýunyny oýunyň başynda kän görkezip bilmedi. Xaviň ýoklugy bildirdi. Madrid bolsa gyradan içeri galdyrylan toplar bilen amatly pursatlar döretdi. Mourinho Barcelonaň orta meýdançasyny ýokardan toplar bilen geçmäni planlaşdyran ýaly özä.
9-njy minutda Ronaldo çep tarapdan içeri galdyran topuny Benzema kelle bilen derwezä gönükdirdi, emma Valdes ussatlyk bilen çykardy.
13-nji minutda Di Mariaň öz meýdançasyndan Benzemaň öňüne oklan topuny Benzema jerime meýdançasyna girip Özile berdi. Özil derwezeban bilen bir bire çykyp topy derwezä gönükdirdi. Bu gol Öziliň Madrid formasy bilen Barcelona salan ilkinji goly.
Real Madrid hüjüm etjek bolup 5 gol iýmedi, 5 gol iýmejek bolup goragda ýatmady. Oýunyň ilkinji ýarym sagadynda ne Messi ne-de täze transfer Alexis özüni görkezip bilmedi. Ýuwaş ýuwaş Madridiňem bady ýatyp başlady. Hüjümleri seýrekleşdi.
Mourinhoň okuwçylary fiziki taýdan möwsüme taýýardygy bildirip dur. Ilkinji ýarym sagatda ikili çekeleşmeleň hemmesinde ýeňen tarap bolmagy başardylar.
32-nji minutda Mourinhoň näme üçin oýnadýanyna düşünmeýän adamym Sami Khedira Abidalyň ýüzüne depip sary kart aldy.
36-njy minutda David Villa Messiden alan topy bilen jerime meýdançasynyň burçundan aýagynyň içi bilen topy derwezäň burçuna ýelmedi (oýunyň iň owadan goly).
Şol pursatdan soň Messiňem aýagyna ýuwaş ýuwaş top gelip başlady. Barcelona erbet oýnap durka gol saldy, emma Messiň aýagyna top gelip başlansoň janlanyp başladylar.
43-nji minutda Xabi Alonsodan topy alan Benzema jerime meýdançasynda Valdes bilen bire bir galdy. Topy depen badyna bir ýerden uçup gelen Mascherano topyň derwezä gitmegine rugsat bermedi.
45-nji minutda ýene-de biziň gahrymanymyz Khediraň ýalňyşyndan peýdalanan Messi Casillasy awlady. Hasap 1-2. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, Khediraň Galatasaraydaky Mustafa Sarpdan kän bir tapawudam ýok.
Ikinji taýma iki toparam oýunçy çalyşman başlady.
Birinji taýmda salan gollary bilen keýpi köklän Barcelona-da paslaryny saýradyp başlady.
54-nji minutda Öziliň çepden galdyran kornerini Pepe Xabi Alonsa geçirdi. Alonso ýerden güýçli urga bilen hasaby deňledi, 2-2.
55-nji minutda Alexis sary kartoçka aldy.
56-njy minutda Madrid çepden galdyrdy, Valdes öňe çykypdy we Ramosyň süsen topy boş derwezä parallel geçdi.
Coentrao Di Mariaň ýerine oýuna girdi we giren badyna berlen 30 mln-a degýän oýunçydygyny görkezip başlady. Özümä birinji gezek görýän oýunyny, göwnüm ýetdi.
58-nji minutda Thiagoň ýerine Xabi oýuna girdi. Khediraň ýerine bolsa Callejon girdi.
Xaviň oýuna girmegi bilen kän bir üýtgän zat bolmady. Madrid ýene-de Barcelonaň derwezesinden gaýdanok.
60-njy minutda Adrianoň ýerine Pique girdi. Abidal çepe süýşdi.
63-nji minutda jerime meýdançasynyň ýakynynda Mascherano Coentraony ýykdy, Ronaldo üçin gowja ýer, ýöne Ronaldo salyp bilmedi. Top 10-15 sm ýokardan gitdi.
65-nji minutda Barcelonaň jerime meýdançasynda garma-gürmeligiň içinde Özil topy Ronaldo geçirdi. Ronaldoň gelişine depen topyny Valdes saklady.
67-nji minutda oýunyň başyndaky ýaly pursat gaýtalandy. Ýene-de çepden, emma bu gezek Ronaldo däl Özil içeri top galdyrdy. Benzemaň süsen topy ýene Valdese geldi.
73-nji minutda Villaň ýerine Pedro girdi.
78-nji minutda Xabi Alonso sary kartoçka aldy.
81-nji minutda Karim Benzemaň ýerine Higuain oýuna girdi.
84-nji minutda çepden Callejonyň galdyran topyny Valdes elinden sypdyrdy. Ronaldo ylgajak bolanda Valdes ýerde ýatan ýerinden eli bilen Ronaldoň aýagyna kakyp goýberdi. Emin penaltini bermän oýuny dowam etdirdi.
90+1-nji minutda Marcelo Alexisi epledi. Eminiňem ýadawlykdan gözi garaňkyrap ugrady öýdýän. Sary kartoçkany Coentrao berdi :D
90+3-nji minutda Alves Özili ýykdy we sary kartoçka aldy. Alvesiň egilen bolup gaçyp barşy ünsümi çekdi. Eminden bukuljak boldumyka :D
We oýun 2-2 gutardy. Jogap duşuşygy 17-nji Awgustda Camp Nouda geçiriler.