Rayo Vallecano etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Rayo Vallecano etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

28.02.2012

Rayo Vallecano - Real Madrid 0:1


Çempionlar ligasynyň çäginde CSKA bilen oýnalan oýunda bolşy ýaly gaty içgysgynç başlan oýunda iki tarapam oýuny eline almakda kynçylyk çekdi. Derwezä urulan ilkinji urgyň 25-nji minutdadygam muňa şaýatlyk edýär. Rayo Vallecanoly oýunçylar goragda ykjam duransoň Madridliler üç pasy yzly-yzyna berip bilmedi.
Di Mariaň ýoklugy sebäpli Özil gyrada oýnady. Gyrada oýnamaga öwrenişmedik çepbekeý Özil, üstesine-de sag gyrada oýnansoň oýuna täsirini ýetirip bilmedi. Geçen hepde şikes alan Benzemaň ýerine oýnan Higuain isleýän paslaryny alyp bilmedi. Benzema oýnan bolsa belki goragçylary birahat edip topy alyp bilerdi, iň bolmanda olaryň dogry ýere pas bermekleriniň öňüni alyp bilerdi. Kaka'-da oýuna düýbünden goşant goşmansoň öňde Ronaldoň ýeke özi galdy.
Real Madrid garşydaşynyň derwezesine hüjüm edip bilmänsoň, Rayo Vallecano Michu we Piti bilen bir zatlar etjek boldy. Pitiň sütünden yzyna gaýdan urgysy bolsa K. P. Boatengiň Barcelona salan goluny ýatlatdy. Oýunyň birinji ýarymy gutaranda toparlaryň topa eýe bolma göterimi 49% - 51% - di.
Ikinji ýarymda ilki bilen Kaka'ň ýerine Coentrão girdi, soň bolsa Higuainiň ýerine Callejon girdi.
Mourinho üçünji oýunçyny çalyşjak wagty diňe men däl, hemmämiz Özil çykar diýip pikir eden bolsak gerek. Emma Özil garaşylmadyk ýagdaýda 90 minut oýnady. Türgenleşikleriň iň janypkeşi Granero bolsa Marceloň ýerine oýuna girdi.
Rayo Vallecanoly oýunçylardan Piti, oýuna soňundan giren Lass, derwezeban Joel ýaly futbolçylar bolmasa belki Madrid azyndan ýene bir gol salardy. Piti eýýäm 30 ýaşynda. Mundan soň uly klubda oýnamak mümkinçiligi ýok diýip boljak derejede az. Emma Lass (19) we Joeliň (21) geljegi öňünde. Esasanam Atletico Madridden kärendesine alynan Joeliň ikinji De Gea bolaýmagam ahmal. Oglanlara berekella diýýärin.
Ronaldoň şans bilen giren ýeke-täk golam bolmasa Madridiň iki topary ballary bölüşjekdi.
Alty sany sary kart alan Madridli futbolçylardan birem Pepe, indiki oýunda oýnamaz. Görüberýäs, ýerine Carvalho oýnarmy ýa-da Varane...
Şeýlelik bilen Real Madrid balyny 64-e ýetirip Barcelona bilen arasyndaky 10 bal tapawudy gorady. Rayo Vallecano bolsa 31 balda galdy we 11-nji ýere düşdi.
Gol: Ronaldo 54'
Sary kartlar: D. Costa 20', J. Fuego 84', A. Arribas 90' | Ramos 4', Casillas 42', Marcelo 45', X. Alonso 65', Coentrão 90', Pepe 90'
Gyzyl kart: Michu 89'

7.02.2012

Scout depderçesi

Diego Alves. Pes toparyň beýik oýunçysy. Şu derwezebana heniz Almeriada oýnaýan wagty göwnüm ýetýärdi. Almeria we Valencia kariýerasynda 19 penaltydan 11 sansyny saklady. Meselem, geçen hepde Copa del Reyiň çäginde oýnalan Valencia - Barcelona oýunynda Messiň depen penaltysyny saklapdy. Ronaldo 2009-da Madride geleli bäri ýekeje penalty sypdyrypdy. Onam Diego saklapdy. Güýçli klublaryň birine transfer bolar diýip çaklaýardym. Çaklaýşym ýalam geçen tomus Valencia aldy. Şol transfer amala aşanda begendim, belki Diego baradaky pikirimiň dogry çykany üçindir, belki Valencianyň dogry hereket edeni üçindir, belki-de Valenciada tanaýan, halaýan derwezebanymyň oýnajagy üçindir, bilemok.
Mesut Özil. Germaniýanyň U-21 toparynda oýnaýan wagty Türk bolany üçin gözüme ilipdi. Şu wagt bolsa Madridde 10-luk geýip ýör.
Daniel Parejony Getafe köýnekçesi geýýän wagty Madrid bilen oýnanda tanadym. Ilki garry oýunçymyka öýtdüm. Sebäbi pes toparlaryň güýçli oýunçylary köplenç ýaşy gaýdyşan futbolçylar bolýar. Eger ýaş bolsa, özem gowy oýnaýan bolsa pes toparda uzak durmaýar. Parejo 22 ýaşynda eken. Real Madridiň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişen. Şu wagt olam Diego ýaly Valenciaň köýnekçesini geýýär.
Indi şeýle ýaş hem-de talantly oýunçylar baradaky pikirlerimi Scout depderçesi belligi bilen paýlaşmaga başlajak.
Ilkinji ýazgymyz Rayo Vallecanoly Alhassane Bangoura (Lass) barada.

Doglan güni: 30-njy Mart, 1992
Doglan ýeri: Konakri, Gwineýa
Kluby: Rayo Vallecano
Belgisi: 27
Şu ýerde-de belleýşim ýaly, bu oýunçy Rayo Vallecano Madrid bilen duşuşanda gözüme ildi. Tizligi, umytdan düşmeýän stili bilen Rayo Vallecano köp kömek eder. Görüberýäs, belki Lassam bir gün beýik toparlaň birinde oýnap ýyldyz bolar. Şonda täzeden ýatlarys Lassy.

25.09.2011

"Melek" ýene gyzyl

Oýundan öň utjagymyzy 100% bilýärdim. Aý näme-de bolsa Rayo Vallecano liga täze gelen topar, üstesine-de  oýun Bernabeuda. Madridiň 11-i ekrana gelende Varane bilen Albioly görüp 2-0 gutarar diýip pikir etdim. Soň Vallecanoň 11-i ekrana gelende ýekeje tanaýan adym Tamudony gördüm. Aý ýok, olarama bir gol salyp galar diýdim :D
Ýanymda oglanlaň biri Stoke MU-ny görüp otyrdy. Menem käwagt gözümi oňa aýlap oturşyma oýun başlapdyr, hasabam 1-0 o.O Heniz 18-nji sekundda Vallecano 1-0 öňe geçip otyrdy. Liga geleniň ýaňy, Bernabeuda heniz 18-nji sekundda 1-0 öňe geçýäň. Betmi? Lassyň yza berjek bolan pasyny Tamudo alyp 35 metre golaý uzakdan depdi. Casillasdan gaýdan topy bolsa Michu derwezä gönükdirdi. 1-0. Bir tarapdan gowam boldy. Madridiň oýunçylaryna indi ukydan açylmaly wagtyň gelendigini ýatlatdylar. Mourinhoda Lassy çykaryp Özili saldy. Howa sowaýar öýdýän ýuwaş-ýuwaş, Mourinho köýneginiň üstünden ýeňsizjik geýipdir. Ony aýtsaň Ferguson kurtka geýipdirä :D 
Şondan soň Madrid çyny bilen Vallecanony heläk edip başlady. Bir Lass çykanam bolsa meýdançada ýene bir Lass bardy. Top hernäçe Madridiň aýagynda bolsa-da Vallecanoly Lassyň aýagyna top gelende amatly pursatlar döredýärdi.
Lassyň ýerine Özil girdi diýipdik, sebäbi Öziliň ýerine Kaka' başlapdy. Tüweleme, Milandaky günlerini ýatlatdy özä, oýuny netije-de berdi. 39-nji minutda Ronaldoň salan golunyň assisti Kaka'dan. Birinji ýarymyň goşmaça wagtlarynda bolsa Madrid öňe geçdi. Jerime meýdançasynyň öňüne X. Alonsoň depen jerime urgusyny Ramos kellesi bilen Higuaine geçirdi. Higuainem topy boş derwezä gönükdirip hasaby 2-1 etdi.
Şu ýerde ýene bir belläsim gelýän zadam ilki topuň başyna Ronaldoň geçmegi. Ronaldo topuň başyna geçende diňe derwezeban birzatlar edip bilýär. Beýleki 20 adam diňe synlaýar, Ronaldo depýär, ýa daşyna, ýa-da gol. Diwara degýän ýa-da derwezebana gelýän wagtlaram bolýar welin barmak basyp sanaýmaly. Diýjek bolýanym Ronaldoň topuň başyna geçmegi bilen goragçylar biraz arkaýynlaşdylar, topy bolsa Alonso depdi, Ramosyň kellesi bilen derwezebanyň arkasyna oklan topuny boş derwezä salmak üçin iki Madridli garaşyp durdy.
Ikinji ýarymda-da çekeleşikli oýun dowam etdi. 50-nji minutda jerime meýdançasynyň içinde Movilla Kaka'ny ýykdy, Ronaldo penalti goly bilen hasaby 3-1 etdi.
55-nji minutda Vallecanoň burçdan oýuna girizen topuny Michu derwezä iberdi. Casillasyň içerden çykaran topuny emin ilki gol diýip hasap etmedi. Ýarym minut ýaly soň goldugyny kabul etdi. Top tor bilen gujaklaşmasa-da hasap 3-2.
Şondan bir minut soň bolsa Angel Di Maria topy eli bilen saklany üçin ikinji sarysyny aldy we Madridi 10 adam goýdy.
67-nji minutda Öziliň burçdan oýuna girizen topuny 18 ýaşly Varane üýtgeşijek urgy bilen derwezä gönükdirdi. 4-2. 5-nji minutda-da Di Mariaň pasyna kelle süsüpdi, azajyk ýokardan gidipdi. 1-2 ýyldan Carvalhoň ýerini alar. 73-nji minutda ýene-de Özil Higuainiň ýerine oýuna giren Benzema pas berdi, Benzema nokady goýdy 5-2. 83-nji minutda jerime maýdançasynda Ronaldony ýykan Gimenez sary kart aldy. Ronaldo bolsa hat-trick etdi, 6-2.
Şeýlelikde Real Madrid 10 bal bilen 4-nji, Rayo Vallecano bolsa 5 bal bilen 11-nji.
Gollar: Cristiano Ronaldo 3, Higuain, Varane, Benzema | Michu 2
Assistler: Kaka' 2, Özil 2, Ramos | Tamudo, Arribas
Sary kartlar: Di Maria, X. Alonso | Arribas, Movilla, Bangoura, Gimenez
Gyzyl kart: Di Maria