Kimler oýnady, kimler gol saldy kimler kart aldy ýaly gürrüňleri geçjek. Bir söz bilen aýtsam iki toparam futbol oýnamady. Esasanam ikinji taýmda oýun gaty köp saklandy. Her gödeklikden soň üýşmek nämä gerek? Her gezek razborka şeklinde çözjek bolsaň emin nämä gerek? Geçen ýylky El Clásicolarda-da şol bir ýagdaý. Belki geçen ýyl Madrid gödek oýnandyr, ýöne bu günki oýundaky gohlar gödeklik sebäpli däl. Soňky 7 El Clásicoň içinde iň hezili geçen oýundy. Iki toparam futbolyny oýnady, 2-2 hasap bilenem gaýtdylar.
Futbol diýdik, bir iki agyz futbol gepleşeli, Benzema Adebayor gelenden soň ýuwaş-ýuwaş özüne gelip başlapdy. Tomusky taýýarlyk oýunlarynda bolsa gollaryny ýagdyrdy we kellelerdäki ähli şübheleri ýok etdi. Emma geçen oýunda juda köp amatly pursatdan peýdalanyp bilmedik Benzema ýene-de pikirlendirdi. Bugünki oýunda-da şeýleräk başlady. Khediraň beren pasyny bilýänsiňiz. Ýöne Madridiň 2-nji goluny salyp hasaby deňlände Madridlilerde hemä oýuna bolan umyt döretdi, hem özüne bolan ynam döretdi.

Ýöne Marcelo Fabregasy ýykanda hemmesiniň üýşüp topalaň turuzmagy gaty utandyryjy ýagdaý. Özil ýaly "Meni urany Hudaý ursun" çagaňam gaharyny getirip gyzyl aldyrdylar :)
Garaz nesip etsin 74-nji kuboklary.
0 Teswir:
Yorum Gönder