Marcelo etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Marcelo etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

29.01.2012

We Madrid 7 bal öňde

Real Madridde ýagdaý öwerlik däl. Mourinho bilen Ramos gohlaşdy diýýärdiler. 2-2-lik Barcelona oýunynda Ramos gyzyl alyp çykyp barýarka Mourinho bilen näme gepleşdi biljek däl ýöne aralary düzelen ýaly.
Mourinho 2-2-lik Barcelona oýunyndan soň emine garaşyp durka

Carvalhoň şikesliligi sebäpli ep-esli wagt aradan soň gaýdyp gelmegi Real Madrid goragyny güýçlendirdi. Sag gyrada Ramosyň ýerine Hamit kän ýalňyşman oýnady. Türgenleşiklerde jan edip taýýarlanýan Granero-da meýdançadady. Soňky iki oýunda bolşy ýaly Mesut bilen Kaka' bile oýnady. Kaka' Milandaky oýunyndan çalaja dadyrýar, goragçylaryň arasynda göýä tans edýär.
Real Madrid janköýeri üçin El Clasico hemme kubokdan möhüm. Munam geçen hepde Barcelona garşy gaty erbet oýnan Higuain oýuna girende janköýerleriň "uuu" seslerinden aňmak bolýar. 
Ronaldo-da 3-1 gutaran El Clasicoda erbet oýnany üçin janköýerler tarapyndan tankytlanýardy. Ronaldo bolsa janköýerlere Malaga salan golundan soň begenmän jogap berdi. Mallorca oýunyndan bäri bolsa henize bugüne çenli görlüp eşidilmedik yhlas bilen oýnaýar. Öňler aýagyna top gelýänçä öňde garaşýan Ronaldo indi goraga kömek edýär.
Mourinho 3 oýunçysynam çalşansoň Marceloň aýagyna şikes ýetdi. Köplenç şeýle ýagdaý şikes ýeten oýunçy çykýar we topar 10 adam galýar. Düýn bolsa beýle bolmady. Marceloň ýerine Callejon geçdi, Marcelo bolsa ortalarda ýöräp gezdi.
Lass oýuna girjek bolanda köpler Xabi Alonsoň ýerine girýändirem öýden däldir. Xabi Alonso oýundan çykansoň näme üçindir göni çalşyrynma otagyna gitdi. Madridde nämeler bolýar düşünmek kyn.
Netijede Real Madrid Lafitaň goly bilen 1-0 yza düşenem bolsa Kaka', Ronaldo hem-de Öziliň gollary bilen 3 baly aldy.
Barcelona bolsa Villareal bilen deňme-deň oýnady. Madrid indi 7 bal öňde.
Gollar: Lafita 11' - Kaka' 32', Ronaldo 49', Özil 56'
Sary kartlar: J. Paredes 26', Ronaldo 63'

8.01.2012

Ekiz?

Juan Mata & André Villas-Boas
Robinho & Marcelo

19.09.2011

Aýagyň taýmasyn

Näme üçin taýmasyn? Jogaby aňsat. Toparyň ýa amatly pursatdan peýdalanyp bilmän goly sypdyrýar, ýa-da gol geçirdýär. Elbetde bu aýdýanlarym eger siz futbolçy bolsaňyz bolýar.
Düýn agşam Rooneyiň aýagy taýdy, 11 metrlik jerime urgusyny salyp bilmedi. Kän bir ähmiýetem ýokdula. Oýunyň eýýäm boljagy bolupdy. 3-1.
Ýöne ine ýene düýn, Marceloňam aýagy taýdy. We Javi Venta pasyny arkaýyn berdi. Konede sypdyrmady.
Aslynda Madridiň ýitirýän zady diňe 3 bal. Her möwsümde 100-e golaý bal toplaýan topar üçin hiç zat. Emma garşydaşyňam ýöne-möne klub däl. Ýylyň soňunda 6-7 bal tapawut bilen 2-nji bolaňda wah diýdiräýýär şol ýitirenje 3 ballaryň.
Birem kapitan John Terryň aýagynyň taýan güni bar. Ony täze aksetirde-de dälde täze ýazgyda ele almaly.
Aý saglyk bolsun. Mourinhoň aýdyşy ýaly "Ilki bilen 40 bal toplap ligada galjak bolarys"

14.08.2011

Möwsümiň ilkinji El Clasicosynda ýeňiji ýok

Ispaniýa Super Kubogynyň birinji oýunynda Real Madrid Santiago Bernabeuda Barcelonany kabul etdi. Toparlar oýuna aşakdaky oýunçylar bilen başladylar.
REAL MADRID: Casillas, Ramos, Pepe, Carvalho, Marcelo, Khedira, Xabi Alonso, Di Maria, Özil, Ronaldo, Benzema. Gysgaça aýtsak 5-0 bolan El Clasicodaky oýunçylar.
BARCELONA: Valdes, Alves, Mascherano, Abidal, Adriano, Thiago, Keita, Iniesta, Alexis, Messi, Villa.
Emin: Fernando T. Vitienes.
Guardiola Justin Timberlake ýaly geýinipdiraý tüweleme :D
Oýunyň başyndan başlap Real Madridiň ortada sözi geçdi. Barcelona öwrenşen pasa daýanýan oýunyny oýunyň başynda kän görkezip bilmedi. Xaviň ýoklugy bildirdi. Madrid bolsa gyradan içeri galdyrylan toplar bilen amatly pursatlar döretdi. Mourinho Barcelonaň orta meýdançasyny ýokardan toplar bilen geçmäni planlaşdyran ýaly özä.
9-njy minutda Ronaldo çep tarapdan içeri galdyran topuny Benzema kelle bilen derwezä gönükdirdi, emma Valdes ussatlyk bilen çykardy.
13-nji minutda Di Mariaň öz meýdançasyndan Benzemaň öňüne oklan topuny Benzema jerime meýdançasyna girip Özile berdi. Özil derwezeban bilen bir bire çykyp topy derwezä gönükdirdi. Bu gol Öziliň Madrid formasy bilen Barcelona salan ilkinji goly.
Real Madrid hüjüm etjek bolup 5 gol iýmedi, 5 gol iýmejek bolup goragda ýatmady. Oýunyň ilkinji ýarym sagadynda ne Messi ne-de täze transfer Alexis özüni görkezip bilmedi. Ýuwaş ýuwaş Madridiňem bady ýatyp başlady. Hüjümleri seýrekleşdi.
Mourinhoň okuwçylary fiziki taýdan möwsüme taýýardygy bildirip dur. Ilkinji ýarym sagatda ikili çekeleşmeleň hemmesinde ýeňen tarap bolmagy başardylar.
32-nji minutda Mourinhoň näme üçin oýnadýanyna düşünmeýän adamym Sami Khedira Abidalyň ýüzüne depip sary kart aldy.
36-njy minutda David Villa Messiden alan topy bilen jerime meýdançasynyň burçundan aýagynyň içi bilen topy derwezäň burçuna ýelmedi (oýunyň iň owadan goly).
Şol pursatdan soň Messiňem aýagyna ýuwaş ýuwaş top gelip başlady. Barcelona erbet oýnap durka gol saldy, emma Messiň aýagyna top gelip başlansoň janlanyp başladylar.
43-nji minutda Xabi Alonsodan topy alan Benzema jerime meýdançasynda Valdes bilen bire bir galdy. Topy depen badyna bir ýerden uçup gelen Mascherano topyň derwezä gitmegine rugsat bermedi.
45-nji minutda ýene-de biziň gahrymanymyz Khediraň ýalňyşyndan peýdalanan Messi Casillasy awlady. Hasap 1-2. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, Khediraň Galatasaraydaky Mustafa Sarpdan kän bir tapawudam ýok.
Ikinji taýma iki toparam oýunçy çalyşman başlady.
Birinji taýmda salan gollary bilen keýpi köklän Barcelona-da paslaryny saýradyp başlady.
54-nji minutda Öziliň çepden galdyran kornerini Pepe Xabi Alonsa geçirdi. Alonso ýerden güýçli urga bilen hasaby deňledi, 2-2.
55-nji minutda Alexis sary kartoçka aldy.
56-njy minutda Madrid çepden galdyrdy, Valdes öňe çykypdy we Ramosyň süsen topy boş derwezä parallel geçdi.
Coentrao Di Mariaň ýerine oýuna girdi we giren badyna berlen 30 mln-a degýän oýunçydygyny görkezip başlady. Özümä birinji gezek görýän oýunyny, göwnüm ýetdi.
58-nji minutda Thiagoň ýerine Xabi oýuna girdi. Khediraň ýerine bolsa Callejon girdi.
Xaviň oýuna girmegi bilen kän bir üýtgän zat bolmady. Madrid ýene-de Barcelonaň derwezesinden gaýdanok.
60-njy minutda Adrianoň ýerine Pique girdi. Abidal çepe süýşdi.
63-nji minutda jerime meýdançasynyň ýakynynda Mascherano Coentraony ýykdy, Ronaldo üçin gowja ýer, ýöne Ronaldo salyp bilmedi. Top 10-15 sm ýokardan gitdi.
65-nji minutda Barcelonaň jerime meýdançasynda garma-gürmeligiň içinde Özil topy Ronaldo geçirdi. Ronaldoň gelişine depen topyny Valdes saklady.
67-nji minutda oýunyň başyndaky ýaly pursat gaýtalandy. Ýene-de çepden, emma bu gezek Ronaldo däl Özil içeri top galdyrdy. Benzemaň süsen topy ýene Valdese geldi.
73-nji minutda Villaň ýerine Pedro girdi.
78-nji minutda Xabi Alonso sary kartoçka aldy.
81-nji minutda Karim Benzemaň ýerine Higuain oýuna girdi.
84-nji minutda çepden Callejonyň galdyran topyny Valdes elinden sypdyrdy. Ronaldo ylgajak bolanda Valdes ýerde ýatan ýerinden eli bilen Ronaldoň aýagyna kakyp goýberdi. Emin penaltini bermän oýuny dowam etdirdi.
90+1-nji minutda Marcelo Alexisi epledi. Eminiňem ýadawlykdan gözi garaňkyrap ugrady öýdýän. Sary kartoçkany Coentrao berdi :D
90+3-nji minutda Alves Özili ýykdy we sary kartoçka aldy. Alvesiň egilen bolup gaçyp barşy ünsümi çekdi. Eminden bukuljak boldumyka :D
We oýun 2-2 gutardy. Jogap duşuşygy 17-nji Awgustda Camp Nouda geçiriler.