Diego Alves. Pes toparyň beýik oýunçysy. Şu derwezebana heniz Almeriada oýnaýan wagty göwnüm ýetýärdi. Almeria we Valencia kariýerasynda 19 penaltydan 11 sansyny saklady. Meselem, geçen hepde Copa del Reyiň çäginde oýnalan Valencia - Barcelona oýunynda Messiň depen penaltysyny saklapdy. Ronaldo 2009-da Madride geleli bäri ýekeje penalty sypdyrypdy. Onam Diego saklapdy. Güýçli klublaryň birine transfer bolar diýip çaklaýardym. Çaklaýşym ýalam geçen tomus Valencia aldy. Şol transfer amala aşanda begendim, belki Diego baradaky pikirimiň dogry çykany üçindir, belki Valencianyň dogry hereket edeni üçindir, belki-de Valenciada tanaýan, halaýan derwezebanymyň oýnajagy üçindir, bilemok.
Mesut Özil. Germaniýanyň U-21 toparynda oýnaýan wagty Türk bolany üçin gözüme ilipdi. Şu wagt bolsa Madridde 10-luk geýip ýör.
Daniel Parejony Getafe köýnekçesi geýýän wagty Madrid bilen oýnanda tanadym. Ilki garry oýunçymyka öýtdüm. Sebäbi pes toparlaryň güýçli oýunçylary köplenç ýaşy gaýdyşan futbolçylar bolýar. Eger ýaş bolsa, özem gowy oýnaýan bolsa pes toparda uzak durmaýar. Parejo 22 ýaşynda eken. Real Madridiň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişen. Şu wagt olam Diego ýaly Valenciaň köýnekçesini geýýär.
Indi şeýle ýaş hem-de talantly oýunçylar baradaky pikirlerimi Scout depderçesi belligi bilen paýlaşmaga başlajak.
Ilkinji ýazgymyz Rayo Vallecanoly Alhassane Bangoura (Lass) barada.Doglan ýeri: Konakri, Gwineýa
Kluby: Rayo Vallecano
Belgisi: 27
Şu ýerde-de belleýşim ýaly, bu oýunçy Rayo Vallecano Madrid bilen duşuşanda gözüme ildi. Tizligi, umytdan düşmeýän stili bilen Rayo Vallecano köp kömek eder. Görüberýäs, belki Lassam bir gün beýik toparlaň birinde oýnap ýyldyz bolar. Şonda täzeden ýatlarys Lassy.

