17.09.2013

Çempionlar Ligasy başlady


Real Madrid La Ligadaky soňky oýunyna çenli owadan oýun oýnamasa-da utup gelýärdi. Soňky oýunynda bolsa Villareal bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Elbetde liga ýaňy başlaýan wagtlary möhüm mesele owadan oýnamak däl-de 3 bal almak bolýar. Ligaň başlarynda erbed-u-gowy oýun bilen ballary toplasaň oýunçylar biri-birine öwrenşensoň ýuwaş-ýuwaş oýunam düzetse bolýar. 
Düýnki oýunda Real Madridiň esasy düzümi:
Casillas
Carvajal - Pepe - Ramos - Arbeloa
Khedira - Modric
Di Maria - Isco - Ronaldo
Benzema
Ancelotti derwezebanlar barada "Diego Lopez şu wagt gowy oýnaýar, ol La Ligada derwezäni gorar. Casillas ýaly tejribeli oýunçydan bolsa Çempionlar Ligasynda peýdalanarys" diýdi. Şeýlelikde Casillas 238 gün soň ilkinji gezek resmi duşuşykda derwezäni goramalydy. Emma Sergio Ramos bilen süsüşeni üçin gapyrgasyna şikes ýetdi we 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy. Ilki bir sargy bilen oýnajagam boldy, ýöne dowam edip bilmedi. Nähili gynandyryjy, gaharyňy getirýän ýagdaý. Sen klubyň taryhyna adyňy altyn harplar bilen ýazdyran rowaýaty oýunçy bolmagyňa garamazdan şonça wagtlap oýnap bilmän ahyrynda-da oýuna başlap-başlamankaň çykmaly bolýaň. Casillasyň gapyrgasy çat açan bolmagy mümkin we azyndan 10-15 oýnap bilmez.Edil gargynç alsaňam kynçylyklar beýdip yzly-yzyna gelmezmikä diýýän.
Geçen ýyl Arbeloa sebäpli Ikeriň eline şikes ýetipdi, düýn bolsa ýene öz ýoldaşlaryndan Ramos zerarly 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy.
Marcelo we Fabio Coentrao milli ýygyndydaky oýunlaryndan şikesli gelenleri sebäpli goragyň çepinda Arbeloa oýnady. Alonso bolmany üçin Modriç, Bale heniz diňe üç gezek türgenleşige gatnaşanlygy üçinem doly derejede taýýar däl, oň ýerine-de Di Maria oýnady. Real Madrid ýaly toparda şuň näme işi bar diýilýän Di Maria düýnki oýunda iki goluň pasyny berdi.
Oýunyň başynda ýarym sagat ýaly Galatasaray hem janköýerleri hem-de meýdançadaky oýunçylary bilen bizi derletdiler. Ýöne 33-nji minutda Isco gol salansoň ýuwaş-ýuwaş gowşap başladylar. Üstesine Drogba Pepe bilen süsüşeni üçin ikinji ýarymda oýuna dowam edip bilmedi. 2-0-dan soň Galatasarayyň doly derejede bady gaçdy we janköýerlerem ýuwaş-ýuwaş stadiony terk edip başladylar. Şol pursatdan soň biziň oýunçylarymyz tüweleý gelen ýaly etdiler we oýun gutaranda tabloda 1-6 ýazylgydy.
Gollar: Umut Bulut 84' | Isco 33' Benzema 54' 81' Ronaldo 63' 66' 90+1'
Ferguson aýtmyşlaýyn mini ýubka ýaly köp zat görkezse-de esasy zady görkezmeýän statistika:
Derwezä urlan urgular: 10 (4) - 19 (13)
Gödeklik: 8 - 12
Topy burçdan oýuna girizme: 4 - 1
Oýundan daşardaky ýagdaý: 5 - 4
Topy aýakda saklama: 51% - 49%
Urgyny sowma: 6 - 3
Sary petekler: Felipe Melo 30' Amrabat 65' Riera 86' | Pepe 45'
Indi şu statistikaň birinji ýarymyň soňundaky ýagdaýa seretsek Galatasaray bizi derletdi diýen ýerime düşünersiňiz diýip pikir edýän.
Derwezä urlan urgular: 6 (3) - 5 (2)
Gödeklik: 3 - 11
Topy burçdan oýuna girizme: 3 -0
Oýundan daşardaky ýagdaý: 1 - 2
Topy aýakda saklama: 49% - 51%
Urgyny sowma: 0 - 3
Dogrymy aýtsama Galatasaraydan mundan has gowy oýuna garaşýardym.
Elbetde düýn birnäçe rekordlaram täzelendi:
Real Madrid Çempionlar Ligasynda jemi 106 ýeňiş bilen iň köp ýeňiş gazanan topar.
ÇL-da yzly-yzyna 19 oýunda gol salan başga topar heniz ýok.
Casillas ÇL-da 74 ýeňiş bilen Raulyň yzyndan ýetdi.
Ancelotti 6 sany aýry-aýry topar bilen ÇL-da çykyş eden ilkinji tälimçi.
Ronaldo ÇL-da 53-nji goluny salyp 50 gol salan Thierry Henryň öňüne geçdi we 4-nji orny eýeledi.
Ronaldo ÇL-da iki gezek hat-trick eden 4-nji oýunçy. Beýlekiler Inzaghi, Owen we Shevchenko.

0 Teswir: