17.08.2013

Ertir başlaýarys


Ertir (18-nji awgust) Aşgabat sagady bilen 00:00-da Betis bilen Santiago Bernabeu stadionynda duşuşarys. Real Madridimiziň 2013-14 möwsüminde La Ligada oýnajak oýunlarynyň sanawyny şu ýerden görüp bilersiňiz.
Öňümizdäki möwsümde esasy düzüm nähili bolar, kim nirede oýnar diýen soraglara jogap bermek üçin ilki bilen gelen gidenlere bir göz aýlalyň.

Gidenler:
Jose Mourinho (tälimçi) | Chelsea
Carvalho | Monaco - mugt
Callejon | Napoli - 10 mln
Higuain | Napoli - 37 mln (Robinhodan soň Real Madridiň taryhynda satylan iň gymmat oýunçy)
Albiol | Napoli - 12 mln
Essien | Chelsea - kärendesiniň möhleti gutardy

Gelenler:
Carlo Ancelotti (tälimçi) | PSG
Carvajal | Bayer Leverkusen - 6,5 mln
Casemiro | Sao Paulo - 5,3 mln
Morata | Castilla (21 belgili köýnekçäni saýlap maňa täzeden köýnekçe satyn aldyrjak bolýar)
Jese | Castilla
Isco | Malaga - 30 mln
Illaramendi | Real Sociedad - 38,9 mln

Gidenleriň arasyndan iň gynananym Higuain boldy. Erbedini satyp gowusyny alyp bolanok. Meselem Callejon, Albiol we ş.m. futbolçylary satsaňam ýerine has gowuragy tapdyrar, satynam alarsyň. Emma Higuain ýaly hüjümçileri dünýäde barmak basyp sanaýmaly. Ony satdyňamda, ýerine kimi getirjek. Bardyr ýeriň ýüzünde 3-4 sany Higuainden gowy oýnaýan hüjümçi. Ýöne olaram haýsydyr bir uly klubyň howlusynda berk daňylgy durandyr. Olary ol ýerden alyp gaýdybermek mal bazardan göleli-sygyr alan ýaly däl. Umuman aýdaňda Real Madrid klubynda köp zat düýpgöter üýtgeşik. Oýnaýan futboluňdan başga-da rol oýnaýan zatlar köp.
Bolýar Higuain satyldy diýeli, biz indi Morataň oýnamagyny isleýäris. Ýöne janköýerleriň köpüsi Suareziň, Zlatanyň, Lewandowskiň arzuwyny edip ýör. Olar Higuainem islänok, Moratanam. Olar bilen gepleşip görseň "Biz Real Madrid, bizde mydama beýik futbolçylar oýnamaly. Bizde oýnaýan futbolçylaryň ýalňyşmana haky ýok" ýaly sözleri eşidersiňiz. Ýokarda-da belleýşim ýaly beýik futbolçylary satyn alanyňdan, olary ýetişdirmek has aňsadrak. Ýöne bu birbada bolaýýan zat däl. Güýçli, ezber futbolçylaryň ýetişmegi üçin ençeme ýyllar gerek. Olar örän uzak ýol geçmeli bolýarlar. Ýöne Higuainiňki ýaly, şol külpetli ýoluň iň bir kyn ýerini geçip, indi diňe gollaryna guwanaýmak galan wagty satmak bolsa o diýen dogry ädim dälmikä diýýän.
Köpler Mourinhonyň gidenine-de begenýärler. Sebäbi olar eýýäm Mourinhodan doýdular, hat-da ony ýigrenip başladylar. Mourinhony biri ýigrenmeli bolsa men ýigrenmeli, ýyldyzym, legendam, agam Rauly Real Madridden iberdi. Doganoglanyň Gutinem iberdi. Casillasa ýarym sezon futbol oýnatmady. Ýöne şonda-da ony ýigrenmek mümkin däl. Ol Real Madridde unudyp bolmajak 3 möwsüm geçirdi. Başaran işlerini hemme kişi bilýär, gaýta-gaýta ýazyp oturmak hökman däl.
Bulardan başga-da gidenlerden Aitor Karanka we Rui Faria. Ikisem gowy adamdy, biz bilen işlemäne dowam etseler gowy boljakdy. Ýöne bir tarapdanam Zidane-yň klubda has işjeň rol almagy begendirýär.
Callejon jany-teni bilen Madridi söýýän oglan. Ýöne ol şol bir wagtda professional futbolçy. "Kariýerama dowam etmek isleýän bolsam başga kluba gitmeli" diýen karara geldi we meň pikirimçe-de dogry karara geldi. Chelseade wagty "Madride ýüzüp gitmelem bolsa taýýar" diýen Carvalho we Albiol Madride nä derejede aşyk ony biljäk däl, ýöne olaram ýene 1-2 ýyl futbol oýnamak üçin gidip dogry etdiler.
Real Madridden başga klublara kän tomaşa etmämsoň täze gelen futbolçylar barada bilýän zatlarym ýabygorly. Şonuň üçinem olar barada ýazmagy başga bir güne goýalyň.

Meniň isleýän esasy düzümim: 4-2-3-1
Casillas (Lopez)
Carvajal (Arbeloa) - Varane (Nacho) - Ramos (Pepe) - Marcelo (Coentrao)
Casemiro (Khedira) - Alonso (Modric)
Di Maria (Isco) - Özil (Kaka') - Ronaldo (Jese)
Benzema (Morata)

Geçirlen ýoldaşlyk duşuşyklaryndan çen tutsak Carvajal we Casemiro esasy düzüme giräýjek ýaly. (Carvajal geçen ýyl Bundesligada ýylyň düzümine saýlandy we ýoldaşlyk duşuşyklarynda 492 minut bilen iň köp oýnan oýunçy). Varanyň geçen ýylky oýnan oýny, şikesliligi sebäpli möwsümiň başyndaky oýunlarda oýnap bilmese-de soňabaka esasy düzüme girjekdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Oýnalan ýedi oýuna görä bir zatlary anyklamak kän bir mümkin däl, ýöne şonda-da geçirlen ýoldaşlyk duşuşyklaryna ser salsak, Özil ortada däl-de sag gyrada, ortada bolsa Isco oýnajak ýaly.
Gepiň külesi, ¡Hala Madrid! Bize Çempionlar Ligasyny al Don Carlo!

0 Teswir: