Galatasaray etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Galatasaray etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

17.09.2013

Çempionlar Ligasy başlady


Real Madrid La Ligadaky soňky oýunyna çenli owadan oýun oýnamasa-da utup gelýärdi. Soňky oýunynda bolsa Villareal bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Elbetde liga ýaňy başlaýan wagtlary möhüm mesele owadan oýnamak däl-de 3 bal almak bolýar. Ligaň başlarynda erbed-u-gowy oýun bilen ballary toplasaň oýunçylar biri-birine öwrenşensoň ýuwaş-ýuwaş oýunam düzetse bolýar. 
Düýnki oýunda Real Madridiň esasy düzümi:
Casillas
Carvajal - Pepe - Ramos - Arbeloa
Khedira - Modric
Di Maria - Isco - Ronaldo
Benzema
Ancelotti derwezebanlar barada "Diego Lopez şu wagt gowy oýnaýar, ol La Ligada derwezäni gorar. Casillas ýaly tejribeli oýunçydan bolsa Çempionlar Ligasynda peýdalanarys" diýdi. Şeýlelikde Casillas 238 gün soň ilkinji gezek resmi duşuşykda derwezäni goramalydy. Emma Sergio Ramos bilen süsüşeni üçin gapyrgasyna şikes ýetdi we 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy. Ilki bir sargy bilen oýnajagam boldy, ýöne dowam edip bilmedi. Nähili gynandyryjy, gaharyňy getirýän ýagdaý. Sen klubyň taryhyna adyňy altyn harplar bilen ýazdyran rowaýaty oýunçy bolmagyňa garamazdan şonça wagtlap oýnap bilmän ahyrynda-da oýuna başlap-başlamankaň çykmaly bolýaň. Casillasyň gapyrgasy çat açan bolmagy mümkin we azyndan 10-15 oýnap bilmez.Edil gargynç alsaňam kynçylyklar beýdip yzly-yzyna gelmezmikä diýýän.
Geçen ýyl Arbeloa sebäpli Ikeriň eline şikes ýetipdi, düýn bolsa ýene öz ýoldaşlaryndan Ramos zerarly 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy.
Marcelo we Fabio Coentrao milli ýygyndydaky oýunlaryndan şikesli gelenleri sebäpli goragyň çepinda Arbeloa oýnady. Alonso bolmany üçin Modriç, Bale heniz diňe üç gezek türgenleşige gatnaşanlygy üçinem doly derejede taýýar däl, oň ýerine-de Di Maria oýnady. Real Madrid ýaly toparda şuň näme işi bar diýilýän Di Maria düýnki oýunda iki goluň pasyny berdi.
Oýunyň başynda ýarym sagat ýaly Galatasaray hem janköýerleri hem-de meýdançadaky oýunçylary bilen bizi derletdiler. Ýöne 33-nji minutda Isco gol salansoň ýuwaş-ýuwaş gowşap başladylar. Üstesine Drogba Pepe bilen süsüşeni üçin ikinji ýarymda oýuna dowam edip bilmedi. 2-0-dan soň Galatasarayyň doly derejede bady gaçdy we janköýerlerem ýuwaş-ýuwaş stadiony terk edip başladylar. Şol pursatdan soň biziň oýunçylarymyz tüweleý gelen ýaly etdiler we oýun gutaranda tabloda 1-6 ýazylgydy.
Gollar: Umut Bulut 84' | Isco 33' Benzema 54' 81' Ronaldo 63' 66' 90+1'
Ferguson aýtmyşlaýyn mini ýubka ýaly köp zat görkezse-de esasy zady görkezmeýän statistika:
Derwezä urlan urgular: 10 (4) - 19 (13)
Gödeklik: 8 - 12
Topy burçdan oýuna girizme: 4 - 1
Oýundan daşardaky ýagdaý: 5 - 4
Topy aýakda saklama: 51% - 49%
Urgyny sowma: 6 - 3
Sary petekler: Felipe Melo 30' Amrabat 65' Riera 86' | Pepe 45'
Indi şu statistikaň birinji ýarymyň soňundaky ýagdaýa seretsek Galatasaray bizi derletdi diýen ýerime düşünersiňiz diýip pikir edýän.
Derwezä urlan urgular: 6 (3) - 5 (2)
Gödeklik: 3 - 11
Topy burçdan oýuna girizme: 3 -0
Oýundan daşardaky ýagdaý: 1 - 2
Topy aýakda saklama: 49% - 51%
Urgyny sowma: 0 - 3
Dogrymy aýtsama Galatasaraydan mundan has gowy oýuna garaşýardym.
Elbetde düýn birnäçe rekordlaram täzelendi:
Real Madrid Çempionlar Ligasynda jemi 106 ýeňiş bilen iň köp ýeňiş gazanan topar.
ÇL-da yzly-yzyna 19 oýunda gol salan başga topar heniz ýok.
Casillas ÇL-da 74 ýeňiş bilen Raulyň yzyndan ýetdi.
Ancelotti 6 sany aýry-aýry topar bilen ÇL-da çykyş eden ilkinji tälimçi.
Ronaldo ÇL-da 53-nji goluny salyp 50 gol salan Thierry Henryň öňüne geçdi we 4-nji orny eýeledi.
Ronaldo ÇL-da iki gezek hat-trick eden 4-nji oýunçy. Beýlekiler Inzaghi, Owen we Shevchenko.

2.04.2013

Men Wesley Sneijder #3

 Ispaniýa, Madrid. Hotel AC Monte Real Marriott. Bu şäherde iki ýyl ýaşadym. 2007/08 we 2008/09 möwsümlerinde Real Madridde oýnapdym. La Ligada 52 oýun oýnadym we 11 gol saldym. 2010-njy ýylda bolsa Mourinhonyň Interi bilen Santiago Bernabéuda Çempionlar Ligasyny gazanypdym. Has giňişleýin şu ýerde gürrüň beripdim.
Dünýä Kubogy 2010-yň finalynda Ispaniýadan utulypdyk. Şol wagt Ispaniýanyň düzüminde şu wagtky Madridli futbolçylardan Casillas, Alonso we Ramos bardy.
Indi bolsa bu topara we öz kakam ýaly hormat goýýan tälimçim Jose Mourinho garşy oýnamana geldim.

11.02.2013

Men Wesley Sneijder #2

Real Madride pyrtykal (gollandiýaly) ýoň bolan wagty gidipdim. Ajax seýfine 27 million ýewro saldy. Real Madriddäki birinji möwsümimde erbedem oýnamadym, emma ikinji möwsümiň soňunda topardan gitmeli boldum. Inter meni 15 million ýewro satyn alanda birgiden goh-galmagal edilipdi. Inter ilki meniň bilen däl-de Real Madrid bilen 15 million ýewro ylalaşypdy, maňa bolsa ýyllyk 3,5 million ýewro teklip etdiler. Madridde 3 million gazanýardym, şonda-da Madridde dowam etmek isleýärdim. 2009-yň awgustynda bir aýlap Inter bilen gepleşikler geçirdim. Şol wagtlar gazetleri okan bolsaňyz men barada hergün bir habar çykýardy, gidýär, gidenok, Madridde dowam etmek isleýär... Interden 4,5 million isleýärdim we aldymam. Bu pul 2010-njy ýylda toparyň içindäki aýlyklaryň deň paýlanmagyna böwet bolýardy. Şertnamasyny täzeleýänleriň garradykça aýlyklaryny azaltmagy bolsa aramyzda ýer bilen gök ýaly tapawut döretdi. Bir ýyl soňra şertnama täzelänimizde bolsa şu wagt meni Interden gitmäne mejbur eden aýlyga gol çekdim: 6 million ýewro. Interde iki möwsümde bitiren işlerimi öň gürrüň beripdim: Men Wesley Sneijder. Soň bolsa 3-4-3-de we 4-3-3-de oýnap bilmez diýip meni gyrada oturtdylar. Üstesine-de maňa aňsat şikes ýetýärdi.
Inter 2015-nji ýyla çenli dowam edýän şertnamamy täzelemek isledi. Ýyllyk 4 million ýewro. Razy bolmadym. Möwsümiň başyndan bärem meýdança çykyp bilmedim. Dünýä ýyldyzy, üstesine-de heniz 28 ýaşymda bolsamam köp aýlyk alýanlygym sebäpli oýunlara meýdançaň gyrasynda oturup tomaşa etmäge mejbur edýärdiler. Italiýada futbolçylar jemgyýetiniň direktory Tommasi hem meniň tarapymy tutup Intere "6 million berjek diýipsiňiz, beriňdä indi" diýdi.
Ýöne şu wagt futbol dünýäsinde sanaýmalyja klublar maňa 5-6 million ýewro töläp biler. Barcelona we Real Madrid hasap däl, olara gitmejegim köre mälim. Belki-de iki Manchester kluby, Zenit, Anži we Paris Saint Germain. Italiýada bolsa maňa onça puly ola beýleki klublar eken, hat-da Milanam töläp bilmez.
Ahyrsoňy Galatasaray bilen şertnama baglaşdym. Ýöne olar bilenem ylalaşýançam Interi edişim ýaly burunlaryndan ikli gan getirdim. Ýanwarda bütin bir aýlap Italiýa we Türk metbugatynda men hakda dogry ýa-da ýalan-ýaşryk habarlar okadyňyz. Ýöne netijede indi men Galatasarayda. Men Wesley Sneijder, Galatasarayly Sneijder.

20.12.2012

Çempionlar Ligasynda bijeler çekildi

Çempionlar Ligasynda 2-nji turdaky garşydaşlar bugün Şweýsariýanyň Nyon şäherinde çekilen bijäniň netijesinde belli boldy. 2-nji turda birinji oýunlar 12-13-nji fewral we 19-20-nji fewralda oýnalar. Jogap oýunlary bolsa 5-6-njy mart we 12-13-nji martda oýnalar.
Çärýek finalyň bijeleri 15-nji martda çekiler. Bu möwsümiň çempiony bolsa 25-nji maýda Wembleyde oýnaljak final oýunynda belli bolar.

17.11.2012

Gürjistanyň energiýa ministri Türkiýede

Futbol kariýerasynyň soňuna nokat goýandan soň, syýasata baş goşan futbolçylaryň biri, Dinamo Tiflis, Dinamo Kiew, Genoa ýaly klublaryň köýnekçesini derleden, aýratyn-da on ýyl oýnan kluby Milan bilen ýatlanýan Kakha Kaladze, Gürjistanda Bidzina Iwanişwili premýer-ministr saýlanandan soň "Energiýa ministri" saýlanypdy.
Kaladze, Galatasarayyň Karabükspor oýunyndan öň, Floryada Fatih Terim bilen görüşdi. Fatih Terim bilen 2001-nji ýylda Milanda bile işleşen futbolça oýunçylaryň we tälimçiniň goly çekilen Galatasaray köýnekçesi sowgat berildi we Galatasarayyň Karabükspor bilen oýnajak oýunyna çagyryldy.