3.10.2013

Real Madrid 4 - 0 København

Iki toparam ligadaky iň soňky oýnunda utulypdy, Real Madrid soňky 14 ýyl bäri Santiago Bernabeuda utup görmedik Atletico Madridden, Kopengagen bolsa myhmançylykda Brondbyden 3-2 hasabynda asgyn gelipdi. Kopengageniň düzüminde hiç-hili şikes ýeten ýa-da jezaly oýunçy ýokdy, şonuň üçinem olar iň güýçli 11 oýunçysy bilen meýdança çykdylar diýsek ýalňyş bolmaz. Real Madridde bolsa Gareth Bale we Xabi Alonso ýokdy.
91 million ýewro satyn alnan Gareth Bale geleli bäri ibaly oýun oýnap bilmedi. Doktorlar Atletico Madrid bilen oýnaljak oýundan öň şikes ýeten Uelsli oýunçynyň, Tottenhamdan Madride geçip-geçmejegi belli bolýança aşa stresden ejir çekendigini, şikesleriň hem hut şu sebäpli ýetýänligini aýdýarlar. Iň bärkisi ýönekeýje ekzamene girmänkäňiz içiň sanjylaberýändir, ýöne aňry gitse iki sagatdan ekzamenem hemme zadam dynýar. Emma Bale Londondan Madride gelmek üçin 2-3 aý garaşmaly boldy.
Meni bugünem satmandyrlar.
Oýuna tomaşa etmedikler bu ýazgyny okaýandyra öýdemok, ýöne adamçylyk, görmedikleriňiz bar bolsa Ronaldoň ikinji golunda Di Mariaň beren pasyny hökman görüň. 
Onuň düýn agşamky oýnan oýnuny gözöňünde tutsak Bale bu ýakynda esasy düzümde oýnamaz diýip pikir etse bolar. Iki gol we bir assist. Emma futbolyň ýazylmadyk kanunlary bolýar, 91 million berlen oýunçyny ätiýaçda oturtmaga ne tälimçi het eder, ne-de janköýerler sabyr edip onuň oýnamagyna garaşar. Şu nukdaý nazardan eger-de Bale fiziki taýdan taýýar ýagdaýa gelse, her hepde esasy düzümde oýnap başlar. Carlo-da onuň fiziki taýdan taýýar ýagdaýa gelmegi üçin iki hepde topardan aýratyn ýöriteleşdirilen türgenleşik geçirjekdigini aýtdy.
Tomusky tranfer möwsüminde birnäçe klub Di Mariany satyn almak üçin döwtalap boldy. Di Maria bolsa Real Madridde galmak isleýändigini aýtdy, Florentino Perezem arkasynda durdy we satmady. Aslynda onuň galmagynda Ronaldonyňam eli bar. Di Maria gyzynyň ýaramaýandygyny we Madrid şäherinde bejergi alýandygyny, şol sebäpli hem hiç ýerik gitmek islemeýändigini aýdypdy. Galmagynyň ýene bir sebäbiniňem, başga bir toparda oýnaýan futbolçy dostlaryndan biri bilen gepleşende "Seň aklyňy ýitirdiňmi, ilä Madride ýetip bilenok, sen bolsa gitmek barada oýlanýarsyň. Beýle zatlary kelläňe-de getirme, şol ýerde gal we futbol oýnamaga dowam et" diýendigini aýdypdy. Toparda galmagy üçin gidip Perez bilen gepleşendigi üçinem Ronaldo minnetdarlyk bildiripdi.
Biri esasy düzümde oýnamak üçin bäsleşikden gorkup Arsenala geçýär, beýlekisi 91 millionlyk Bale bilen bäsleşmekden gorkanok. Herkimiň öz pikiri bar, biz ikisine-de hormat goýýarys.
Jose Mourinho döwründe burçdan oýna girizilen we gyradan orta galdyrylan toplar biziň toparymyz üçin mydama-da howply bolup durýardy. Onuň üç ýyl boýunça çözüp bilmedik meselesi ahyry Diego Lopezi alansoň çözülipdi. Lopez topy oýuna girizmekde bolşy ýaly, gyradan gelýän toplary sowmakda-da Ikerden birnäçe ädim öňde. Hut düýnki oýunda-da 40-njy minutda şu mesele ýene gaýtalandy. Burçdan oýna girizilen topy kelle bilen derwezä gönükdiren Jorgensen we Kopenhag üçin şowsuz pursatdy, top sütüne degip gol bolmady. Bütin oýun boýunça Casillas diňe iki gezek göründi, biri 40-njy minutda urmaly topuny sypdyran pursady, ikinjisi bolsa 90-njy minutda hasabyň 4-1 bolmagynyň öňüni alan pursady.
Marceloň oýnap başlamagy hem Real Madrid üçin gowy habar. Oýuna çep tarapdan tizlik gazandyrýan we hüjümçileriň hemmesi ýapyk wagty pas berip boljak ynamdar oýunçy. Oýun sag tarapa dykylyp başlasa topy Marcelo okla we derwezäň öňüne ylgaber. Ol eýýäm saňa golluk pas bermäne taýýardyr. Netijede Oýunyň birinji goly hem şeýle salyndy.

Real Madridiň geçen ýyly kuboksyz geçirmeginiňem gözbaşynda Marcelo durýar diýip pikir edýän. Ilki Marcelo şikes ýetende Coentrao-da jezaly bolany üçin goragyň çep gyrasynda Essien we Arbeloa oýnady. Başda 1-2 oýunda şu sebäpli utulansoň, toparyň içindäki meseleler gozgaldy. Aslynda toparlaryň içindäki meseleler mydama-da bolýar, emma eger oýunlary utýan bolsalar metbugat bu barada ýazmaýar. Haçan-da erbet oýnap başlasaňyz çörek pul üçin hemme zady etmäge taýyn metbugatam özleriçe sebäp gözläp başlaýarlar. Elbetde birgiden sebäp ýazylýar, käbirleri aslynda dogry bolmasa-da bolup biläýjek zat bolansoň ynanylýar, käbir ýazylýan zatlara ynanmak üçin bolsa düýn doglup, şu gün futbol görüp başlan adam bolmak gerek.
Pepeň ýanynda oýnan Varane ýene-de hemişekisi ýaly ýalňyşsyz oýnady. Pepe garşydaş oýunçy bilen çaknyşyp, ýerde ýatyrka ýüzünden gan akýardy -gaşy ýarylaýdy öýdýän- we bu gaty köp adama geň ýagdaý ýaly göründi. Sebäbi nämemiş ol adam dälmiş, ol mydama oýunçylara şikes ýetirýärmiş... we ş.m. wala-walalar. Hatda gowy bolaýdy diýip begenýänler, oýunlyga salybam bolsa "ölmedigine gynanýan" diýýänlerem bar. Muny diýýänleriň elbetde Pepeniň soňky iki möwsümde iň az sary kart alan Real Madridli goragçydygyndan habarlary ýokdur.
 Illara-Khedira-Modric biri-biri bilen düşünişip gowy oýnadylar. 40-njy minutda sütüne degen topuň derwezä girmeginiň öňüni alanam Modricdi. Ronaldo barada ýazmak hökmanam däl, ol şol bir bolşy, gol salmaga dowam edýär. Barcelona, Manchester United, Arsenal, Chelsea we Borussia Dortmund Çempionlar Ligasynda iki oýunda bäş gol saldy. Ronaldoňam iki oýunda bäş goly bar. Ýewropada jemi 100 oýunda 56 gol saldy we iki gezek bir oýunda üç gol salan dört oýunçydan biri. (Beýlekiler: Owen, Inzaghi, Shevchenko) Sergio Ramosyňam aýdyşy ýaly, toparyň ýyldyzy Ronaldo, beýleki oýunçylar bolsa bilini berk guşap türgenleşige dowam etmeli. 
Karim Benzema bolsa topara göräräk oýnaýar. Topar gowy oýnan güni olam gowy, erbet oýnalan güni bolsa ol halasgär bolup bilenok. Fransiýa milli ýygyndysynda-da gol salmanyna ep-esli wagt boldy. Üç ýyl mundan öň Higuain şikesliligi sebäpli alty aý futbol oýnamandy. Şol wagt toparyň gol ýüküni çekmeli adam göräýmäge Benzema bolmaly ýalydy, emma Jose Adebayory kärendesine alyp, gowy oýnamasa Real Madrid köýnekçesini geýip bilmejekdigini duýdurypdy. Edil şu wagtam Benzema arkaýynlaşan bolmagy mümkin. Ýöne çynyny etmese ýakynda Morata ýerini alyp biler. Atletico Madride garşy oýnan oýnuna tomaşa edenler meň bilen razylaşar. As.comyň "Esasy düzümde kim oýnamaly?" diýen anketasyna ses berenleriň 85.75%-i Morata, 14.25%-i bolsa Benzema diýdi.
 Çempionlar Ligasynda iki oýunda on gol salan Madridiň indiki etmeli işi ligada-da şu tempde oýnamagy başarmaly.

0 Teswir: