Çempionlar Ligasy etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Çempionlar Ligasy etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

17.09.2014

On birinji çempionlyk üçin - başlangyç

Dünýädäki iň gyzykly futbol şüweleňleriniň biri UEFA Çempionlar Ligasy düýn agşam geçirilen duşuşyklar bilen başlady. Soňky çempion öz meýdançasynda Şweýsariýanyň Baselini kabul edip, 5-1 hasabynda üstün çykdy.

Oýunda janköýerler Iker Casillasa bolan nägileliklerini sykylykdyr goh-galmagal bilen bildirdiler. Bu ýagdaý Atletico Madrid bilen oýnalan oýunda-da gaýtalanypdy. Pepe bolsa oýundan soň: "Janköýerleriň Casillasa sygyranlaryny eşitmedim, ýöne eden bolsa dogry edipdirler, olar mydama mamla" diýipdi. Bu oýundan soň bolsa Ramos: "Sykylyklar? Janköýerlerimize har ýagdaýda düşünjek bolmaly. Utulan günümiz öýlerine nähili erbet ýagdaýda gaýdýandyklaryny bilýäris" diýdi. Ikisi hem janköýerleriň göwnüni görmek üçin düzülen sözlemler. Ancelotti bolsa gönüläp o tema barada hiç zat geplemejekdigini aýtdy.
Ancelottiniň derwezebanyna arka çykmagyna-da düşünmek kyn däl. Casillas onuň üçin diňe bir derwezeban däl. Nägilelik bildirilýän adam ýöne-möne adam däl. Ençe ýyllap Real Madridiň derwezesini goran, ummasyz toplaryň derwezä girmesiniň öňüni alan, alyp bolaýjak hemme kubogy alyp gören, kapitan. Kapitan diýmek ýöne bir çignine mata daňylan adam diýmek däl. Şol matany çigne daňmak üçin Real Madrid beýlede dursun, haýsy toparda oýnaýaňda-da köp tamdyr çörek iýmeli.
Wenger bu barada:
"Kapitan, sada dil bilen aýtsak tälimçiniň habarçysydyr. Toparyň kapitany bilen tälimçisiniň arasynyň gowy bolmagy, hem topary hem tälimçini güýçlendirýär. Bu gatnaşyk erbetleşse topar hem erbetleşer, sebäbi bir topar üçin iki liderden iki aýry habar almak ýaly erbet zat ýokdur. Şol sebäpli-de tälimçiniň wagtyny kapitan bilen birlikde geçirmeginiň gaty möhüm zatdygyna ynanýaryn. Biz kapitan bilen toparyň nämä mätäçdigi, çalşyrynma otagynda haýsydyr bir näsazlygyň barlygy ýa-da ýoklugy barada gepleşýäris. Size hemme zady gürrüň bermegi hökman däl, barybir gürrüň bermezem. Çalşyrynma otagyna degişli käbir zatlary gürrüň bermek islemeýärler we men muňa düşünýärin. Şonda-da biri-birimize ynam bolmaly we bu kyn möwsüme bilelikde başlan ýagdaýyňda emele gelýär. Bu özara gatnaşyk, yzly-yzyna alty oýunda utulmak bilen iki ýa-da üç oýunda utulmagyň arasyndaky tapawudy kesgitleýär. Bu raýdaşlyk bilen bu ýagdaýyň bilelikde hötdesinden gelýärler" diýýär. Şu nukdaýnazardan seretsek Ancelottiniň Mourinhodan tapawutlydygyny aýdyp bileris. Näme-de bolsa "The Special One" Casillas bilen kän oňuşanokdy. Ýa-da iň bolmanda günde-günaşa şonýaly habarlar çykýardy. Dek düýnem Ronaldonyň James bilen türgenleşmek islemeýändigi barada habar çykdy. Habaryň ýazylmagyna sebäp bolan şu videoda Ronaldo toparlaryň oýunçy sanynyň deň bolmagy üçin Jamesi beýleki topara ugradýar. Ronaldonyň barmaklaryna ünsli seretseňiz iki toparyň hem oýunçy sanyny sanaýandygy belli bolýar.
Öňem belläp geçipdim: "Aslynda toparlaryň içindäki meseleler mydama-da bolýar, emma eger oýunlary utýan bolsalar metbugat bu barada ýazmaýar. Haçan-da erbet oýnap başlasaňyz çörek pul üçin hemme zady etmäge taýyn metbugatam özleriçe sebäp gözläp başlaýarlar. Elbetde birgiden sebäp ýazylýar, käbirleri aslynda dogry bolmasa-da bolup biläýjek zat bolansoň ynanylýar, käbir ýazylýan zatlara ynanmak üçin bolsa düýn doglup, şu gün futbol görüp başlan adam bolmak gerek".
Real Madrid möwsüme elbetde erbet başlady. Şu we şuňa meňzeş habarlar elbetde çykar. Ýalňyş adamlaryň satylyp, ýalňyş adamlaryň alnandygy barada, toparyň içindäki agzalalyk barada we ş.m. Ýöne işler ugrugyp ugransoň (ugruksa) welin ne beýle habar ýazarlar, ne-de beýle habary okan adam tapylar.

3.10.2013

Real Madrid 4 - 0 København

Iki toparam ligadaky iň soňky oýnunda utulypdy, Real Madrid soňky 14 ýyl bäri Santiago Bernabeuda utup görmedik Atletico Madridden, Kopengagen bolsa myhmançylykda Brondbyden 3-2 hasabynda asgyn gelipdi. Kopengageniň düzüminde hiç-hili şikes ýeten ýa-da jezaly oýunçy ýokdy, şonuň üçinem olar iň güýçli 11 oýunçysy bilen meýdança çykdylar diýsek ýalňyş bolmaz. Real Madridde bolsa Gareth Bale we Xabi Alonso ýokdy.
91 million ýewro satyn alnan Gareth Bale geleli bäri ibaly oýun oýnap bilmedi. Doktorlar Atletico Madrid bilen oýnaljak oýundan öň şikes ýeten Uelsli oýunçynyň, Tottenhamdan Madride geçip-geçmejegi belli bolýança aşa stresden ejir çekendigini, şikesleriň hem hut şu sebäpli ýetýänligini aýdýarlar. Iň bärkisi ýönekeýje ekzamene girmänkäňiz içiň sanjylaberýändir, ýöne aňry gitse iki sagatdan ekzamenem hemme zadam dynýar. Emma Bale Londondan Madride gelmek üçin 2-3 aý garaşmaly boldy.
Meni bugünem satmandyrlar.
Oýuna tomaşa etmedikler bu ýazgyny okaýandyra öýdemok, ýöne adamçylyk, görmedikleriňiz bar bolsa Ronaldoň ikinji golunda Di Mariaň beren pasyny hökman görüň. 
Onuň düýn agşamky oýnan oýnuny gözöňünde tutsak Bale bu ýakynda esasy düzümde oýnamaz diýip pikir etse bolar. Iki gol we bir assist. Emma futbolyň ýazylmadyk kanunlary bolýar, 91 million berlen oýunçyny ätiýaçda oturtmaga ne tälimçi het eder, ne-de janköýerler sabyr edip onuň oýnamagyna garaşar. Şu nukdaý nazardan eger-de Bale fiziki taýdan taýýar ýagdaýa gelse, her hepde esasy düzümde oýnap başlar. Carlo-da onuň fiziki taýdan taýýar ýagdaýa gelmegi üçin iki hepde topardan aýratyn ýöriteleşdirilen türgenleşik geçirjekdigini aýtdy.
Tomusky tranfer möwsüminde birnäçe klub Di Mariany satyn almak üçin döwtalap boldy. Di Maria bolsa Real Madridde galmak isleýändigini aýtdy, Florentino Perezem arkasynda durdy we satmady. Aslynda onuň galmagynda Ronaldonyňam eli bar. Di Maria gyzynyň ýaramaýandygyny we Madrid şäherinde bejergi alýandygyny, şol sebäpli hem hiç ýerik gitmek islemeýändigini aýdypdy. Galmagynyň ýene bir sebäbiniňem, başga bir toparda oýnaýan futbolçy dostlaryndan biri bilen gepleşende "Seň aklyňy ýitirdiňmi, ilä Madride ýetip bilenok, sen bolsa gitmek barada oýlanýarsyň. Beýle zatlary kelläňe-de getirme, şol ýerde gal we futbol oýnamaga dowam et" diýendigini aýdypdy. Toparda galmagy üçin gidip Perez bilen gepleşendigi üçinem Ronaldo minnetdarlyk bildiripdi.
Biri esasy düzümde oýnamak üçin bäsleşikden gorkup Arsenala geçýär, beýlekisi 91 millionlyk Bale bilen bäsleşmekden gorkanok. Herkimiň öz pikiri bar, biz ikisine-de hormat goýýarys.
Jose Mourinho döwründe burçdan oýna girizilen we gyradan orta galdyrylan toplar biziň toparymyz üçin mydama-da howply bolup durýardy. Onuň üç ýyl boýunça çözüp bilmedik meselesi ahyry Diego Lopezi alansoň çözülipdi. Lopez topy oýuna girizmekde bolşy ýaly, gyradan gelýän toplary sowmakda-da Ikerden birnäçe ädim öňde. Hut düýnki oýunda-da 40-njy minutda şu mesele ýene gaýtalandy. Burçdan oýna girizilen topy kelle bilen derwezä gönükdiren Jorgensen we Kopenhag üçin şowsuz pursatdy, top sütüne degip gol bolmady. Bütin oýun boýunça Casillas diňe iki gezek göründi, biri 40-njy minutda urmaly topuny sypdyran pursady, ikinjisi bolsa 90-njy minutda hasabyň 4-1 bolmagynyň öňüni alan pursady.
Marceloň oýnap başlamagy hem Real Madrid üçin gowy habar. Oýuna çep tarapdan tizlik gazandyrýan we hüjümçileriň hemmesi ýapyk wagty pas berip boljak ynamdar oýunçy. Oýun sag tarapa dykylyp başlasa topy Marcelo okla we derwezäň öňüne ylgaber. Ol eýýäm saňa golluk pas bermäne taýýardyr. Netijede Oýunyň birinji goly hem şeýle salyndy.

Real Madridiň geçen ýyly kuboksyz geçirmeginiňem gözbaşynda Marcelo durýar diýip pikir edýän. Ilki Marcelo şikes ýetende Coentrao-da jezaly bolany üçin goragyň çep gyrasynda Essien we Arbeloa oýnady. Başda 1-2 oýunda şu sebäpli utulansoň, toparyň içindäki meseleler gozgaldy. Aslynda toparlaryň içindäki meseleler mydama-da bolýar, emma eger oýunlary utýan bolsalar metbugat bu barada ýazmaýar. Haçan-da erbet oýnap başlasaňyz çörek pul üçin hemme zady etmäge taýyn metbugatam özleriçe sebäp gözläp başlaýarlar. Elbetde birgiden sebäp ýazylýar, käbirleri aslynda dogry bolmasa-da bolup biläýjek zat bolansoň ynanylýar, käbir ýazylýan zatlara ynanmak üçin bolsa düýn doglup, şu gün futbol görüp başlan adam bolmak gerek.
Pepeň ýanynda oýnan Varane ýene-de hemişekisi ýaly ýalňyşsyz oýnady. Pepe garşydaş oýunçy bilen çaknyşyp, ýerde ýatyrka ýüzünden gan akýardy -gaşy ýarylaýdy öýdýän- we bu gaty köp adama geň ýagdaý ýaly göründi. Sebäbi nämemiş ol adam dälmiş, ol mydama oýunçylara şikes ýetirýärmiş... we ş.m. wala-walalar. Hatda gowy bolaýdy diýip begenýänler, oýunlyga salybam bolsa "ölmedigine gynanýan" diýýänlerem bar. Muny diýýänleriň elbetde Pepeniň soňky iki möwsümde iň az sary kart alan Real Madridli goragçydygyndan habarlary ýokdur.
 Illara-Khedira-Modric biri-biri bilen düşünişip gowy oýnadylar. 40-njy minutda sütüne degen topuň derwezä girmeginiň öňüni alanam Modricdi. Ronaldo barada ýazmak hökmanam däl, ol şol bir bolşy, gol salmaga dowam edýär. Barcelona, Manchester United, Arsenal, Chelsea we Borussia Dortmund Çempionlar Ligasynda iki oýunda bäş gol saldy. Ronaldoňam iki oýunda bäş goly bar. Ýewropada jemi 100 oýunda 56 gol saldy we iki gezek bir oýunda üç gol salan dört oýunçydan biri. (Beýlekiler: Owen, Inzaghi, Shevchenko) Sergio Ramosyňam aýdyşy ýaly, toparyň ýyldyzy Ronaldo, beýleki oýunçylar bolsa bilini berk guşap türgenleşige dowam etmeli. 
Karim Benzema bolsa topara göräräk oýnaýar. Topar gowy oýnan güni olam gowy, erbet oýnalan güni bolsa ol halasgär bolup bilenok. Fransiýa milli ýygyndysynda-da gol salmanyna ep-esli wagt boldy. Üç ýyl mundan öň Higuain şikesliligi sebäpli alty aý futbol oýnamandy. Şol wagt toparyň gol ýüküni çekmeli adam göräýmäge Benzema bolmaly ýalydy, emma Jose Adebayory kärendesine alyp, gowy oýnamasa Real Madrid köýnekçesini geýip bilmejekdigini duýdurypdy. Edil şu wagtam Benzema arkaýynlaşan bolmagy mümkin. Ýöne çynyny etmese ýakynda Morata ýerini alyp biler. Atletico Madride garşy oýnan oýnuna tomaşa edenler meň bilen razylaşar. As.comyň "Esasy düzümde kim oýnamaly?" diýen anketasyna ses berenleriň 85.75%-i Morata, 14.25%-i bolsa Benzema diýdi.
 Çempionlar Ligasynda iki oýunda on gol salan Madridiň indiki etmeli işi ligada-da şu tempde oýnamagy başarmaly.

17.09.2013

Çempionlar Ligasy başlady


Real Madrid La Ligadaky soňky oýunyna çenli owadan oýun oýnamasa-da utup gelýärdi. Soňky oýunynda bolsa Villareal bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Elbetde liga ýaňy başlaýan wagtlary möhüm mesele owadan oýnamak däl-de 3 bal almak bolýar. Ligaň başlarynda erbed-u-gowy oýun bilen ballary toplasaň oýunçylar biri-birine öwrenşensoň ýuwaş-ýuwaş oýunam düzetse bolýar. 
Düýnki oýunda Real Madridiň esasy düzümi:
Casillas
Carvajal - Pepe - Ramos - Arbeloa
Khedira - Modric
Di Maria - Isco - Ronaldo
Benzema
Ancelotti derwezebanlar barada "Diego Lopez şu wagt gowy oýnaýar, ol La Ligada derwezäni gorar. Casillas ýaly tejribeli oýunçydan bolsa Çempionlar Ligasynda peýdalanarys" diýdi. Şeýlelikde Casillas 238 gün soň ilkinji gezek resmi duşuşykda derwezäni goramalydy. Emma Sergio Ramos bilen süsüşeni üçin gapyrgasyna şikes ýetdi we 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy. Ilki bir sargy bilen oýnajagam boldy, ýöne dowam edip bilmedi. Nähili gynandyryjy, gaharyňy getirýän ýagdaý. Sen klubyň taryhyna adyňy altyn harplar bilen ýazdyran rowaýaty oýunçy bolmagyňa garamazdan şonça wagtlap oýnap bilmän ahyrynda-da oýuna başlap-başlamankaň çykmaly bolýaň. Casillasyň gapyrgasy çat açan bolmagy mümkin we azyndan 10-15 oýnap bilmez.Edil gargynç alsaňam kynçylyklar beýdip yzly-yzyna gelmezmikä diýýän.
Geçen ýyl Arbeloa sebäpli Ikeriň eline şikes ýetipdi, düýn bolsa ýene öz ýoldaşlaryndan Ramos zerarly 15-nji minutda oýundan çykmaly boldy.
Marcelo we Fabio Coentrao milli ýygyndydaky oýunlaryndan şikesli gelenleri sebäpli goragyň çepinda Arbeloa oýnady. Alonso bolmany üçin Modriç, Bale heniz diňe üç gezek türgenleşige gatnaşanlygy üçinem doly derejede taýýar däl, oň ýerine-de Di Maria oýnady. Real Madrid ýaly toparda şuň näme işi bar diýilýän Di Maria düýnki oýunda iki goluň pasyny berdi.
Oýunyň başynda ýarym sagat ýaly Galatasaray hem janköýerleri hem-de meýdançadaky oýunçylary bilen bizi derletdiler. Ýöne 33-nji minutda Isco gol salansoň ýuwaş-ýuwaş gowşap başladylar. Üstesine Drogba Pepe bilen süsüşeni üçin ikinji ýarymda oýuna dowam edip bilmedi. 2-0-dan soň Galatasarayyň doly derejede bady gaçdy we janköýerlerem ýuwaş-ýuwaş stadiony terk edip başladylar. Şol pursatdan soň biziň oýunçylarymyz tüweleý gelen ýaly etdiler we oýun gutaranda tabloda 1-6 ýazylgydy.
Gollar: Umut Bulut 84' | Isco 33' Benzema 54' 81' Ronaldo 63' 66' 90+1'
Ferguson aýtmyşlaýyn mini ýubka ýaly köp zat görkezse-de esasy zady görkezmeýän statistika:
Derwezä urlan urgular: 10 (4) - 19 (13)
Gödeklik: 8 - 12
Topy burçdan oýuna girizme: 4 - 1
Oýundan daşardaky ýagdaý: 5 - 4
Topy aýakda saklama: 51% - 49%
Urgyny sowma: 6 - 3
Sary petekler: Felipe Melo 30' Amrabat 65' Riera 86' | Pepe 45'
Indi şu statistikaň birinji ýarymyň soňundaky ýagdaýa seretsek Galatasaray bizi derletdi diýen ýerime düşünersiňiz diýip pikir edýän.
Derwezä urlan urgular: 6 (3) - 5 (2)
Gödeklik: 3 - 11
Topy burçdan oýuna girizme: 3 -0
Oýundan daşardaky ýagdaý: 1 - 2
Topy aýakda saklama: 49% - 51%
Urgyny sowma: 0 - 3
Dogrymy aýtsama Galatasaraydan mundan has gowy oýuna garaşýardym.
Elbetde düýn birnäçe rekordlaram täzelendi:
Real Madrid Çempionlar Ligasynda jemi 106 ýeňiş bilen iň köp ýeňiş gazanan topar.
ÇL-da yzly-yzyna 19 oýunda gol salan başga topar heniz ýok.
Casillas ÇL-da 74 ýeňiş bilen Raulyň yzyndan ýetdi.
Ancelotti 6 sany aýry-aýry topar bilen ÇL-da çykyş eden ilkinji tälimçi.
Ronaldo ÇL-da 53-nji goluny salyp 50 gol salan Thierry Henryň öňüne geçdi we 4-nji orny eýeledi.
Ronaldo ÇL-da iki gezek hat-trick eden 4-nji oýunçy. Beýlekiler Inzaghi, Owen we Shevchenko.

9.07.2013

Täze möwsümiň toplary

Çempionlar Ligasy

Ýewropa Ligasy

La Liga

2.04.2013

Men Wesley Sneijder #3

 Ispaniýa, Madrid. Hotel AC Monte Real Marriott. Bu şäherde iki ýyl ýaşadym. 2007/08 we 2008/09 möwsümlerinde Real Madridde oýnapdym. La Ligada 52 oýun oýnadym we 11 gol saldym. 2010-njy ýylda bolsa Mourinhonyň Interi bilen Santiago Bernabéuda Çempionlar Ligasyny gazanypdym. Has giňişleýin şu ýerde gürrüň beripdim.
Dünýä Kubogy 2010-yň finalynda Ispaniýadan utulypdyk. Şol wagt Ispaniýanyň düzüminde şu wagtky Madridli futbolçylardan Casillas, Alonso we Ramos bardy.
Indi bolsa bu topara we öz kakam ýaly hormat goýýan tälimçim Jose Mourinho garşy oýnamana geldim.

8.03.2013

Real Madrid çärýek finalda

Giggs kariýerasyndaky 1000-nji oýnuna çykdy, Ronaldo Real Madrid köýnekçesi bilen 34 stadionda gol saldy, Çempionlar Ligasynda oýnan hemme garşydaşlaryna gol saldy, üç ýyldan soň ilkinji gezek Old Traffordda gaýdyp geldi, oýundan soň oňa 1000-nji oýnuna çykan Giggsiň bütin MU-ly oýunçylar tarapyndan gol çekilen köýnekçesi sowgat berildi. Oýundan bir gün soň bolsa Real Madridiň 111-nji doglan günüdi.
Emma oýundan soň şularyň hiçbiri barada gepleşilmedi. Türkiýeli emin Cüneyt Çakır 56-nji minutda Nani beren gyzyl karty bilen metbugatyň ünsüni hemme zatdan sowup özüne çekdi.
Manchester United Bernabeudaky oýunda oýnaýşy ýaly topy Madride berdi, oýny öz derwezelerine ýakyn oýnadylar we topy alan wagtlary kontratakalar bilen amatly pursatlar döretdiler. Madridiň Varane we Ramos ýaly ýyndam goragçylarynyň bolmagy, garşydaşyň kontratakalarynyň gola öwrülmeginiň öňüni aldy. Real Madrid gol saldyranokdy ýöne bu ýeterlik däldi, hökman gol salmalydylar. Sebäbi oýun 0-0 gutarsa çärýek finala Manchester United çykjakdy.
Ikinji ýarymyň başynda Ramosyň ýalňyşlyk bilen topy öz derwezesine salmagy bolsa Madridi hasam kyn ýagdaýda goýdy. Näme-de bolsa Madridiň dadyna Nani ýetişdi, Arbeloanyň garnyndan gapy açyp toparyny 10 adam goýdy oturyberdi. Şol pursatdan soň oýun Madridiň janköýerleri üçin gyzykly bolup başlady. Only One Arbeloany çykaryp ýerine Modriçi saldy. Netijede 3 minutda 2 gol.
Oýunyň ykbaly sanlyja minutda çözüldi oturyberdi. Oýundan soň ýatda galanlar bolsa Ronaldonyň salan golundan soň begenmezligi, oýundan öň Manchesterli janköýerleriň ony gowy garşylamagy we Jose Mourinhonyň oýundan öň awtograf paýlamagy boldy.
Emin Cüneyt Çakıryň beren gyzyl karty elbetde her hili pikirleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy. "Nani Arbeloany görmedi, niýeti ony depmek däldi. Emin gyzyl berip ýalňyşdy" diýýänlere jogabym, niýet oýnuň kanunyny üýtgedip bilmeýär. Eger-de şol uçup depen Nani däl-de Pepe bolan bolsa näme diýjeklerini bilýänle.
"Nani Arbeloany görmese-de Arbeloa ony görýärdi, öňünden sowlup bilerdi. Emin nebir oýny zaýalady" diýýänler bolsa hasam gülkünç.
UEFA tarapyndan oýuna barlagçy hökmünde iberilen Pierluigi Collina emine 8.2 bal berdi. Eminiň goýberen ýeke-täk ýalňyşy bolsa oýundan soň el çarpyp nägilelik bildiren Ferdinanda bermedik sary kartydy.

14.02.2013

14-nji fewral - Söýgüliler güni

14-nji fewral, söýgüliler güni. Adaty adamlar bugün öz söýgülisine sowgat berýär. Biziňem söýgülimiz bize sowgat berdi. Näme sowgat berdi? Celtic-Juventus, Valencia-PSG, Real Madrid-MU, Shakhtar Donetsk-Borussia Dortmund ýaly oýunlary sowgat berdi. Bütin futbolsöýerleriň söýgüliler güni gutly bolsun. Hemmäňiziň janköýerlik edýän toparyňyza üstünlik arzuw edýärin.

20.12.2012

Çempionlar Ligasynda bijeler çekildi

Çempionlar Ligasynda 2-nji turdaky garşydaşlar bugün Şweýsariýanyň Nyon şäherinde çekilen bijäniň netijesinde belli boldy. 2-nji turda birinji oýunlar 12-13-nji fewral we 19-20-nji fewralda oýnalar. Jogap oýunlary bolsa 5-6-njy mart we 12-13-nji martda oýnalar.
Çärýek finalyň bijeleri 15-nji martda çekiler. Bu möwsümiň çempiony bolsa 25-nji maýda Wembleyde oýnaljak final oýunynda belli bolar.

22.11.2012

Ibrahimovićiň goly moda boldy


Çempionlar Ligasynda Milan - Anderlecht oýunynda Mexesiň salan owadan üstaşyr goly, Şwesiýa - Angliýa oýunynda Ibrahimovićiň salan goluny ýada saldy.

6.11.2012

Real Madrid 2-2 Borussia Dortmund

Güýçli depginde oýuna başlan Madrid birnäçe amatly pursat döredenem bolsa, şanssyzlyk sebäpli bu pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Oýunyň birinji ýarymynda Madridiň topa eýe bolma göterimi 61 %-di.
Ronaldo we Higuain birnäçe gezek salaýmaly goly salyp bilmediler. Dortmund bolsa 45 minuda iki gol sygdyrdy. Albiol her näçe Varanedan az oýnasa-da oňa görä tejribeli. Jose Çempionlar Ligasynda toparçanyň lideri bilen oýnaljak oýunda beri Albioly saýlan bolsa dogry bolardymyka diýýän. Elbetde “Only One” lakamly tälimçä akyl öwretmek biziň çakymyz däl. Ýöne birinji golyň Varane-yň ýalňyşy bilen, Götzeniň aňsatlyk bilen topy Reusa geçirmegine ýol berenligi sebäpli girendiginem ýatladaly.
Öziliň ajaýyp pasyny Pepe ussatlyk bilen gola öwrenem bolsa, Madrid bu hasaby gorap bilmedi. Marcelo we Coentraonyň şikeslidigi sebäpli çep gyraky goragçy hökmünde oýnan Arbeloa, Jordi Alba öýkünip topy öz derwezebanynyň üstünden geçirip topy derwezä gönükdirdi.
Ikinji ýarymda Dortmund çyny bilen hasaby goramaga synanyşdy. Gerek ýerinde on bolup goragda durdular, gerek ýerinde gödeklige ýol berdiler, garaz Madridli futbolçylaryň derwezä golaýlaşmagyna rugsat bermediler. Örän amatly pursatlarda gol salyp bilmedik Higuainiň ýerine giren Callejon ondan has köpräk jan etse-de hasaba gönüden göni täsirini ýetirip bilmedi. Modriç orta meýdançada Dortmundly futbolçylara garşy juda ýumşak oýnansoň ikinji ýarymyň başynda ýerini Essiene bermeli boldy. Oýunyň soňlarynda Arbeloanyň ýerine Kaka’ girensoň Madrid hasam ykjam hüjüm edip başlady. 89-njy minutda Mesut Özil jerime urgusyny dürs urup hasaby deňlänsoň Madridli oýunçylar hasaby Manchester City oýunyndaky ýaly 3-2 edip biljeklerine hasam ynanyp başladylar. Emma eýýäm suw seňrikden agypdy. Türkiýeli emin Cüneyt Çakır oýunyň gutarandygyny aňladýan jürlewigini jürledipdi.

22.05.2012

2011-12 Çempionlar Ligasy we Penaltiler


Çärýek finala çykan toparlar belli bolanda, Barcelona ýarym finaly çärýek finaldan aňsat geçer diýen bolsam hiç kim garşy çykmazdy. Çärýek finalda Milan biraz kösemegi mümkindi ýöne ýarym finalda ýa Chelsea ýa-da Benfica bilen oýnamalydylar. Benfica çyksa Barcelona aňsatjak utjakdy, köre mälimdi. Chelseaňem şol wagtlar AVB-y ýaňy kowan wagtydy, iň erbet möwsümlerinden birini geçirýän topara Di Matteoň nähili täsir etjegi belli däldi. Göräýmäge güýçli tarap Barcelonady.
Beýleki tarapda diňe grupbalara gatnaşmak üçin ilki Skënderbeu Korçëni, soňra Slovan Bratislavany, iň soňunda bolsa Wisła Krakówy utmaly bolan APOEL bilen Real Madrid duşuşýardy. APOEL ilki üç topary utup, soňra grupbalara gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Olar Porto, Shakhtar Donetsk we Zenit St. Petersburgdan ybarat grupbadan birinji bolup çykypdy. Soňra O. Lyony geçip çärýek finala gelipdi. Gelip biläýjek iň gowy ýerine gelipdi. Mundan soň Jose Mourinhoň Real Madridini utmak mümkin däldi.
Real Madridem APOELi utup ýarym finala çyksa Bayern Münih bilen garşylaşjagy ikuçsyzdy.
Galan ýerimizden dowam etsek, Milan öz öýünde Barcelona bilen 0 - 0 oýnanam bolsa myhmançylykda eminiň beren ýalňyş penaltisinden soňra moral taýdan çökdüler. Netijede ýarym finala Barcelona çykdy.
Chelsea bilen Banficaň arasynda geçen iki içgysgynç oýundan soň Chelsea ýarym finala çykan topar boldy.
Beýleki tarapdanam Real Madrid bilen Bayern Münih ýarym finala çykansoň final El Clásico diýýänleriň sany köpelip başlady.
Ýarym finalyň birinji oýunynda garaşylmadyk ýagdaýda, şu wagt dünýäniň iň güýçli iki kluby diýip görkezilýän iki Ispan topary hem ýeňilipdi. Aslynda Real Madridiň utulmagyny geňem görmeli däl. Gürrüň Münihe dokuz gezek gidip, sekiz gezek utulan, ýekeje gezek deňme-deň bolan topar barada gidýär.
Jogap oýunlaryndan öň El Clásico oýnalmagy bolsa iki Ispan toparyny hem kyn ýagdaýda goýdy.
Myhmançylykda Chelseaden 1 - 0 utulan Barcelona, öz öýünde 2 - 0 öňe geçenem bolsa 45+da Ramiresiň salan goly bilen täzeden hüjüm edip başladylar. 11 metrlik jerime urgusam berildi, topuň başyna geçen Messi  bolsa topy sütüne nyşanlap finalistiň kim boljagyny kesgitledi.
Madridde-de hem Ronaldo, hem Kaka penaltini salman finaly Bayern Münihe sowgat etdiler. Özüm Madridiň janköýeri bolamsoň Ramosyň depen penaltisi barada ýazmaga-da utanýan.
Çempionlar Ligasynyň taryhynda öz öýünde final oýnan ýekeje toparam ýokdy. Bayern Münih Allianz Arenada final oýnap taryha girdi.
Ýarym finalda 9 adam goragda durup, öňe Drogbaň ýeke özüni goýan Chelsea, finalda-da şeýle oýnady. 20-ä golaý gezek topy burçdan oýuna girizen Bayern hiç zat edip bilmese-de, Chelsea oýundaky ýeke-täk kornerinden gol saldy.
Chelseaň Barcelona bilen oýnan iki oýunynda-da, finaldaky Bayern Münih bilen oýnan oýunynda-da Drogbaň öňde ýeke özüniň bir zatlar etjek bolup ýörşi, 2006-njy ýylda FIFA Dünýä Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan Kot-d'Iwuary ýadyma saldy. Şol oýunlarda-da Drogbany hüjümde ýekesiredipdiler.
Robben penaltini salyp bilmänsoň goşmaça wagtda-da hasap 1 - 1 gutardy we kubogyň eýesi 11 metrlik jerime urgylary bilen kesgitlendi.
Robben bu gezek depmedi, diňe Robben däl, Kroosam depmek islemedi. Müller näçe ýalbarsa-da Anatoli Timoschukam depmedi. Neuer bolsa pikirlenip durman topuň başyna geçdi, beýle jogapkärçiligi boýnuňa alyp bilmek üçinem ýürek gerek.
Robbeniň depen penaltisini Schweinsteiger depen bolsa salardy diýýänler bardy, olaram iň soňky penaltide öçdüler.
Futbol 90 minut oýnalýan we soňunda Nemesleriň utýan oýunydyr diýilýänem bolsa bu gezek beýle bolmady.

Bundesligada ikinji, DFB Pokalda ikinji, Çempionlar Ligasynda ikinji bolan toparyň lapykeçligini düşündirip biljek söz tapamok.
Robben DFB Pokal finalynda-da bir penalti sypdyrypdy. Bu oýunda biri baryp men depjek diýen bolsa ikirjiňlenmän bererdi. Ýöne ynanyň, Çempionlar Ligasynyň finalynda, goşmaça minutlarda depiljek penaltini hiç kim äber men depeýin diýip bilmedi. Schweinsteiger? Ola Robben depende-de seredip bilmedi, Neuere seredip otyrdy.

Biz Ruslar kän bir uzak ýaşamamyzsoň durmuşdan keýp alyp ýaşajak bolýarys diýýän Abramovićem 900 million ýewro çykaryp arzuwyna ýetdi.
...we Drogba. Cech ikisi gijäň gahrymany. Drogbaň kontraktyny uzatmak islemeýän Chelsea indi näme diýerkä... Meň pikirimçe Drogba şu wagt çür depede. Şu wagt legenda. Şu wagt futboly taşlasa mydama ýadymyzda rowaýaty futbolçy bolup galar. 5-3 million ýewro üçin Katara gitme Drogba!

16.09.2011

50 ýyl soň ýene gyzyl

Şu ýerde gyzyl forma barada bir zatlar çyrşapdyk. Erbedem gelişenok...



8.09.2011

Raúl González Blanco ÇL-de näme etdi?

Real Madridiň öňki 7-ligi, Raúl González Blanco, Çempionlar Ligasynyň taryhynda iň köp gol salan oýunçy. 1999-2000 möwsüminde bu ada eýe bolan Raúl, 1997-98 möwsüminden bäri bu ligada oýnaýar. Şu wagt 71 goly bar. Real Madrid köýnekçesi bilen 66 gol salypdy we geçen möwsüm Gelsenkirchende ýene 5 gol saldy. Henizem oýnaýan futbolçulardan iň ýakyny Milanyň Filippo Inzaghisi. 46 goly bar we umumy sanawda 5-nji ýerde. Emma olam edil Raúl ýaly bu ýyl Çempionlar Ligasynda ýok. Palermodan gelen Antonio Nocerinony 25 adamlyk düzüme sygdyrmak üçin Inzaghi çykaryldy.
Messi 37 gol bilen 7-nji. Meň pikirimçe Raúlyň tagtyna geçip biläýjek ýeke-täk adam. Çempionlar Ligasynyň başlan ýyly 1992-93-den 1999-2000-e çenli Alessandro Del Piero tagtdady. Ýöne 2000-nji ýylyň 24-nji maýynda Valencia bilen oýnalan finalda Raúl 21-nji goluny salyp tagta çykdy. Del Piero bu ady Jari Litmanenden alypdy. 1997-98 möwsüminde Çempionlar Ligasynda 10 saldy we 20 gola ýetip Litmanenden 2 gol öňe geçdi. Litmanen bolsa baýdagy Hristo Stoitchkovdan alypdy, onda-da Bolgar oýunçy 1993-94 we 1994-95 möwsümleriniň soňunda birinjidi.
Raúlyň tagta çykan sezony 1999-2000 möwsümi onuň hem iň köp oýun oýnan ýyly hemem iň üstünlikli oýnan ýylydyr. 15 oýunda 10 salypdy. Aşakdaky suratda Çempionlar Ligasynda eden işlerini görüp bilersiňiz.

2.09.2011

Näme etdiň Carvalho?

Real Madridiň Portugaliýaly futbolçysy Ricardo Carvalho, EURO 2012-niň saýlama tapgyrynda Portugaliýanyň Kipre garşy oýun üçin taýýarlyk lagerinden gaýtdy.
Portugaliýa Futbol Federasiýasy "Ricardo Carvalho lagerden öz islegi bilen gitdi. Sebäbini bolsa ne tälimçä ne-de federasiýa jogapkärlerine aýtmady. Indi yzyna geläýen ýagdaýynda-da Kipr oýunynda oýnap bilmez" diýdi.
Carvalho bolsa "Ruhy we fiziki taýdan, hem Milli ýygyndyda, hem-de Real Madridde bilelikde oýnap bilmejekdigimi duýup başladym. Şonuň üçinem şeýle karara geldim" diýdi. Carvalho bu karara gelendigi üçin gynanýandygynam aýtdy.
Şugüne çenli Portugaliýanyň Milli ýygyndysy üçin elinden gelenini edendigini we azabyna sylanşyk görkezilmelidigini belläp geçen Carvalho, Milli köýnekçäni ilkinji gezek 2003-nji ýylda Albaniýa garşy geýipdi. Soňky gezek bolsa Protugaliýanyň Lýuksemburgy 5-0 utan oýunynda oýnady. Ol jemi 75 oýunda oýnady we 4 gol saldy.
Portugaliýanyň tälimçisi Paulo Bento bolsa Carvalhonyň Kipr bilen oýnaljak oýunda belki oýnamajagyny eşidensoň lageri terk edendigini aýtdy. Hem-de "Biz oýnasa-da oýnamasa-da Portugaliýa kömek edesi gelýän futbolçylar bilen işleşmek isleýäris. Professionallyk hemme ýerde möhüm zat, emma Milli ýygyndyda oýnaňda üýtgeşik duýgulara-de gaplanmaly. Türgenleşik wagty oýnamazlygynyň mümkindigini eşitdi we gaçyp gitdi. Belkem oýnajak bolsa gitmezdi" diýdi.
Mundan soň Milli ýygynda çagyrylyp çagyrylmajagy baradaky soraga bolsa "Men şu ýygyndyda wagtym Ricardo Carvalho asla biziň bilen bolmaz. Bu akylly iş däl. Indi oňa bütin gapylar ýapyk" diýip jogap berdi.
Tejribeli oýunçynyň ýygyndydan gitmeginiň topara erbet täsir etmejekdiginem aýdan Bento, "Biz diňe Kipr oýuny barada pikir edýäris, oýuna bolsa güýçli depginde taýýarlandyk. Oýunçylar türgenleşikde öwrenen zatlarymyzy oýunda-da görkezmäge synanyşarlar" diýdi.
Carvalhonyň bu hereketi onuň Çempionlar Ligasynda oýnamazlygyna sebäp bolup biler. UEFA-nyň düzgünlerine görä Federasiýalaryň futbolçylara UEFA turnirlaryndan çetleşdirmek jezasy bermäge-de haky bar. Eger-de Portugaliýa Futbol Federasiýasy şeýle jezany talap etse, 33 ýaşly Carvalho, Real Madrid formasy bilen 1 aýdan 3 aýa çenli Çempionlar Ligasynda oýnamazlyk jezasy berilip biler.
Heniz bu barada Real Madridden resmi habar ýok.

11.08.2011

Madridiň gyzyl formasy

Adidas Real Madridiň Çempionlar Ligasynda geýjek gyzyl formalaryny taýýarlady. Bu forma Çempionlar Ligasynda 2-nji, La Ligada bolsa 3-nji forma bolar.
Real Madrid 60-njy ýyllarda-da Dinamo Kieviň öýündäki oýunda geýipdi gyzyl forma.
Bulam Liverpoolyň edit edileni, Madrid däl.


26.05.2011

Düýşümde Raúly gördüm


Türkmengalada Gyzyl Oktýabr diýip bir oba bar. Şu wagt ady Ruhnama d/b boldy öýdýän. Şol obada babamlar ýaşaýardy. Ýap-ýaňyja düýşümde, şol obaň darajyk köçeleriniň birinden Raúl (Raúl González Blanco) bilen mamamlara barýas. Raúlyň elinde-de Çempionlar Ligasynyň Kubogy bar. Daşaram garaňky bilýäňmi, daňdan, ýöne howa ýagtylmandyr entek. Birdenem bir öýüň gapysynyň deňinden geçip barýarkak gapydan tüsse çykyp ak saçly adama öwrülýär. Gapdalymdan birden peýda bolany sebäpli bilmän aýagyna basypdyryn ak saçlyň. Olam "waý?!" diýip kowalap başlaýar. "Gaçaleý, gaçaly!" diýýän Raúla. Olam garry bolansoň ylgap bilenok (futbolçy bolsaň heniz 33 ýaşyňda bolsaňam garry, ylgap bilenok diýýälerdä). Menem Raúly satmajak bolup gaty ylgamok, şeýdip meni tutýar ýaňky ak saçly adam. Ýykýar. Şonda eýýäm düýşdigine, gara basýandygyna düşündim. Ayet-el Kürsini okap zat edip zordan sypdym ýaňkydan (oýandym). Raúlam şol iki arada nirä jyran bolsa kömek etmedaý şagal :)
Şeýlelik bilen düýşümde gören futbolçy sanawyma Raúlam goşuldy. Özem ýaşyl meýdançada däl, babamlaň obasynda..