17.09.2014

On birinji çempionlyk üçin - başlangyç

Dünýädäki iň gyzykly futbol şüweleňleriniň biri UEFA Çempionlar Ligasy düýn agşam geçirilen duşuşyklar bilen başlady. Soňky çempion öz meýdançasynda Şweýsariýanyň Baselini kabul edip, 5-1 hasabynda üstün çykdy.

Oýunda janköýerler Iker Casillasa bolan nägileliklerini sykylykdyr goh-galmagal bilen bildirdiler. Bu ýagdaý Atletico Madrid bilen oýnalan oýunda-da gaýtalanypdy. Pepe bolsa oýundan soň: "Janköýerleriň Casillasa sygyranlaryny eşitmedim, ýöne eden bolsa dogry edipdirler, olar mydama mamla" diýipdi. Bu oýundan soň bolsa Ramos: "Sykylyklar? Janköýerlerimize har ýagdaýda düşünjek bolmaly. Utulan günümiz öýlerine nähili erbet ýagdaýda gaýdýandyklaryny bilýäris" diýdi. Ikisi hem janköýerleriň göwnüni görmek üçin düzülen sözlemler. Ancelotti bolsa gönüläp o tema barada hiç zat geplemejekdigini aýtdy.
Ancelottiniň derwezebanyna arka çykmagyna-da düşünmek kyn däl. Casillas onuň üçin diňe bir derwezeban däl. Nägilelik bildirilýän adam ýöne-möne adam däl. Ençe ýyllap Real Madridiň derwezesini goran, ummasyz toplaryň derwezä girmesiniň öňüni alan, alyp bolaýjak hemme kubogy alyp gören, kapitan. Kapitan diýmek ýöne bir çignine mata daňylan adam diýmek däl. Şol matany çigne daňmak üçin Real Madrid beýlede dursun, haýsy toparda oýnaýaňda-da köp tamdyr çörek iýmeli.
Wenger bu barada:
"Kapitan, sada dil bilen aýtsak tälimçiniň habarçysydyr. Toparyň kapitany bilen tälimçisiniň arasynyň gowy bolmagy, hem topary hem tälimçini güýçlendirýär. Bu gatnaşyk erbetleşse topar hem erbetleşer, sebäbi bir topar üçin iki liderden iki aýry habar almak ýaly erbet zat ýokdur. Şol sebäpli-de tälimçiniň wagtyny kapitan bilen birlikde geçirmeginiň gaty möhüm zatdygyna ynanýaryn. Biz kapitan bilen toparyň nämä mätäçdigi, çalşyrynma otagynda haýsydyr bir näsazlygyň barlygy ýa-da ýoklugy barada gepleşýäris. Size hemme zady gürrüň bermegi hökman däl, barybir gürrüň bermezem. Çalşyrynma otagyna degişli käbir zatlary gürrüň bermek islemeýärler we men muňa düşünýärin. Şonda-da biri-birimize ynam bolmaly we bu kyn möwsüme bilelikde başlan ýagdaýyňda emele gelýär. Bu özara gatnaşyk, yzly-yzyna alty oýunda utulmak bilen iki ýa-da üç oýunda utulmagyň arasyndaky tapawudy kesgitleýär. Bu raýdaşlyk bilen bu ýagdaýyň bilelikde hötdesinden gelýärler" diýýär. Şu nukdaýnazardan seretsek Ancelottiniň Mourinhodan tapawutlydygyny aýdyp bileris. Näme-de bolsa "The Special One" Casillas bilen kän oňuşanokdy. Ýa-da iň bolmanda günde-günaşa şonýaly habarlar çykýardy. Dek düýnem Ronaldonyň James bilen türgenleşmek islemeýändigi barada habar çykdy. Habaryň ýazylmagyna sebäp bolan şu videoda Ronaldo toparlaryň oýunçy sanynyň deň bolmagy üçin Jamesi beýleki topara ugradýar. Ronaldonyň barmaklaryna ünsli seretseňiz iki toparyň hem oýunçy sanyny sanaýandygy belli bolýar.
Öňem belläp geçipdim: "Aslynda toparlaryň içindäki meseleler mydama-da bolýar, emma eger oýunlary utýan bolsalar metbugat bu barada ýazmaýar. Haçan-da erbet oýnap başlasaňyz çörek pul üçin hemme zady etmäge taýyn metbugatam özleriçe sebäp gözläp başlaýarlar. Elbetde birgiden sebäp ýazylýar, käbirleri aslynda dogry bolmasa-da bolup biläýjek zat bolansoň ynanylýar, käbir ýazylýan zatlara ynanmak üçin bolsa düýn doglup, şu gün futbol görüp başlan adam bolmak gerek".
Real Madrid möwsüme elbetde erbet başlady. Şu we şuňa meňzeş habarlar elbetde çykar. Ýalňyş adamlaryň satylyp, ýalňyş adamlaryň alnandygy barada, toparyň içindäki agzalalyk barada we ş.m. Ýöne işler ugrugyp ugransoň (ugruksa) welin ne beýle habar ýazarlar, ne-de beýle habary okan adam tapylar.

0 Teswir: