Euro 2012 etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Euro 2012 etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

3.07.2012

Sekiz Madridista "Çempionatyň Toparynda"

Düýn UEFA Euro 2012 Çempionatyň Topary belli boldy. Real Madridiň sekiz futbolçysy Çempionatyň Toparyna saýlandy: Casillas, Pepe, Sergio Ramos, Coentrão, Khedira, Xabi Alonso, Mesut Özil we Ronaldo.

27.06.2012

Real Madridli 10 oýunçy ýarym finalda




Real Madridli futbolçylar EURO 2012-de üstünlikli çykyş etmäge dowam edýärler. Klubyň 10 oýunçysy ýarym finala çykdy, beýleki klublaryň hiç birinden onça oýunçy finala tarap ýola dowam edip bilmedi. Olar 7 gol saldylar. Cristiano Ronaldo bolsa häli häzirde iň köp gol salan oýunçy bolup durýar. Iker Casillas iň az gol geçirden derwezeban, Mesut Özil bolsa iň köp assist eden oýunçy.
Ýarym finalda oýnajak Real Madridli oýunçylar:
Portugaliýa:
Ronaldo
Pepe
Coentrão
Ispaniýa:
Casillas
Arbeloa
Ramos
Xabi Alonso
Raul Albiol
Germaniýa:
Mesut Özil
Sami Khedira

8.06.2012

EURO 2012 başlady | Polşa Gresiýa 1-1


Gresiýa öňdenem bilşimiz ýaly hüjümiň däl, goragyň aladasyny edýän oýun bilen meýdançadady. Polşa bolsa Borussia Dortmundly oýunçylary bilen gol salmaga synanyşdy. 17-nji minutda Lewandoskiň goly bilen 1 - 0 öňe geçen Polşa, oýunyň birinji ýarymynda üstün oýnan tarapdy. Sokratis Papastathopoulos çempionatyň ilkinji sary hem-de gyzyl kartyny alansoň Gresiýa meýdançada 10 adam bolup galdy. Gresiýadan ýatda galan oýun diňe Celticde oýnaýan Samarasyň sowukganlylyk bilen edýän aldawly hereketleri boldy.
Ikinji ýarymda biraz janlanan Gresiýa, Szczesnyniň ýalňyşyndan soň hasaby 1 - 1 etdiler. Gol Salpingidis. Şeýlelik bilen ol hem Dünýä Kubogynda, hem-de Ýewropa Çempionatynda gol salan ýeke-täk Gresiýaly oýunçy boldy. 69-njy minutda Salpingidisi ýykan Szczesny, hem gyzyl kart alyp toparyny 10 adam goýdy, hem 11 metrlik jerime urgusyna sebäp boldy. Ýerine giren Tytan bolsa penaltini saklap hasabyň üýtgemegine rugsat bermedi. Penaltini depen oýunçy kapitan Karagounis bolsa Ýewropa Çempionatlarynda iň köp sary kart alan oýunçy boldy.
Gollar: Lewandowski 17' | Salpingidis 51'
Sary kartlar: Sokratis Papastathopoulos, Holebas, Karagounis
Gyzyl kartlar: Szczesny | Sokratis Papastathopoulos
Oýunyň futbolçysy: Salpingidis

2.09.2011

Näme etdiň Carvalho?

Real Madridiň Portugaliýaly futbolçysy Ricardo Carvalho, EURO 2012-niň saýlama tapgyrynda Portugaliýanyň Kipre garşy oýun üçin taýýarlyk lagerinden gaýtdy.
Portugaliýa Futbol Federasiýasy "Ricardo Carvalho lagerden öz islegi bilen gitdi. Sebäbini bolsa ne tälimçä ne-de federasiýa jogapkärlerine aýtmady. Indi yzyna geläýen ýagdaýynda-da Kipr oýunynda oýnap bilmez" diýdi.
Carvalho bolsa "Ruhy we fiziki taýdan, hem Milli ýygyndyda, hem-de Real Madridde bilelikde oýnap bilmejekdigimi duýup başladym. Şonuň üçinem şeýle karara geldim" diýdi. Carvalho bu karara gelendigi üçin gynanýandygynam aýtdy.
Şugüne çenli Portugaliýanyň Milli ýygyndysy üçin elinden gelenini edendigini we azabyna sylanşyk görkezilmelidigini belläp geçen Carvalho, Milli köýnekçäni ilkinji gezek 2003-nji ýylda Albaniýa garşy geýipdi. Soňky gezek bolsa Protugaliýanyň Lýuksemburgy 5-0 utan oýunynda oýnady. Ol jemi 75 oýunda oýnady we 4 gol saldy.
Portugaliýanyň tälimçisi Paulo Bento bolsa Carvalhonyň Kipr bilen oýnaljak oýunda belki oýnamajagyny eşidensoň lageri terk edendigini aýtdy. Hem-de "Biz oýnasa-da oýnamasa-da Portugaliýa kömek edesi gelýän futbolçylar bilen işleşmek isleýäris. Professionallyk hemme ýerde möhüm zat, emma Milli ýygyndyda oýnaňda üýtgeşik duýgulara-de gaplanmaly. Türgenleşik wagty oýnamazlygynyň mümkindigini eşitdi we gaçyp gitdi. Belkem oýnajak bolsa gitmezdi" diýdi.
Mundan soň Milli ýygynda çagyrylyp çagyrylmajagy baradaky soraga bolsa "Men şu ýygyndyda wagtym Ricardo Carvalho asla biziň bilen bolmaz. Bu akylly iş däl. Indi oňa bütin gapylar ýapyk" diýip jogap berdi.
Tejribeli oýunçynyň ýygyndydan gitmeginiň topara erbet täsir etmejekdiginem aýdan Bento, "Biz diňe Kipr oýuny barada pikir edýäris, oýuna bolsa güýçli depginde taýýarlandyk. Oýunçylar türgenleşikde öwrenen zatlarymyzy oýunda-da görkezmäge synanyşarlar" diýdi.
Carvalhonyň bu hereketi onuň Çempionlar Ligasynda oýnamazlygyna sebäp bolup biler. UEFA-nyň düzgünlerine görä Federasiýalaryň futbolçylara UEFA turnirlaryndan çetleşdirmek jezasy bermäge-de haky bar. Eger-de Portugaliýa Futbol Federasiýasy şeýle jezany talap etse, 33 ýaşly Carvalho, Real Madrid formasy bilen 1 aýdan 3 aýa çenli Çempionlar Ligasynda oýnamazlyk jezasy berilip biler.
Heniz bu barada Real Madridden resmi habar ýok.

9.08.2011

EURO-2012 haýsy stadionlarda geçiriler?

Bilýänsiňiz, 2012-nji ýylyň 9-njy iýun bilen 1-nji iýul aralygynda futbol boýunça ýewropanyň iň uly ýaryşy hasaplanýan Ýewropa Çempionady (başgaça EURO-2012) geçirilmeli. 14-nji gezek geçirljek bu abraýly çempionat öz taryhynda 3-nji gezek iki döwletiň bilelikde (EURO-2000 Gollandiýa/Belgiýa; EURO-2008 Awstriýa/Şweýsariýa; EURO-2012 Ukraýina/Polşa) gurnamagynda, şeýle-de taryhynda ilkinji gezek Gündogar Ýewropa ýurtlarynda geçiriler. Umuman bu barada soň ýazsagam bolar. Bu gezek bu barada däl-de şol çempionatyň oýunlarynyň geçiriljek stadionlary barada ýazaýyn.
2012-nji ýylda Ýewropa Çempionady iki döwletiň gurnamagynda 8 sany stadionda geçiriler. Ine ol stadionlar:
Kiýewiň Olimpiýa stadiony

Kiýew, Ukraýina.
70000 adam üçin niýetlenen bu stadionda çempionatyň final oýny geçiriler. Entek stadionyň gurluşyk işleri dowam edýär.

Warşawanyň Milli stadiony
Warşawa, Polşa.
58145 adamlyk bu stadionyň nähili betindenligine bahajygyna seredip baha beräýiň - 286 million €. Bu stadionda Polşanyň futbol boýunça Milli ýygyndysy öz öýündäki oýunlaryny oýnaýar.
"Metallist" Sport kompleksi
Harkow, Ukraýina.
41307 adamlyk.
Stadionyň gurluşyk işleri ýalňyşmasam tamamlandy. Stadiona Harkowyň ''Metallist'' futbol kluby eýeçilik edýär. Harkowa Ukraýinadaky Türkmenleň şäheri diýýädilermi? Hehe smile güni gelen studentler. Bahana bilen EURO-2012 görýäňiz-dä.
''PGE Arena''
Gdansk, Polşa.
Daşyndan seredeňde ''Altyn stadion'' adyna mynasyp, 44000 adam üçin niýetlenen bu stadionyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlary dowam edýär.
'Lomberg'' stadiony
Lwow, Ukraýina.
34915 adamlyk stadion. Stadionyň owadanlygyna bir serediň-ä. Bizde haçan şeýle stadionlar gurlarka diýip arzuw edýän smaýlik. Özümä şu stadionyň owadanlygyny haladym.
''Donbass Arena"
Donesk, Ukraýina.
51504 adamlyk.
Ukraýinanyň ''Şahtýor Donetsk'' klubynyň arenasy boljak bu stadion eýýäm ''Men çempionata taýýar!'' diýýär. Ýagny, stadionyň gurlyşyk işleri doly tamamlandy we dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bahasy 410 million $.
''Şäher stadiony'
Poznan, Polşa.
Stadion täze gurulmady, diňe 30 ýyl mundan öň gurlan stadion doly remont edildi, üsti ýapyldy. Ýalňyşmasam bu stadion şuwagt remontdan soň açyldy we Polşanyň ''KKS Poznan'' kluby öz öýündäki oýunlary şu stadionda oýnaýan bolmaly. Stadion 46500 adam üçin niýetlenen.
''Stadion Maşlise''
Wroslaw, Polşa.
Stadion 44000 adamlyk. Ynha, ýene bir çözýän arena.
Bulardan başga-da ýene-de 4 stadion UEFA tarapyndan ätiýaçdaky stadionlar diýlip alyndy. Ýagny bu stadionlar hem özünde çempionaty geçirmek üçin zaýawka berdiler, emma UEFA bulary çempionat üçin kabul etmedi. Olar:
  • Stadion ''Slýonsk''. 55211 adamlyk. Hojuw, Polşa.
  • ''Şäher stadiony''. 33680 adamlyk. Krakow, Polşa.
  • Stadion ''Çernomores''. 34362 adamlyk. Odessa, Ukraýina.
  • ''Dnepr Arena''. 31000 adamlyk. Dnepropetrowsk, Ukraýina.
EURO-2012 üçin bu owadan stadionlardan başga-da şäherleriň her birinde (Kiýewde 2-si) halkara aeroportlaryň, otelleriň, täze şäherara demir ýollaryň we awtomabil ýollaryň gurlyşyklary hem dowam edýär.
Umuman alaňda çempionat ýokary derejede gurnalmaly. Gurluşyk işlerinde Ukraýinler azajyk götlejek boldular. Ýöne şuwagt erbet däl öýdýän, ýetişerlerläý. Aňsat bolmadyk organizowat meselesinde bu iki döwlete-de üstünlik arzuw edýän. Sag-aman alyp çyksynlar we sag-aman sowsunlar. Näme etselerem biz fanatlar gyzykly çempionat görer ýaly etseler bolýalaý. Kän zada islämzok, diňe şony isleýäs.
Batyr Çakanow