Raúl etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Raúl etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

24.03.2012

We 100-nji gol


Real Madridiň Portugaliýaly ýyldyzy Cristiano Ronaldo, La Ligadaky 92-nji oýunyny Real Sociedada garşy oýnady we 100-nji goluny saldy.
CR7 Ferenc Puskasyň rekordyny täzeläp Real Madridiň taryhyndaky 100 gola iň çalt ýeten oýunçy boldy. Wengriýaly rowaýaty oýunçy 100 gola 115-nji oýunynda ýetipdi.
Ronaldo Real Madrid köýnekçesi bilen umumylykda 100-nji goluny bolsa şu möwsüm Çempionlar Ligasynda O. Lyona garşy salypdy.
Mowzugyň biraz daşyna çyksak Raul Madridden gidende 7-lik belgini mundan soň hiç kime bermeli däl diýip pikir edýärdim, şeýle edilse Raulyň Real Madride berenleri üçin minnetdarlyk we sylag has ýerine düşäýjek ýalydy. Emma Ronaldoň özüniňem diýşi ýaly Raulyň özem Ronaldo ýaly beýik oýunçyň 7-lik belgini geýmegine begenýändir diýip pikir edýärin.
Rauly ýatladyk, şu videojygam paýlaşaýyn...

8.09.2011

Raúl González Blanco ÇL-de näme etdi?

Real Madridiň öňki 7-ligi, Raúl González Blanco, Çempionlar Ligasynyň taryhynda iň köp gol salan oýunçy. 1999-2000 möwsüminde bu ada eýe bolan Raúl, 1997-98 möwsüminden bäri bu ligada oýnaýar. Şu wagt 71 goly bar. Real Madrid köýnekçesi bilen 66 gol salypdy we geçen möwsüm Gelsenkirchende ýene 5 gol saldy. Henizem oýnaýan futbolçulardan iň ýakyny Milanyň Filippo Inzaghisi. 46 goly bar we umumy sanawda 5-nji ýerde. Emma olam edil Raúl ýaly bu ýyl Çempionlar Ligasynda ýok. Palermodan gelen Antonio Nocerinony 25 adamlyk düzüme sygdyrmak üçin Inzaghi çykaryldy.
Messi 37 gol bilen 7-nji. Meň pikirimçe Raúlyň tagtyna geçip biläýjek ýeke-täk adam. Çempionlar Ligasynyň başlan ýyly 1992-93-den 1999-2000-e çenli Alessandro Del Piero tagtdady. Ýöne 2000-nji ýylyň 24-nji maýynda Valencia bilen oýnalan finalda Raúl 21-nji goluny salyp tagta çykdy. Del Piero bu ady Jari Litmanenden alypdy. 1997-98 möwsüminde Çempionlar Ligasynda 10 saldy we 20 gola ýetip Litmanenden 2 gol öňe geçdi. Litmanen bolsa baýdagy Hristo Stoitchkovdan alypdy, onda-da Bolgar oýunçy 1993-94 we 1994-95 möwsümleriniň soňunda birinjidi.
Raúlyň tagta çykan sezony 1999-2000 möwsümi onuň hem iň köp oýun oýnan ýyly hemem iň üstünlikli oýnan ýylydyr. 15 oýunda 10 salypdy. Aşakdaky suratda Çempionlar Ligasynda eden işlerini görüp bilersiňiz.

13.08.2011

Schalke 04-FC Köln 5-1

Bundesligaň 2-nji hepdesinde Schalke 04 öz meýdançasynda FC Kölni kabul etdi. Oýun Huntelaaryň hat-trigi (biri penalti), Raulyň, Lewis Holtbyň we Podolskiniň gollary esasynda 5-1 gutardy. Şeýlelikde Köln 0 bal, -7 gol tapawudy bilen tablissaň soňuna ýerleşdi. Schalke bolsa 3 bal, +1 gol tapawudy bilen 7-nji ýerde.
Ýene-de ýatda galan oýunçylar: Marco Höger 2 gol pasy, Jan Moravek, Jurado we Slawomir Peszko dagylar 1 gol pasy, Kevin McKenna, Odise Roshi we Martin Lanig sary kart. Ýene-de bir bellemeli zat Schalke oýunda ýekeje kartam almady.
Agamyň goluny şu ýerden görüp bilersiňiz :)

4.08.2011

Düýşümde ýene Raúly gördüm :D

Germaniýada ýaşaýadyk. Kiçiräjik köçeden barýarkam Raúlyň öýüniň öňündäki stolda Schalke formasy bilen oturandygyny gördüm. Derrew ýadyma Türk blogçylaň biri Oğuz Öztürk düşdi. Oğuzyň iň gowy görýän futbolçysynyň Raúldygyny hem-de oň bilen surata düşmek isleýändigini bilýärdim. Şuň bilen surata düşsemä Oğuza görkezip içini ýakaryn diýip pikir etdim. Jübimden ýaňy bir iPhonymy çykardym welin Raúl ýerinden turup öýe bakan ýöräp başlady. Menem ýaňy bir ylgap ugradym welin oýanaýdym.
Oýanamsoň Germaniýada dälde Indoneziýada ýaşaýandygym, telefonymyň bolsa iPhone dälde 63 00-dygy kellä gelip haýýý diýip ýatdym täzeden :D

26.05.2011

Düýşümde Raúly gördüm


Türkmengalada Gyzyl Oktýabr diýip bir oba bar. Şu wagt ady Ruhnama d/b boldy öýdýän. Şol obada babamlar ýaşaýardy. Ýap-ýaňyja düýşümde, şol obaň darajyk köçeleriniň birinden Raúl (Raúl González Blanco) bilen mamamlara barýas. Raúlyň elinde-de Çempionlar Ligasynyň Kubogy bar. Daşaram garaňky bilýäňmi, daňdan, ýöne howa ýagtylmandyr entek. Birdenem bir öýüň gapysynyň deňinden geçip barýarkak gapydan tüsse çykyp ak saçly adama öwrülýär. Gapdalymdan birden peýda bolany sebäpli bilmän aýagyna basypdyryn ak saçlyň. Olam "waý?!" diýip kowalap başlaýar. "Gaçaleý, gaçaly!" diýýän Raúla. Olam garry bolansoň ylgap bilenok (futbolçy bolsaň heniz 33 ýaşyňda bolsaňam garry, ylgap bilenok diýýälerdä). Menem Raúly satmajak bolup gaty ylgamok, şeýdip meni tutýar ýaňky ak saçly adam. Ýykýar. Şonda eýýäm düýşdigine, gara basýandygyna düşündim. Ayet-el Kürsini okap zat edip zordan sypdym ýaňkydan (oýandym). Raúlam şol iki arada nirä jyran bolsa kömek etmedaý şagal :)
Şeýlelik bilen düýşümde gören futbolçy sanawyma Raúlam goşuldy. Özem ýaşyl meýdançada däl, babamlaň obasynda..