Gaty ýerinde aýdylan söz. Adam pahyryň bitiň boky ýaljak göwni bar. Şony alyp bilseň senden gowy adam ýok onsoň dünýäde. Bir iş ýüze çykanda "hany pylany ökdedi şoňa" zat diýen bolsaň, monça bolup ýyrş-ýyrş edip barýandyr şol işe bakan. Menem şony bilemsoň birhili öwen wagtlary çyndygyna-oýundygyna düşünip bilemok. (aslynda meni öwýän adamam ýoklaý ;) Käwagt çyndanam şuna sen başarýaň diýenlerinde başarmaýan zadymam bolsa etjek bolup masgara bolýan. Käwagt bolsa tersine, edip bilýän zadymam sen edýäň diýseler işiň jylkyny çykarýan. Aý aslynda bulary nä bize gürrüň berýäň diýýänsiňiz. Aý elim boş, ukymam tutmansoň ýazaýdymda. Aslynda siz gaýtam maňa minnetdaram bolmaly. Şu blog gytçylygynda, gijäň bir wagty, ähli işimi taşlap, size blog ýazýan. Häää, belki gaharlanýansyňyzam. "Men kimi aldajagymy bilemok, senem meni aldajak bolýaň" diýýän bolmagyňyzam mümkin. Emma näme, "Gep süýji, samança ýok güýji". Okaňda oturyňda. Aý, eliňizden gelse teswir iberiň. Aý garaz okan bolsaňyz sagjaboluň, gyzyldan gymmat(!) wagtyňyzy aýyryp okanyňyz üçin.
0 Teswir:
Yorum Gönder