Adama ýüz berseň özüne kimkäm öýdüp başlaýarow. Bir gezek bir negre surata düşeli diýemde meň bilen surata düşdi. Belki gaty görýänem bolup biler. "Gara bolsamam menem adam ahyry. Gara reňkimem elleseňem ýokanok. Onsoň men kime ýamanlyk edipdirin. Turistleriň täsin jandar bilen surata düşüşi ýaly meň bilen surata düşýäler." diýýänem bolup biler. Emma "Men owadan oglan. Ine bular akýagyzam bolsalar gelip meň bilen surata düşýäler" diýýänem bolup biler. Näme diýende-de maňa tapawudy ýoklaý. Men başga zat aýtjak boldum. Çagalaň arasynda geçirilýän aýdym ýaryşynda birinji bolan bilen hemmeler surata düşüp durdy. Beýleki çagalara bolsa hiç kim ýüzem berenok. Aý menem ýaňkylaň biriniň göwnüni aljak bolup "Gel, surata düşeli" diýemde, "Kameraň näçe megapixel, gowy çykarmyka surat" diýýär. Aý how inedä adama ýüz berseň. Olam ol, özümizem şeýlelaý. Surata düşeli diýip ýerimden turuzjak bolsalar "Ýadaw" zat diýen bolup. Hahaha. Şu zatlaň hijisem bolan zat däldir. G..ümden toslaýan. Okamagy maslahat beremok. Aý eýýäm okadyňmy ýa, zyýany ýok, aldanan adam bolarsyňda.
0 Teswir:
Yorum Gönder