1.08.2016

Kap17an

Hemme zadyň täzesi, dostuň könesi ýagşydyr diýip bir söz bar. Şu sözden ugur alyp, ýa-da alman, sebäbi näme, bilemok, emma men janköýerlik edýän toparymda elmydama köne futbolçylary halaýaryn. Hut şonuň üçin Jamesden Kroosy, Kroosdanam Modriçi has gowy görýärin. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Baryňyz bagryma basasym gelýär // Sygdyryp bilemok gujagma sizi” diýişi ýaly, hemmesiniň gursagymda, ýüregimde öz orny bar. Käbirleri bolsa meň üçin Ruhnama ýaly mukaddes.
Valencia bilen oýnalan oýunda Ronaldonyň ýerine oýuna girip, Ramosyň kapitanlyk belligini çignine daňyp, Santiago Bernabeuda iň soňky gezek Real Madrid köýnekçesi üçin der döken Alvaro Arbeloa: bu ýazgyny ýazmagymyň ylham çeşmesi. “The Special One”, “Only One” ol barada: “Arbeloa meniň üçin diňe bir oýunçy däl, gowy dost. Futbolçy nädip dosta öwrülýär? Toparyna bolan wepasy, hyjuwy, professionallygy, kiçigöwünliligi aramyzda dostluk döretdi. Bu beýik toparyň üstünliklerden doly taryhynda gaty gowy futbolçylar bar. Dünýäniň iň ezber futbolçylary. Arbeloa futbol nukdaýnazardan beýik şahsyýet däldi emma nämesi bar bolsa hemmesini Real Madrid üçin berdi. 16 ýyllyk tälimçilik kariýeramda iňňän möhüm oýunçylar bilen işleşdim. Arbeloa-da şolaryň biri. Oňa sagbolsun aýdýaryn” diýýär.

Käbir futbolçylaryň belli bir zada ukyby bolýar, tizlik, dribling, uzakdan urgy we ş.m.-lerde 20 baldan 18-20 bal, emma gol salmak, gorag, liderlik, konsentrasiýa ýaly ukyplary 3-5. Käbir futbolçylaryň bolsa hemme ukyplary 13-15. Personažymyz hem şeýle futbolçylardan biri. Hemme oýunlarda 10 baldan 7 alýar. Ne 6, ne-de 8. Ol gitmezden öň “Real Madrid ýaly toparda 7 ýyl oýnanyma buýsanýaryn. Hiç haçan gaty uzak wagtlap bu ýerde bolandygym barada pikir etmedim. Geçmişe göz aýlamda mende diňe buýsanç duýgusy bar. Real Madridden gitmek örän kyn emma bu ýerde durmuşymyň iň ajaýyp döwrüni başdan geçirdim. Bu üýtgemez. Bu toparda oýnamak aýratynlyk. Valdebebasda her gün türgenleşmek, Bernabeuda oýnamak, kuboklar utmak ynanyp bolmajak zatlar. Şu zatlaryň hemmesini başdan geçirenim üçin Taňra şükür edýärin” diýdi. Ýok, Alvaro, bize seniň bu köýnekçede oýnan döwrüňe şaýatlyk etmek bagtynyň miýesser edeni üçin, biz Hudaýa şükür edýäris.
Sen “Şu döwürde bilelikde oýnan topardaşlaryma minnetdarlyk bildirýän. We janköýerlerimiz... Beýik Real Madrid maşgalasyna maňa bagyş eden çäksiz söýgüsi üçin hoşallyk bildirýärin. Gelejekde meni “Biziň aramyzdan biridi” diýip ýatlasynlar” diýýärsiň-ä, ýok-ýok, biz özümizi seniň araňdan biri diýip ýatlarys Kap17an!
14.02.2015-de Isconyň Deportivo salan golunda top derwezä girmänkä begenip başlan Arbeloa, topardaşlarynyň ukybyna çakdanaşa ynanýar. Benitez işden boşadylandan soň oňa jaň eden az sanly futbolçylaryň biri hem Arbeloa. Benitez ony köplenç 18-lik düzüme-de alanokdy. Geçen ýyl Arbeloanyň salan bir goly bardy, Ronaldo-da salyp bilerdi emma oňa maý bermän Arbeloa saldy. Hemme kişiň begenýän wagty Ronaldonyň ýüzünden gar ýagýardy. Şol wakadan soň gelen tankydyň hetdi-hasaby bolmady. “Ine görýäňizmi Ronaldo nähili adam?”, “Topar onuň üçin möhüm däl” we ş.m. CR7-ä ilki bilen arka çykan Arbeloa boldy. Elche bilen oýnalan oýundaky penalti üçin “Komediýa tomaşa edýärin” diýen Pique, “Käbirleriniň teatry taşlap kino görüp başlamagy gowy bolupdyr” diýip jogap beren, elbetde, ýene Arbeloa. Gerard Pique bilen Arbeloaň arasynda mundan başga-da köp wakalar boldy. Ol Pique bilen näme üçin dost däldigini, bolup bilmejekdigini hem aýtdy. Emma bu ýazgy olaryň ýeri däl, men galamy elime ýigrenç däl-de söýgümi beýan etmek üçin aldym. Her niçik-de bolsa Barcelonaly oýunçy: “Käwagt öte geçdik, edilmesiz gürrüňler etdik. Arbeloa gitjek ýerinde üstünlik arzuw edýän” diýip ara düşen towy aradan çykarmaga synanyşdy.
Marcelo Vieira: "Men Arbeloadan köp zat öwrendim. Ol zähmet çekmäge bolan höwesi, adamçylygy, kiçigöwünliligi bilen göreldeli şahs”.
Esteban Granero: “Arbeloa meniň dostum we meniň üçin görelde. Oňa Barcelonany utjakdygymyza söz berdim”.
Lucas Vazquez: “Arbeloa maňa köp tarapdan kömek etdi. “Lucas Milli Ýygynda” (Lucas Seleccion) aýdymyny hem şol tapypdy”.
Xabi Alonso: “Arbeloa hemme zadymy amanat berip biljek dostum. Oň üçin Real Madrid hemme zatdan öňde durýar. Onuň bilen köp zat paýlaşdyk”. Alonsoň 28.03.10-da Atleti bilen oýnalan oýundaky assisti onuň bu sözleri çyn ýüreginden aýdýandygyny aňry ýany bilen subut etdi.
Roberto Carlos: “Real Madridden asla gitmeli däl adamlar bar. Şolaryň biri hem Arbeloa”.
Alvaro Arbeloa Real Madridde 78% ýeňiş bilen 156 oýunda oýnady we “Futboly taşlamok emma meniň üçin Ispaniýa wakasy tamamlandy. Real Madridden başga toparyň köýnekçesini geýip biljek däl” diýdi, we gitdi. Arbeloadan başga Callejon, Raul Albiol, Diego Lopez ýaly oýunçylara-da menejerlik edýän Manuel Garcia Quilon oňa mynasyp topar tapar diýip umyt edýäris.
Ýokardakylaryň hijisi Arbeloany kanagatlanarly taryplap bilmändir. Menem oňa bolan duýgularymy ýeterlik beýan edip bilmedim. Hat-da Gogol, Dostoýewski, Puşkin, Şekspir, Tolstoý dagylar bile oturyp öwseler hem talaba laýyk taryp edip bilmezler.
Toparda Ronaldo, Bale, Ramos ýaly ýyldyzlar barka Arbeloany olardan has gowy görmegimiň ýeke täk sebäbi has köne futbolçymyz bolmagy däl. Köçe dilinde “erkek oglan” diýip beýan edýän häsiýetimiz, mertligiň, edermenligiň, gaýratlylygyň, bir sözlüligiň Arbeloada bolmagy esasy sebäp. Ýokardaky setirler hem “erkek oglan” diýmegimiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Kapitanlyk belligi Casillasyň, Ramosyň, ýa-da başga bir futbolçynyň çigninde bolsa-da meň üçin kapitan Arbeloady. Meniň üçin meýdançadaky ýyldyzam şoldy, tälimçem, Real Madridiň prezidentem, hat-da Ispaniýanyň premýer ministrem Arbeloady. Meniň dünýämde Oguz Hanyň ogullaryndan biri Arbeloa, Amerikany tapan gäminiň kapitany hem Arbeloa, dünýäniň ilkinji kartasyny çeken hem Arbeloa, Papa-da Arbeloa, iň soňky faraon hem Arbeloa, Stanbuldaky meşhur köprüleriň biriniň ady Arbeloa, pi sanyny tapan Arbeloa, 2+2=Arbeloa, hemme soragyň jogaby Arbeloa, soraglaryň özem Arbeloa. Lenin “Arbeloa, Arbeloa we Arbeloa” diýipdir. Napoleon “Arbeloa, Arbeloa, Arbeloa” diýipdir. Indi siz maňa aýdyň, şizofreniýadan ejir çekip, özüni özünden we Arbeloadan ybarat görýän adam üçin Bale kim? Ronaldo kim?
Alvaro Arbeloa Coca Real Madridden gitmedi, ol henizem Real Madridiň futbolçysy, kapitany, tälimçisi, prezidenti, hormata laýyk biresmi prezidenti, näresmi prezidenti, janköýeri we ol henizem bu mukaddes köýnekçäniň abraýy üçin zähmet çekýär...

*Makala "Çepden saga" e-žurnalynyň dördünji sanynda neşir edildi.

9.06.2016

Tomusky futbol şüweleňi

David Guetta ft. Zara Larsson - This One's For You

Tomus we gyş çagalygymda iň bir halaýan pasyllarymdy. Gar oýnamaly ýaşy geçemsoň gyşa ikilik edip ýaz paslyna göwün berdim. Tomusyň her bir çaga üçin manysy "üç aý jogap" diýýän kanikulymyz. Okuw gutarýar, kelleler takyr edilýär, 1-nji iýun çagalar baýramynda Mara gidip karuselde uçmak bilen "üç aý jogap" resmi ýagdaýda başlaýar. Ýapda suwa düşülýän ýaş geçenem bolsa tomusa bolan wepamyň elbetde futbol bilenem dahyly bar. Tomuslarymyz Dünýä Kubogy, Ýewropa Futbol Çempionaty, Konfederasiýa Kubogy ýaly futbol şüweleňleri bilen şatlyk-şagalaňa beslenýär. Şulaň arasynda meniň iň halaýanym bolsa Ýewropa Futbol Çempionaty, gysgaça EURO. Hawa, meniň üçin EURO Dünýä Çempionatyndan has gyzykly.



Sebäbini doly düşündirip biljek däl, ýöne Football Manager oýnamda-da mydama EU (Ýewropa Bileleşigi) raýaty bolan futbolçylary alýan. Belki Ýewropadaky tribunalar futbola tomaşa etmek üçin has ýakymlydyr, 2010-daky wuwuzela wakasyny unutmadyk bolsaňyz gerek. Belki-da janköýerlik edýän toparymyň ýewropaly bolmagynyň täsiri bardyr. Belki-de dünýä futbol taryhyndaky iň söýgüli üç oýunçym; Raul, Guti we Arbeloanyň ýewropaly bolmagy meni Ýewropa futbolyny söýmäge iterendir.
Bu turnirlerde köpiňiz ýaly meniň hem belli bir halaýan ýurdym ýok. Her gezek düzümlerindäki futbolçylara görä üýtgäp durýar. EURO 2012-de bolşy ýaly, bu gezek hem esasy janköýerlik etjek toparym Portugaliýa. Ondan daşary hem Rossiýa, Germaniýa, Türkiýe, Belgiýa we Italiýa döwletleriniň oýunlary ünsümi ýakyndan çekýär.
Hawa, Ýarym setir menden has giň teswire garaşýan eken, oňa-da ägirt sungat ussady Nurýagdy Tokgaýewden Ýazgarmaň meni aýdymyny sowgat edip, köp-köp söýgi, sylag-hormat, salam iberýän.
Bu turnirlerden esasy garaşýan zadymyz elbetde owadan oýun däl. Sebäbi her oýunçysy bir ýerden çöplenen, ýylda 4-5 oýunda birlikde oýnan oýunçylardan ybarat bolan toparlardan owadan oýuna garaşmak geňräk bolar. Bu bir diňe şüweleň. Gerrard bilen Lampardy, Pique bilen Ramosy, Buffon bilen Tottini bir toparda, bir köýnekçäniň abraýy üçin der dökýändigini görüp boljak futbol şüweleňi. Ronaldo, Zlatan, Bale ýaly kuboga ýakyn toparlarda oýnaýan ezber oýunçylaryň "underdog" toparlaryň üstünligi üçin bäsleşýän pursadyna syn etmäge mümkinçilik berýän şüweleň. Dünýädäki uruşlary, açlygy, öz dünýämizdäki gowgalary, aýraçylyklary bir salymlyk hem bolsa ýadymyzdan çykaryp, şatlanmagymyza sebäp bolýan şüweleň. Onda, goý, lezzet alalyň.

7.06.2016

EURO 2016 düzümler



A Toparça

FRANSIÝA
Derwezebanlar: Benoit Costil (Rennes), Hugo Lloris (Tottenham), Steve Mandanda (Olympique de Marseille).
Goragçylar: Lucas Digne (Roma), Patrice Evra (Juventus), Christophe Jallet (Olympique Lyonnais), Laurent Koscielny (Arsenal), Eliaquim Mangala (Manchester City), Samuel Umtiti (Olympique Lyonnais), Bacary Sagna (Manchester City), Adil Rami (Sevilla).
Ýarym goragçylar: Yohan Cabaye (Crystal Palace), N'Golo Kanté (Leicester City), Blaise Matuidi (PSG), Paul Pogba (Juventus), Morgan Schneiderlin (Manchester United) Moussa Sissoko (Newcastle).
Hüjümçiler: Kingsley Coman (Bayern Münih), Andre-Pierre Gignac (Tigres), Olivier Giroud (Arsenal), Antoine Griezmann (Atletico Madrid), Anthony Martial (Manchester United), Dimitri Payet (West Ham).

ŞWEÝSARIÝA
Derwezebanlar: Yann Sommer (Borussia Mönchengladbach), Roman Burki (Borussia Dortmund), Marwin Hitz (Augsburg).
Goragçylar: Stephan Lichtsteiner (Juventus), Nico Elvedi (Borussia Mönchengladbach), Michael Lang (Basel), Johan Djourou (Hamburger), Steve von Bergen (Young Boys), Fabian Schar (Hoffenheim), François Moubandje (Toulouse), Ricardo Rodriguez (Wolfsburg).
Ýarym goragçylar: Valon Behrami (Watford), Blerim Dzemaili (Genoa), Gelson Fernandes (Rennes), Fabian Frei (Mainz), Granit Xhaka (Arsenal), Xherdan Shaqiri (Stoke City), Denis Zakaria (Young Boys).
Hüjümçiler: Breel Embolo (Basel), Haris Seferoviç (Eintracht Frankfurt), Admir Mehmedi (Bayer Leverkusen), Eren Derdiyok (Kasımpaşa), Shani Tarashaj (Grasshopper).

ALBANIÝA
Derwezebanlar: Etrit Berisha (Lazio), Alban Hoxha (Partizani Tirane), Orges Shehi (Skenderbeu Korçe).
Goragçylar: Arlind Ajeti (Frosinone), Naser Aliji (Basel), Mergim Mavraj (Köln), Lorik Cana (Nantes), Elseid Hysaj (Napoli), Ansi Agolli (Qarabağ), Frédéric Veseli (Lugano).
Ýarym goragçylar: Ledian Memushaj (Delfino Pescara), Ergys Kace (PAOK), Andi Lila (Giannina), Migjen Basha (Como), Odise Roshi (Rijeka), Burim Kukeli (Zurich), Ermir Lenjani (Nantes), Taulant Xhaka (Basel), Amir Abrashi (Freiburg).
Hüjümçiler: Bekim Balaj (Rijeka), Sokol Cikalleshi (Başakşehir), Armando Sadiku (Vaduz), Shkelzen Gashi (Colorado Rapids).

RUMYNIÝA
Derwezebanlar: Ciprian Tătărușanu (Fiorentina), Costel Pantilimon (Watford), Silviu Lung (Astra Giurgiu)
Goragçylar: Cristian Săpunaru (Pandurii Targu Jiu), Alexandru Mățel (Dinamo Zagreb), Vlad Chiricheș (Napoli), Valerică Găman (Astra Giurgiu), Dragoș Grigore (Al Sailiya), Cosmin Moți (Ludogorets Razgrad), Răzvan Raț (Rayo Vallecano), Steliano Filip (Dinamo Bükreş).
Ýarym goragçylar: Mihai Pintilii (Steaua Bükreș), Ovidiu Hoban (Hapoel Be'er Sheva), Andrei Prepeliță (Ludogorets Razgrad), Adrian Popa (Steaua Bükreș), Gabriel Torje (Osmanlıspor), Alexandru Chipciu (Steaua Bükreș), Nicolae Stanciu (Steaua Bükreș), Lucian Sănmărtean (Al Ittihad).
Hüjümçiler: Claudiu Keșeru (Ludogorets Razgrad), Bogdan Stancu (Gençlerbirligi), Florin Andone (Cordoba), Denis Alibec (Astra Giurgiu).

B Toparça

ANGLIÝA
Derwezebanlar: Joe Hart (Manchester City), Fraser Forster (Southampton), Tom Heaton (Burnley).
Goragçylar: Gary Cahill (Chelsea), Chris Smalling (Manchester United), John Stones (Everton), Kyle Walker (Tottenham Hotspur), Ryan Bertrand (Southampton), Danny Rose (Tottenham Hotspur), Nathaniel Clyne (Liverpool).
Ýarym goragçylar: Dele Alli (Tottenham Hotspur), Ross Barkley (Everton), Eric Dier (Tottenham Hotspur), Jordan Henderson (Liverpool), Adam Lallana (Liverpool), James Milner (Liverpool), Raheem Sterling (Manchester City), Jack Wilshere (Arsenal).
Hüjümçiler: Wayne Rooney (Manchester United), Harry Kane (Tottenham Hotspur), Jamie Vardy (Leicester City), Daniel Sturridge (Liverpool), Marcus Rashford (Manchester United).

ROSSIÝA

Derwezebanlar: Igor Akinfeýew (SSKA Moskwa), Ýuriý Lodygin (Zenit), Guilherme (Lokomotiw Moskwa).
Goragçylar: Alekseý Berezuski (SSKA Moskwa), Wasiliý Berezuski (SSKA Moskwa), Sergeý Ignaşewiç (SSKA Moskwa), Dmitriý Kombarow (Spartak Moskwa), Roman Neustädter (Schalke), Georgiý Şennikow (SSKA Moskwa), Roman Şişkin (Lokomotiw Moskwa), Igor Smolnikow (Zenit).
Ýarym goragçylar: Igor Denisow (Zenit), Aleksandr Golowin (SSKA Moskwa), Denis Gluşakov (Spartak Moskwa), Oleg Iwanow (Terek), Pawel Mamaýew (Krasnodar), Aleksandr Samedow (Lokomotiw Moskwa), Oleg Şatow (Zenit), Roman Şirokow (SSKA Mosca), Dmitriý Torbinskiý (Krasnodar).
Hüjümçiler: Artýom Dzýuba (Zenit), Aleksandr Kokorin (Zenit), Fýodor Smolow (Krasnodar).

SLOWAKIÝA
Derwezebanlar: Matus Kozacik (Viktoria Plzeň), Jan Mucha (Slovan Bratislava), Jan Novota (Rapid Wien).
Goragçylar: Peter Pekarik (Hertha Berlin), Milan Skriniar (Sampdoria), Martin Skrtel (Liverpool), Norbert Gyomber (Roma), Jan Durica (Lokomotiw Moskwa), Kornel Salata (Slovan Bratislava), Tomas Hubocan (Dinamo Moskwa), Dusan Svento (Köln).
Ýarym goragçylar: Viktor Pecovský (Zilina), Robert Mak (PAOK), Juraj Kucka (Milan), Patrik Hrosovsky (Viktoria Plzeň), Jan Gregus (Baumit Jablonec), Marek Hamsik (Napoli), Ondrej Duda (Legia Warsaw), Miroslav Stoch (Bursaspor), Vladimir Weiss (Al Gharafa).
Hüjümçiler: Michal Duris (Viktoria Plzeň), Adam Nemec (Willem II), Stanislav Sestak (Ferencvarosi Torna)

UELS
Derwezebanlar: Owain Fon Williams (Inverness), Wayne Hennessey (Crystal Palace), Danny Ward (Liverpool).
Goragçylar: Ashley Williams (Swansea), James Chester (WBA), Ben Davies (Tottenham), James Collins (West Ham), Chris Gunter (Reading), Neil Taylor (Swansea), Ashley Richards (Fulham).
Ýarym goragçylar: Joe Ledley (Crystal Palace), Joe Allen (Liverpool), David Vaughan (Nottingham Forest), Jonny Williams (Crystal Palace), David Edwards (Wolverhampton), George Williams (Gillingham), Aaron Ramsey (Arsenal), Andy King (Leicester).
Hüjümçiler: Simon Church (Aberdeen), Gareth Bale (Real Madrid), David Cotterill (Birmingham City), Hal Robson-Kanu (Reading), Sam Vokes (Burnley).

Ç Toparça

POLŞA
Derwezebanlar: Artur Boruc (Bournemouth), Lukasz Fabianski (Swansea City), Wojciech Szczesny (Roma).
Goragçylar: Thiago Cionek (Palermo), Kamil Glik (Torino), Artur Jedrzejczyk (Legia Warsaw), Michal Pazdan (Legia Warsaw), Lukasz Piszczek (Borussia Dortmund), Bartosz Salamon (Cagliari), Jakub Wawrzyniak (Lechia Gdaňsk).
Ýarym goragçylar: Jakub Blaszczykowski (Fiorentina), Kamil Grosicki (Rennes), Tomasz Jodlowiec (Legia Warsaw), Bartosz Kapustka (Cracovia), Grzegorz Krychowiak (Sevilla), Karol Linetty (Lech Poznaň), Krzysztof Maczynski (Wisla Krakow), Slawomir Peszko (Lechia Gdaňsk), Filip Starzynski (Zaglebie Lubin), Piotr Zielinski (Empoli).
Hüjümçiler: Robert Lewandowski (Bayern Münih), Arkadiusz Milik (Ajax), Mariusz Stepinski (Ruch Chorzow).

GERMANIÝA 
Derwezebanlar: Manuel Neuer (Bayern Münih), Bernd Leno (Bayer Leverkusen), Marc-Andre ter Stegen (Barcelona).
Goragçylar: Jerome Boateng (Bayern Münih), Emre Can (Liverpool), Jonas Hector (Köln), Benedikt Howedes (Schalke), Mats Hummels (Borussia Dortmund), Shkodran Mustafi (Valencia), Antonio Rüdiger (Roma).
Ýarym goragçylar: Julian Draxler (Wolfsburg), Mario Goetze (Bayern Münih), Sami Khedira (Juventus), Joshua Kimmich (Bayern Münih), Toni Kroos (Real Madrid), Mesut Özil (Arsenal), Bastian Schweinsteiger (Manchester United), Julian Weigl (Borussia Dortmund).
Hüjümçiler: Thomas Müller (Bayern Münih), Andre Schürrle (Wolfsburg), Lukas Podolski (Galatasaray), Mario Gomez (Beşiktaş), Leroy Sane (Schalke).

UKRAINA
Derwezebanlar: Denys Boyko (Beşiktaş), Andriy Pyatov (Shakhtar Donetsk), Nikita Shevchenko (Zorya Luhansk).
Goragçylar: Artem Fedetskiy (Dnipro), Olexandr Kucher (Shakhtar Donetsk), Yevhen Khacheridi (Dynamo Kiev), Yaroslav Rakitskiy (Shakhtar Donetsk), Vyacheslav Shevchuk (Shakhtar Donetsk), Bohdan Butko (Shakhtar Donetsk).
Ýarym goragçylar: Denys Garmash (Dynamo Kyiv), Oleksandr Karavayev (Zorya Luhansk), Viktor Kovalenko (Shakhtar Donetsk), Yevhen Konoplyanka (Sevilla), Ruslan Rotan (Dnipro), Serhiy Rybalka (Dynamo Kiev), Serhiy Sydorchuk (Dynamo Kiev), Taras Stepanenko (Shakhtar Donetsk), Anatoliy Tymoshchuk (Kairat Almaty), Andriy Yarmolenko (Dynamo Kiev), Oleksandr Zinchenko (Ufa).
Hüjümçiler: Pylyp Budkivskiy (Zorya Luhansk), Roman Zozulya (Dnipro), Yevhen Seleznyov (Shakhtar Donetsk).

DEMIRGAZYK IRLANDIÝA

Derwezebanlar: Alan Mannus (St Johnstone), Michael McGovern (Hamilton), Roy Carroll (Notts County).
Goragçylar: Craig Cathcart (Watford), Jonny Evans (West Brom), Gareth McAuley (West Brom), Luke McCullough (Doncaster), Conor McLaughlin (Fleetwood), Lee Hodson (MK Dons), Aaron Hughes (Melbourne City), Paddy McNair (Manchester United), Chris Baird (Derby County).
Ýarym goragçylar: Steven Davis (Southampton), Oliver Norwood (Reading), Corry Evans, (Blackburn Rovers), Shane Ferguson (Millwall), Stuart Dallas (Leeds United), Niall McGinn (Aberdeen), Jamie Ward (Nottingham Forest).
Hüjümçiler: Kyle Lafferty (Norwich City), Conor Washington (QPR), Josh Magennis (Kilmarnock), Will Grigg (Wigan Athletic).

D Toparça

HORWATIÝA
Derwezebanlar: Danijel Subasic (Monaco), Lovre Kalinic (Hajduk Split), Ivan Vargic (Rijeka).
Goragçylar: Vedran Corluka (Lokomotiw Moskwa), Darijo Srna (Shakhtar Donetsk), Domagoj Vida (Dynamo Kiev), Sime Vrsaljko (Sassuolo), Gordon Schildenfeld (Dinamo Zagreb), Ivan Strinic (Napoli), Tin Jedvaj (Bayer Leverkusen).
Ýarym goragçylar: Luka Modric (Real Madrid), Ivan Rakitic (Barcelona), Mateo Kovacic (Real Madrid), Marcelo Brozovic (Inter), Milan Badelj (Fiorentina), Ivan Perisic (Inter), Marko Rog (Dinamo Zagreb), Ante Coric (Dinamo Zagreb).
Hüjümçiler: Mario Mandzukic (Juventus), Nikola Kalinic (Fiorentina), Marko Pjaca (Dinamo Zagreb), Andrej Kramaric (Hoffenheim), Duje Cop (Dinamo Zagreb).

ISPANIÝA 
Derwezebanlar: De Gea (Manchester United), Casillas (Porto), Rico (Sevilla).
Goragçylar: Sergio Ramos (Real Madrid), Piqué (Barcelona), Jordi Alba (Barcelona), Bartra (Barcelona), Azpilicueta (Chelsea), San José (Athletic Bilbao), Juanfran (Atletico Madrid), Bellerin (Arsenal).
Ýarym goragçylar: Bruno Soriano (Villarreal), Sergio Busquets (Barcelona), Koke (Atletico Madrid), Thiago Alcantara (Bayern Münih), Andres Iniesta (Barcelona), David Silva (Manchester City), Fabregas (Chelsea).
Hüjümçiler: Pedro (Chelsea), Alvaro Morata (Juventus), Nolito (Celta), Aritz Aduriz (Athletic Bilbao), Lucas Vazquez (Real Madrid).

ÇEHIÝA
Derwezebanlar: Petr Cech (Arsenal), Tomas Vaclik (Basel), Tomas Koubek (Slovan Liberec).
Goragçylar: Theodor Gebre Selassie (Werder Bremen), Roman Hubnik (Viktoria Plzeň), Pavel Kaderabek (Hoffenheim), Michal Kadlec (Fenerbahçe), David Limbersky (Viktoria Plzeň), Daniel Pudil (Sheffield Wednesday), Marek Suchy (Basel), Tomas Sivok (Bursaspor).
Ýarym goragçylar: Vladimir Darida (Hertha Berlin), Borek Dockal (Sparta Prag), Daniel Kolar (Viktoria Plzeň), Ladislav Krejci (Sparta Prag), David Pavelka (Kasımpaşa), Jaroslav Plasil (Bordeaux), Tomas Rosicky (Arsenal), Jiri Skalak (Brighton), Josef Sural (Sparta Prag).
Hüjümçiler: David Lafata (Sparta Prag), Tomas Necid (Bursaspor), Milan Skoda (Slavia Prag).

TÜRKİÝE
Derwezebanlar: Volkan Babacan (Medipol Başakşehir), Onur Recep Kıvrak (Trabzonspor), Harun Tekin (Bursaspor).
Goragçylar: Gökhan Gönül (Fenerbahçe), Şener Özbayraklı (Bursaspor), Semih Kaya (Galatasaray), Ahmet Çalık (Gençlerbirliği), Hakan Balta (Galatasaray), Caner Erkin (Fenerbahçe), İsmail Köybaşı (Beşiktaş).
Ýarym goragçylar: Mehmet Topal (Fenerbahçe), Selçuk İnan (Galatasaray), Ozan Tufan
(Fenerbahçe), Oğuzhan Özyakup (Beşiktaş), Hakan Çalhanoğlu (Bayer Leverkusen), Nuri Şahin (Borussia Dortmund), Arda Turan (Barcelona), Olcay Şahan (Beşiktaş), Volkan Şen (Fenerbahçe), Emre Mor (Nordsjaelland).
Hüjümçiler: Burak Yılmaz (Beijing Guoan), Cenk Tosun (Beşiktaş), Yunus Mallı (Mainz).

E Toparça

ŞWESIÝA 
Derwezebanlar: Andreas Isaksson (Kasımpaşa), Robin Olsen (København), Patrik Carlgren (AIK).
Goragçylar: Ludwig Augustinsson (København), Erik Johansson (København), Pontus Jansson (Torino), Victor Lindelöf (Benfica) Andreas Granqvist (Krasnodar), Mikael Lustig (Celtic), Martin Olsson (Norwich).
Ýarym goragçylar: Jimmy Durmaz (Olympiakos), Albin Ekdal (Hamburger), Oscar Hiljemark (Palermo), Sebastian Larsson (Sunderland), Pontus Wernbloom (SSKA Moskwa), Erkan Zengin (Trabzonspor), Oscar Lewicki (Malmö), Emil Forsberg (Leipzig), Kim Källström (Grasshoppers).
Hüjümçiler: Marcus Berg (Panathinaikos), John Guidetti (Celta), Zlatan Ibrahimovic (PSG), Emir Kujovic (Norrköping).

BELGIÝA 
Derwezebanlar: Thibaut Courtois (Chelsea), Simon Mignolet (Liverpool), Jean-François Gillet (Mechelen).
Goragçylar: Toby Alderweireld (Tottenham), Jan Vertonghen (Tottenham), Dedryck Boyata (Celtic), Jason Denayer (Galatasaray), Bjorn Engels (Bruges), Thomas Meunier (Club Brugge), Jordan Lukaku (Oostende), Thomas Vermaelen (Barcelona).
Ýarym goragçylar: Moussa Dembele (Tottenham), Marouane Fellaini (Manchester United), Axel Witsel (Zenit), Radja Nainggolan (Roma).
Hüjümçiler: Michy Batshuayi (Olympique de Marseille), Christian Benteke (Liverpool), Divock Origi (Liverpool), Yannick Carrasco (Atletico Madrid), Kevin De Bruyne (Manchester City), Eden Hazard (Chelsea), Romelu Lukaku (Everton), Dries Mertens (Napoli).

ITALIÝA 

Derwezebanlar: Gianluigi Buffon (Juventus), Federico Marchetti (Lazio), Salvatore Sirigu (PSG).
Goragçylar: Andrea Barzagli (Juventus), Leonardo Bonucci (Juventus), Giorgio Chiellini
(Juventus), Angelo Ogbonna (West Ham), Matteo Darmian (Manchester United), Mattia
De Sciglio (Milan).
Ýarym goragçylar: Daniele De Rossi (Roma), Alessandro Florenzi (Roma), Emanuele Giaccherini (Bologna), Thiago Motta (PSG), Marco Parolo (Lazio), Stefano Sturaro (Juventus), Federico Bernardeschi (Fiorentina), Antonio Candreva (Lazio), Stephan El Shaarawy (Roma).
Forvet: Citadin Martins Eder (Inter), Ciro Immobile (Torino), Lorenzo Insigne (Napoli), Graziano Pellè (Southampton), Simone Zaza (Juventus).

IRLANDIÝA

Derwezebanlar: Keiren Westwood (Sheffield Wednesday), Shay Given (Stoke City), Darren Randolph (West Ham).
Goragçylar: Seamus Coleman (Everton), Ciaran Clark (Aston Villa), John O'Shea (Sunderland), Richard Keogh (Derby County), Shane Duffy (Blackburn), Cyrus Christie (Derby County), Stephen Ward (Burnley).
Ýarym goragçylar: Glenn Whelan (Stoke City), Aiden McGeady (Sheffield Wednesday), James McCarthy (Everton), James McClean (WBA), Jeff Hendrick (Derby County), David Meyler (Hull City), Robbie Brady (Norwich City), Wes Hoolahan (Norwich City), Stephen Quinn (Reading).
Hüjümçiler: Shane Long (Southampton), Robbie Keane (Los Angeles Galaxy), Jonathan Walters (Stoke City), Daryl Murphy (Ipswich Town).

F Toparça

ISLANDIÝA 
Derwezebanlar: Hannes Halldórsson (Bodo Glimt), Ögmundur Kristinsson (Hammarby), Ingvar Jónsson (Sandefjord).
Goragçylar: Birkir Már Sævarsson (Hammarby), Ragnar Sigurðsson (Krasnodar), Kári Árnason (Malmö), Ari Freyr Skúlason (OB), Haukur Heiðar Hauksson (AIK), Sverrir Ingi Ingason (KSC Lokeren), Hörður Björgvin Magnússon (Cesena), Hjörtur Hermannsson (IFK Goteborg).
Ýarym goragçylar: Aron Einar Gunnarsson (Cardiff City), Emil Hallfreðsson (Udinese), Birkir Bjarnason (Basel), Jóhann Berg Guðmundsson (Charlton Athletic), Gylfi Sigurdsson (Swansea), Theódór Elmar Bjarnason (AGF), Rúnar Már Sigurjónsson (GIF Sundsvall), Arnór Ingvi Traustason (IFK Norrköping).
Hüjümçiler: Eiður Smári Guðjohnsen (Molde), Kolbeinn Sigthórsson (Nantes), Alfreð Finnbogason (Augsburg), Jón Daði Böðvarsson (Kaiserslautern).

AWSTRIÝA 
Derwezebanlar: Robert Almer (Austria Wien), Heinz Lindner (Eintracht Frankfurt), Ramazan Ozcan (Ingolstadt).
Goragçylar: Christian Fuchs (Leicester City), Sebastian Prodl (Watford), Aleksandar Dragovic (Dinamo Kyiv), Gyorgy Garics (Darmstadt), Florian Klein (Stoccarda), Markus Suttner (Ingolstadt), Martin Hinteregger (Borussia Mönchengladbach), Kevin Wimmer (Tottenham).
Ýarym goragçylar: Martin Harnik (Stuttgart), Marko Arnautovic (Stoke City), Zlatko Junuzovic (Werder Bremen), David Alaba (Bayern Münih), Julian Baumgartlinger (Mainz), Jakob Jantscher (Luzern), Marcel Sabitzer (Leipzig), Stefan Ilsanker (Leipzig), Alessandro Schopf (Schalke).
Hüjümçiler: Marc Janko (Basel), Rubin Okotie (TSV 1860 München), Lukas Hinterseer (Ingolstadt).

PORTUGALIÝA
Derwezebanlar: Anthony Lopes (Olympique Lyonnais), Eduardo (Dinamo Zagreb), Rui Patricio (Sporting).
Goragçylar: Bruno Alves (Fenerbahçe), Jose Fonte (Southampton), Eliseu (Benfica), Pepe (Real Madrid), Raphael Guerreiro (Lorient), Ricardo Carvalho (Monaco), Vieirinha (Wolfsburg).
Ýarym goragçylar: Adrien Silva (Sporting), Joao Mario (Sporting), William Carvalho (Sporting), Andre Gomes (Valencia), Danilo Pereira (Porto), Renato Sanches (Benfica), Joao Moutinho (Monaco).
Hüjümçiler: Cristiano Ronaldo (Real Madrid), Eder (Lille), Nani (Fenerbahçe), Rafa Silva (Braga), Ricardo Quaresma (Beşiktaş).

WENGRIÝA

Derwezebanlar: Gábor Király (Swietelsky-Haladás), Dénes Dibusz (Ferencváros), Gulácsi Péter (RB Leipzig).
Goragçylar: Attila Fiola (Puskás Akadémia), Barnabás Bese (MTK Budapest), Richárd Guzmics (Wisla Kraków), Roland Juhász (Videoton FC), Ádám Lang (Videoton FC), Tamás Kádár (Lech Poznan), Mihály Korhut (DVSC-Teva).
Ýarym goragçylar: Ádám Pintér (Ferencváros), Gergő Lovrencsics (Lech Poznan), Ákos Elek (DVTK), Zoltán Gera (Ferencváros), Ádám Nagy (Ferencváros), László Kleinheisler (Werder Bremen), Zoltán Stieber (Nürnberg).
Hüjümçiler: Balázs Dzsudzsák (Bursaspor), Ádám Szalai (Hannover), Krisztián Németh (Al-Gharafa), Nemanja Nikolics (Legia Warszawa), Tamás Priskin (Slovan Bratislava), Dániel Böde (Ferencváros).


26.05.2016

Söwdanyň internet usuly – Eýesinden

“Altyn Paňkelle” blogy internetde türkmen diliniň kime gerekdigi baradaky soraga jogap gözläp şeýle ýazypdyr:
“Ol-ha internetde ekeni türkmennetde hem türkmençe sahypa tapaýmak gaty kyn; tanyşüsti bilen tapaýmasaň. Beýle sahypalar näme üçin şeýle az? Bu meň pikirimçe gyzykly sorag. Şoň üçin hem bu temada öz pikirlerimi siz bilen paýlaşaýyn diýdim.
Ilki bellemeli zat elbetde internete baglanmak mümkinçiligi türkmenlerde örän az. Köp türkmen daşary ýurtdan internete girýär. Bu türkmenleriň köpüsi rus, iňlis, türk dilleriniň iň azyndan birini gowy bilýär. Bu dilleri bilseň esasan-da iňlis we rus dillerini bilseň internetde islän zadyňa ýetmek gaty kyn däl. Aýdym-saz, hezillik, anekdotlar, tehniki maglumatlar internetde dökün.
Diýmek türkmençe sahypalaryň aýratynlygy iň azyndan iki sany (1) biri daşary ýurt dillerini bilmeýän türkmenlere ýüzlenmek - rusça düşünmeýän gaty azmyka diýýän. (2) beýleki sahypalaryň türkmennetçilere hödürläp bilmeýän mazmunyny hödürlemek. Meň pikirimçe ikinji husus has möhüm. Meselem http://www.tmhits.com sahypasy şuňa mysal bolup biler. Türkmençe aýdymlary bize diňletjek türkçe ýada rusça sahypa gaty az. Şoň üçin türkmenler bu sahypany bilýän bolsa göni gelerler. Türkmençe bolany üçin däl-de, türkmenistanlylara degişli örän peýdaly maglumatlar we aýdymlar berýändigi üçin gelerler”.
10 ýyl mundan ozalky mesele Bagtyýarlyk zamanasynyň Berkararlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli edýän atalyk aladalary bilen ýuwaş-ýuwaş düzelýär hem diýip bileris. Menem şu gün Altyn Päňkelläň ikinji kategoriýasyna girýän http://www.eyesinden.com barada birnäçe zatlar belläp geçmek isledim. Söwdanyň internet usuly bolan “eýesinden”, mobil telefonlardan kompýuterlere, elektronikadan öý enjamlaryna, parfumeriýadan kitaplara çenli birnäçe harytlary biziň öýde ýaplanyp gök çaý süzüp oturan ýerimizden satyn almaga mümkinçilik döredýär.
Birinji bilen belläp geçmek isleýän zadym bu websaýtyň domain adresi gaty dogry alynan. Hemmämiz adyny eýesinden diýip bilýäris we domain adresi hem eyesinden. Emma käbir websaýtlar, esasanam türkmen saýtlarynyň adyny “pylan zat” diýip bilýän hem bolsak domain adresi köplenç ýagdaýda “pylan-zat-online” we ş.m. goşundylar bilen alynýar. Saýty açdym we harytlara göz aýladym, ilki bilen ünsümi çeken bolsa kitaplar boldy.


“Baý kaka we garyp kaka” kitabyny satyn almaga synanyşdym. Kitabyň mazmuny türk dilinde beýan edilen eken, elbetde satyn aljak bolýan kitabymyz türk dilinde bolsa muň zyýany ýok. “Sebede goş” düwmejigine basyp kitaby “100-lük salafana” salanymdan soň “sebedi görkez” we “satyn al” düwmejikleri çykdy. Satyn al düwmesine basamda elbetde menden agza bolmagymy, eger-de agzalygym bar bolsa içeri girmegimi sorady. Bu pursatda meni begendiren zat bolsa elbetde, içeri girmän, myhman müşderi hökmünde satyn alyp hem bolýanlygy. Elbetde adres, telefon no we ş.m. maglumatlary bermek üçin forma doldurmaly boldy. Eger-de bu ýerden ýygy-ýygydan söwda etmek niýetimiz bar bolsa, agza bolmak has amatly. Sebäbi her gezek şol bir maglumatlary gaýta-gaýta doldurmak aňsat bolmasa gerek.
            Maglumatlary 4 ädimde doldurmaklyk soraldy, birinji ädimde ýokarda belläp geçişim ýaly içeri girmegim soralýar. Myhman hökmünde girenimizden soň ikinji ädimde poçta maglumatlarymyz soralýar.  Adres berenimde daşary ýurtlary hem saýlap bolýany gözüme ildi, we barlap görmek niýeti bilen her haýsy bir ýurdy saýladym. Maglumatlary dolduranymdan soň bolsa “Bagyşlaň, siziň adresiňize eltip bermek hyzmatymyz ýok” diýen ýazgyny gördüm. Şeýlelik bilen 3-nji we 4-nji ädimlere geçip bilmedim. Eger-de daşary ýurda ibermek hyzmaty bar bolsa, menýuda diňe iberip bilýän ýurtlaryny goýsalar has jaýdar bolardy. Emma biz bir wagtyň dowamynda ençeme ýurtlarda ýaşamzok, öz ýaşaýan ýurdumyza iberip ibermeýänlerini barlamak sanlyja sekund alýar, bu bir ummasyz tagaşyksyzlyk däl.
            Täzeden synanyşmak islämde bolsa şol bir kitaby satyn almak üçin sebede goşdum we sebetde iki kitap boldy, aslynda täzeden sebede goşmak hökmanam däl eken. Men birini aýyr diýip tölege geçemde bolsa sebetde henizem iki kitabyň bardygyny gördüm. Diýmek sebetden aýyrmaly goşmaly zatlary dynaňsoň “täzeden hasapla” düwmesine basmak hökmany eken. Başgaça aýdanymyzda “refresh” düwmesi, meň pikirimçe sebetden käbir zatlary aýyranymyzdan soň ýene bir artykmaç düwmä basmazdan hasaplasa has dogry we çalt bolardy.
            Adresimi Türkmenistanda bir ýerde görkezenimden soň bolsa töleg ädimine geçip bildim we POD (Pay on Delivery – ýagny tabşyrykda tölemek), paypal we Türkiýeden (bank hasabyna) tölemek ýaly görnüşleri gördüm. Meni iň begendiren ýeri POD boldy, sebäbi Türkmenistanda bank üsti bilen töleg geçmek heniz giňden ulanylmaýar. Eýesinden 1-3 iş gününde harydyň elimize gelip gowuşjakdygyna, howpsuzlygyna, bardy-geldi harytda bir näsazlyk bolan ýagdaýynda-da jogapkärçilik aljakdygyna güwä geçýär.
            Kitabyň bahasy 106 manatdan 80 manada arzanladylypdyr. Emma näme üçindir sebede goşamda kitabyň bahasy 81 manat boldy. Şol bir kitabyň nyrhyny Türkiýedäki başga websaýtlardan barlap göremde bolsa uly tapawudyň bardygyna göz ýetirdim. Kitap eýesindende ±24 USD, Türkiýede bolsa ±4 USD. Elbetde Türkiýeden kargo bilen ibertsek ýene-de ±25 USD bolar.

            Jemleýji hökmünde stokdaky kitaplar barada agzap geçsek iňlis, rus we türk dillerinde kitaplar bar. Türkmen dilindäki kitaplaryň satuwda ýoklugynyň hem özüne ýetesi sebäbi bar bolsa gerek. Bu gezeklik kitap barladym we netijesinden hoşal boldum. Beýleki harytlary bolsa indiki ýazgylarymda giňişleýin gürrüň bererin. Onda näme, indiki ýazgylara çenli hoş wagtyňyz.

Hakyky "underdog" hekaýa

 Ilaty 300 müňe-de ýetmeýän şäheriň, bahasy 130 milliona-da ýetmeýän topary, Premier Leagueň çempiony – Leicester City. Hekaýasy Blackburn, Deportivo, Sampdoria we ş.m.lere meňzeýän topar. Bu toparlaryň meňzeş tarapy nirede, geliň taryhyň tozanly sahypalaryna ser salalyň.
Bu ýerde agzap geçmek isleýän toparlarym, “underdog” diýlip atlandyrylýan, ýagny öz ligalarynda çempion bolmagyna garaşylmaýan hem bolsa, çempion bolmagy başaran toparlar. Geliň Premier Leagueden başlalyň:
Blackburn Rovers 1994-95 futbol möwsüminde çempion bolmagyň hötdesinden geldi. Iň ýokary Iňlis ligasy, Premier League adyny alaly bäri, muny başaran diňe “Riversiderler”, başga ýokdy, heniz ýokdy, tä “Tilkiler” çempion bolýança.
La Ligada bolsa 1934-35-de Real Betis, 1945-46-da Sevilla, 1999-00-de bolsa Deportivo La Çoruňa ligadaky läheňlerden öňe saýlanyp çempion boldy. 1980-81 we 1981-82 möwsümlerinde bu üstünligi iki gezek yzly-yzyna gazanan Real Soçiedad bolsa has kyn zadyň hötdesinden geldi.
Bundesligada öňler Bayern Münichden başga toparlar hem çempion bolýardy. 1965-66, TSV 1860 München, 1966-67, Eintracht Braunschweig, 1967-68, 1. FC Nürnberg, we ýakyn taryhda, ýagny 2008-09-da Wolfsburg ligany Bayern Münichiň öňünde tamamlap çempion boldy.
Serie A ýokarda agzap geçen ligalarymyza seredenimizde bu babatda biraz gyzykly görünýär, sebäbi underdog çempionlaryň sany bir eliň barmaklaryndan köp. 1913-14, Casale, 1921-22, Novese, 1969-70, Cagliari, 1984-85, Verona, 1990-91, Sampdoria. Elbetde iki gezek çempion bolanlar hem bar: 1955-56 we 1968-69 Fiorentina, 1973-74 we 1999-00 Lazio, 1986-87 we 1989-90 Napoli.
Ligue 1 hem Serie A-dan kem galanok. 1932-33 Olympique Lillois, 1935-36 RCF Paris, 1946-47 Roubaix-Tourconing, 1978-79 Strasbourg, 1995-96 Auxerre, 1997-98 Lens, 2011-12 Monpellier. Iki gezek çempion bolmagy başaranlar bolsa 1933-34, 1938-39 Sete, 1934-35, 1937-38 Sochaux.
Muň daşyndan türkmen futbolsöýerleriniň uly gyzyklanma bilen tomaşa edýän ligalary bolan Russiýa we Türkiýe ligalaryna hem ser salsak Rubin Kazan, Alania Wladikawkaz, Bursaspor, Beşiktaş ýaly toparlary agzap bileris.
            Hawa, ýokarda Leicester Cityniň bahasy barada agzap geçipdik, has takygy oýunçylaryň hemmesiniň umumy bahasy 127 million euro (satyn alynan bahasy däl, häzirki wagtdaky bahasy). “Top dog” diýip atlandyrylýan, ýagny her oýunda utmagyna, ligaň soňunda çempion bolmagyna, kuboklary almagyna garaşylýan toparlaryň birnäçe oýunçysynyň nyrhy barada agzap geçeýin:
  • ·         Hazard, Fabregas, Çosta = 160
  • ·         Agüero, De Bruyne, Sterling = 170
  • ·         Sanchez, Özil, Ramsey = 135
  • ·         Rooney, De Gea, Mata = 109
  • ·         Firmino, Coutinho, Benteke = 97

Görşüňiz ýaly çempionlyk üçin göreşmeli garşydaşlarynyň diňe üç oýunçysynyň bahasy tutuş toparyň bahasyndan gymmat. Geçen ýyl EPL-de iň uzak wagtlap ýeňiş gazanmadyk topar, 13 oýun boýunça ýeňiş gazanyp bilmän, bu babatda rekord goýdy. Bu ýyl bolsa liganyň tamamlanmagyna iki hepde galanda çempion boldular. Munyň sebäbi näme? Üstünligiň syry ussat tälimçi Ranierimi? Ýa-da Schmeichel, Kante, Mahrez, Vardy ýaly oýunçylarmy? Diňe iki oýunçysy gol salýan topar – Riyad Mahres 18, Jamie Vardy 22 – nädip liga tablisasynyň iň üstünde bolup bilýär?


Aslynda hemme zat Thailandly milliarder işewür Vichai Srivaddhanaprabhanyň topary satyn almagy bilen başlady. Pully mesele çözülenden soň, nobat futbola geldi. Topar, Swen Goran Erikssondan soň Nigel Pearsona ynanyldy we topar Premier League-a çykdy. Pearson diňe bir topary liga çykarmady, dört ýylyň dowamynda hakykatdan hem topar bolmany, topar bolup hereket etmegi, oýnamagy öwredipdi. Ranieri bolsa ýene bir ädim ädip, geçen ýyl 8 müň töweregi adam gelýän King Power stadionyny depme-dykyn doldurdy, köýnekçeleriniň reňkini bütin dünýä tanatdy.
Ranieri oýunçylarynyň ukyplaryndan doly derejede, 100% peýdalanmagy başardy. 2005-nji ýylda fabrikde işleýän, 2010-njy ýylda 8-nji ligada oýnaýan Vardyden dünýä ýyldyzyny döretdi. Eger kinoda görseňiz ynanmarsyňyz, “aý kino-da” diýersiňiz belki, ýöne bu hakykat. “Goal” kinosynyň senaristi Adrian Butchart, Vardyniň hekaýasyny ýazyp başlady. Belki öňümizdäki ýyllarda tomaşa edip “aý kino-da” diýeris.

Geliň Ranieri we toparyna üstünlikleriniň dowamyny diläp, öz durmuşymyzda-da olary nusga alalyň. Arzuw-hyýallaryňyzy Vardy ýaly, Leicester ýaly, ýokarda agzap geçen beýleki toparlarymyz ýaly maksada okgunly bolup, durmuşa geçiriň. Bir dana “Ynanmak başarmagyň ýarsydyr” diýipdir, sizem ilki ynanyň, belki başararsyňyz. Hemmäňize durmuşda üstünlik arzuw edýärin, ruhuňyz tug deýin belentde bolsun!

*Makala "Çepden saga" e-žurnalynyň üçünji sanynda neşir edildi.

5.05.2016

Gadyry bilinmedik ukyp

Futbola Flamengo toparynyň ýaşlar ýygyndysynda başlady we üç ýyl oýnandan soň professional topara geçdi. Oýnan döwründe Ýewropaly toparlaryň ünsüni çekdi we bir ýylda kyrk alty oýunda meýdança çykyp on iki gezek tapawutlanandan soň Italiýanyň Internazionale toparyna geçdi. 2001-02 möwsüminiň birinji ýarymynda on dört gezek oýnasa-da ýekeje gezek topy derwezä geçirmegiň hötdesinden geldi. Şeýdip ol möwsümiň ikinji ýarymynda Fiorentina kärendesine berildi. Ondan soňky möwsümde bolsa Parma toparyna kärendesine berildi. Lapykeç bolmady we oýnamaga dowam etdi, Parmada bir ýarym ýylda kyrk dört oýunda ýigrimi alty gol salanda bolsa onuň adyny hemmeler ýatdan bilýardi: Adriano Leite Ribeiro, gysgaça Adriano.


2003-nji ýylda täzeden Intere dolanyp gelensoň bolsa dünýädäki ähli hüjümçilerden birnäçe ädim öňe geçdi. Çep aýagyndan çykýan raketa ýaly zarply urgylar, her egnine bir pyýada ýükleseňem ylgap gitjek fiziki güýji, ajaýyp tehnikasy, gol salmakdaky ezberligi, ussatlygy bilen dostuna ynam berip duşmanynyň injigini titredýän ägirt futbolça öwrüldi we “Imperator” lakamyny aldy. Jerime urgusyny urup bilýär, altmyş metrden topy ýeke özi äkidip, ýüzugruna-da iki-üç garşydaş oýunçyny aldap geçip gol salýardy. Gepiň külesi “Adriano Imperatoredi”.
Braziliýa milli ýygyndysynyň iň haý-haýly döwründe bolsa 3R sebäpli topara sygmady. Gök-sary köýnekçe bilen kyrk sekiz oýun oýnap ýigrimi ýedi gol saldy we Copa Americany hem-de Konfederasiýa kubogyny aldy. Copa Americada “Altyn Top” hem-de “Altyn Aýakgap” baýraklaryny aldy.
…we 2004-üň tomsunda kakasy ýogaldy… Şondan soň dagyň depesinden togalanyp gaýdan daş ýaly girdaba tarap gidip ugrady. Aşaklygyna eňip gelýärkä öňünden birnäçe şaha çykdy emma ol hiç birine-de ýapyşyp bilmedi. Özüni içgä berensoň gije uky ýok, gündiz bolsa türgenleşige energiýa ýok.
“Ençeme ýyl soň şol şahalaryň biri, Interiň Prezidenti Massimo Moratti: “Nädeýin, oglum ýaly görýärdim. Men psiholog däl emma otagyma çagyryp öwüt-nesihat edýärdim, olam bor diýip söz berýärdi emma beren sözüni çaltjak ýadyndan çykarýardy” diýip gürrüň berdi.
Roberto Mancini bolsa türgenleşige pohmel gelýän Adriano eglişik edip durmady, ony toparda görmek islemeýärdi we Çempionlar Ligasynyň sanawyndanam çykarypdy. Ol barada-da: “Mancini bilen hiç haçanam aram gowy bolmady. Irden türgenleşige gijä galyp käýinç iýmezlik üçin agşam ýatman türgenleşige gelýärdim. Manciniň kömekçileri meni sport zala iberýärdiler, žurnalistlere bolsa “myşsasyna şikes ýeten” diýýärdiler. Sport zalda türgenleşmäge güýjüm bolmany üçinem şol ýerde ymyzganýardym” diýipdi.
Başga bir şaha Mourinho-da ony yzyna çagyrdy, Adriano bolsa: “Maňa gaty ynanypdy, oňa-da ýüzüm gara” diýdi”. -aceto balsamico
Sao Paulo, Flamengo, Roma, Corinthians, Atletico Paranaense ýaly toparlarda çykyş edip, Braziliýa we Italiýa arasynda iki jahan owarrasy bolup ýaşan ýyllarynda ençeme gezek serhoş halda ulag sürüp saklanyldy, ençeme jeza berildi, sürüjilik şahadatnamasy elinden alyndy. Narkotik söwdagärleriniň arasynda-da birnäçe gezek ady agzaldy, delil tapylan ýagdaýynda on ýyl azatlykdan mahrum bolmagy hem ahmaldy, hat-da daşary ýurda gitmez ýaly elinden pasportyny hem aldylar. Öňki menejeri Gilmar Rinaldi bolsa Adrianonyň özüni öldürmeginden çekinýändigini belläp, onuň psihologyň kömegine mätäçdigini aýtdy.


Internacionala transfer boljak bolanda saglyk barlaglaryndan geçip bilmändigi üçin şertnama baglaşyp bilmediler we döwrüniň ýyldyz oýunçysy futboldan uzaklaşdy. Soňra Miami United bilen futbola dolananda ejesi Adrianonuň ýagdaýynyň erbetdigini, Braziliýadan uzaklaşmalydygyny belläp, Miami bilen baglaşyljak şertnamanyň Adrianonyň saglygyna oňyn täsir etjekdigini aýtdy.
…geçen aý bolsa otuz dört ýaşady. Futbol dünýäsinde ekeniňi ekip, oragyňy orup, harmanyňa guwanyp deriňi sylynýan ýaş. Unuňy eläp, elegiňi asylýan ýaş däl, belki çöplemäne hoşa galandyr, emma welin hasylyny ýygnamadyk adamyň hoşa çöpläp çöplemejegi bigümana…
Hormatly okyjylar, “Men Adrianoň ýerinde bolan bolsam Alla tarapyn berlen ukybymyň gadryny bilerdim. Kynçylyklar bolsa-da ruhumy belent tutup güýçli depginde futbol oýnamana dowam ederdim we kariýeramda has belent sepgitlere ýeterdim” diýýäniňizi duýýaryn. Siz bir zada düşüniň, siziň ýeriňizde bolmak isleýän millionlarça adam bar. Geliň, Adriano boljak bolmalyň-da öz elimizdäki zatlaryň gadyryny bileliň. 

*Makala "Çepden saga" e-žurnalynyň mart aýyndaky sanynda neşir edildi.