25.04.2011

Iki sözüň başyny has aňsadrak çataýyn diýseň kitap oka!


Bilşimiz ýaly kitap okalýan zat, okamak üçin ýazypdyrlar. Çagalar bagyna gatnaýan wagtym bir zat görüpdim. Tekjäň üstünde galyň kitabyň sahypalaryny birhiljek bilhiljek epläp owadan edip goýupdyrlar, bezeg üçin ulanypdyrlar. Şol wagt ünsem bermändim, çagadym. Emma ençeme ýyl geçensoň şol sahnalar gözöňümde janlananda bir degişme ýadyma düşýär. Ata Atajanowyň "Men size barýan" eserini diňe çigit satýan daýzalar alýarmyş. Näme üçin, sebäbi sahypasy köp, galyň kitap.
Kitap okamak üçin diýipdik. Käbirlerimiz bir zatlar öwrenmek üçin okaýas, käbilerimiz wagt geçirmek üçin, käbirlerimiz wagtymyzy gyzyklyrak geçirmek üçin (soňky döwür wagty gyzyklyrak geçirmek üçin kitap okaýanlar näçe azam bolsa heniz bar) Bir gezek roman okap otyrkam dostym aýtdy, roman okaýaňmaý, taşlasana how ondan näme öwrenjek. Şonda öň bir gazetde okan makalamdan käbir setirler ýadyma düşdi. Nämemiş kitaby wagt geçirmek üçin dälde bir zatlar öwrenmek üçin okamalymyş. Aslynda bolsa beýle däl. Kitaplar fiction (çeper eser) hem-de non-fiction diýen ýaly toparlara bölünýär. Fiction kitaplary näme öwrenmek üçin okajak? Hiç zat öwrenmejek bolsaň näme üçin okajak diýjeklerem tapylar. Iki sözüň başyny has aňsadrak çatyp bilmek üçin okap bilersiňiz meselem. Aýdýan zadyňa ynandyrmak üçin, täsirli gürlemek üçin elbetde diliň çeper bolmaly, özüňe ynamly gürlemeli. Kitap size bulary gaty aňsat öwreder, arkaýyn bolaýyň..
Kitap okamagyň iň uly peýdalarynyň birem bolsa pikir etmegi öwreder size. Meselem, Harry Potter diýilse hemmämiziň gözöňümize tegelek äýnekli, uzynrak saçly oglan geler. Emma kinony görmän kitabyny okan bolsaňyz belki has üýtgeşik oglan gelerdi gözöňüňize. Şol gahrymany okap otyrkaň kelläňde janlandyrardyň şeklini. Işlemeýän beýni ösmez, gantel götereňde bilegiň, çigniň güýçlenişi ýaly, pikir edeňde-de beýni güýçlenýändir. Men okajak, emma soňky 20 ýylda ibaly kitap ýazylmada diýjekler köpdür. Bu ýerde-de ikinji dil bilmegiň peýdasyna göz ýetirýäris. 
Garaz pikirimi jemläp ýazyba bilmedim, olam az kitap okaýanymdan bolmaly. Gysgaça aýdamda, kitap dostdyr, ol dostuň islän wagtyň seň bilen bolýarm oňa gowy görünmek üçin üsti başyňa timar bermegem gerek däl, çaý-suw hödür etmegem. Özem ol dost şeýle bir wepalydyr welin hiç haçan saňa ikilik etmez.

0 Teswir: