Inter etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Inter etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

11.02.2013

Men Wesley Sneijder #2

Real Madride pyrtykal (gollandiýaly) ýoň bolan wagty gidipdim. Ajax seýfine 27 million ýewro saldy. Real Madriddäki birinji möwsümimde erbedem oýnamadym, emma ikinji möwsümiň soňunda topardan gitmeli boldum. Inter meni 15 million ýewro satyn alanda birgiden goh-galmagal edilipdi. Inter ilki meniň bilen däl-de Real Madrid bilen 15 million ýewro ylalaşypdy, maňa bolsa ýyllyk 3,5 million ýewro teklip etdiler. Madridde 3 million gazanýardym, şonda-da Madridde dowam etmek isleýärdim. 2009-yň awgustynda bir aýlap Inter bilen gepleşikler geçirdim. Şol wagtlar gazetleri okan bolsaňyz men barada hergün bir habar çykýardy, gidýär, gidenok, Madridde dowam etmek isleýär... Interden 4,5 million isleýärdim we aldymam. Bu pul 2010-njy ýylda toparyň içindäki aýlyklaryň deň paýlanmagyna böwet bolýardy. Şertnamasyny täzeleýänleriň garradykça aýlyklaryny azaltmagy bolsa aramyzda ýer bilen gök ýaly tapawut döretdi. Bir ýyl soňra şertnama täzelänimizde bolsa şu wagt meni Interden gitmäne mejbur eden aýlyga gol çekdim: 6 million ýewro. Interde iki möwsümde bitiren işlerimi öň gürrüň beripdim: Men Wesley Sneijder. Soň bolsa 3-4-3-de we 4-3-3-de oýnap bilmez diýip meni gyrada oturtdylar. Üstesine-de maňa aňsat şikes ýetýärdi.
Inter 2015-nji ýyla çenli dowam edýän şertnamamy täzelemek isledi. Ýyllyk 4 million ýewro. Razy bolmadym. Möwsümiň başyndan bärem meýdança çykyp bilmedim. Dünýä ýyldyzy, üstesine-de heniz 28 ýaşymda bolsamam köp aýlyk alýanlygym sebäpli oýunlara meýdançaň gyrasynda oturup tomaşa etmäge mejbur edýärdiler. Italiýada futbolçylar jemgyýetiniň direktory Tommasi hem meniň tarapymy tutup Intere "6 million berjek diýipsiňiz, beriňdä indi" diýdi.
Ýöne şu wagt futbol dünýäsinde sanaýmalyja klublar maňa 5-6 million ýewro töläp biler. Barcelona we Real Madrid hasap däl, olara gitmejegim köre mälim. Belki-de iki Manchester kluby, Zenit, Anži we Paris Saint Germain. Italiýada bolsa maňa onça puly ola beýleki klublar eken, hat-da Milanam töläp bilmez.
Ahyrsoňy Galatasaray bilen şertnama baglaşdym. Ýöne olar bilenem ylalaşýançam Interi edişim ýaly burunlaryndan ikli gan getirdim. Ýanwarda bütin bir aýlap Italiýa we Türk metbugatynda men hakda dogry ýa-da ýalan-ýaşryk habarlar okadyňyz. Ýöne netijede indi men Galatasarayda. Men Wesley Sneijder, Galatasarayly Sneijder.

4.11.2012

...we Juventus utuldy


Juventus 2011-nji ýylyň 15-nji maýynda Parmadan utulandan soň 49 oýun bäri utulmandy. Şol oýunlarda 32 gezek utan, 17 gezek deňme-deň oýnan Juventus, bu hepde öz öýünde Interi kabul etdi, we oýunyň başynda eminiň goýberen ýalňyşy bilen öňe geçenem bolsa utuldy.
Sneijder, Coutinho, Stankovic, Chivu, Jonathan we Joel Obisiz Inter, 3-4-3 oýnady. Juventus oýunyň başynda Vidalyň offsidedan salan goly bilen 1-0 öňe geçenem bolsa, Inter oýunyň ikinji ýarymynda 3 gol salyp hem bal aratapawudyny azaltdy, hemem Juventusyň 49 oýundan soň utulmagyna sebäp boldy.
Inter 2008-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan bäri Juventusy öýünde ýeňip görmändi. Diego Milito oýunda 2 gol salyp ligadaky gol sanyny 7-ä ýetirdi. Inter köýnekçesi bilen 143-nji oýunynda 71-nji golyny salan Diego Milito, garry oýunçylary azaltmak isleýän Intere Zanetti we Cambiasso bilen bilelikde tejribesi bilen ullakan goşant goşýan oýunçylar.
Interiň 36 ýaşyndaky tälimçisi Stramaccioni, Interdäki ilkinji 20 oýunynda 14 gezek utup, Jose Mourinhonyň yzyndan ýetdi. Jose-de Interde işlän döwründe ilkinji 20 oýunynda 14 gezek utupdy. (calciotr)

17.10.2012

Serie A-da ýyllyk gazançlar (2012-13)






Sanlar million ýewro şeklindedir. (La Gazzetta della Sport)

Nagatomo iň ýakyn dostum


Cassano: "Interde iň ýakyn dostum Nagatomo, sebäbi gepleşemizde biri-birimize düşünemzok. Mydama bir zatlar gürrüň berýär, menem gülýärin. Men bir zat geplän wagtymam ol gülüp başlaýar. Düşünşip bilsek belki maşyn barada, zenanlar barada gürrüň ederis, ýöne düşünşip bilemzokda. Şonda-da iň ýakyn dostum  Nagatomo." (Aceto Balsamico)

21.12.2011

Men Wesley Sneijder

1984-nji ýylyň 9-njy iýunynda Utrechtde futbolçy maşgalasynda doguldym. Kakam futbolçydy. Agam Jeffrey ýaly, menem Ajaxyň ýaşlar ýygyndysynda futbol oýnap başladym. Heniz 17 ýaşymdakam egnime Ajax köýnekçesini geýip ýaşyl meýdança çykyp başladym. Real Madrid meni 27 mln euro satyn alýança Ajaxda 5 ýyl oýnadym. Ajaxda oýnan döwrümde jemi 181 oýuna çykyp 58 gol saldym we 43 goluň pasyny berdim. Bir gezek Eredivisiede çempion boldum, iki gezek KNVB kubogyny, üç gezegem Johan Cruijff Schaaly gazandym.
Euro 2004-de Gollandiýanyň milli ýygyndysy bilen ýarym finala çenli gitdik. Men ol döwürler başlangyç düzümde oýnamokdym. Grupbalarda diňe iki gezek oýuna soňundan giripdim.
2006 FIFA World Cupda grupbadaky 4 oýunda-da başlangyç düzümde oýnapdym, emma çärýek finalda Portugaliýadan 1-0 utulyp öýe gaýtmaly bolupdyk.
2007-08 möwsüminde Royston Drenthe we Arjen Robbenden soň Real Madride geçen üçünji Gollandiýalydym. David Beckhamyň 4 ýyl geýen 23-lük belgisini aldym. La Ligadaky ilkinji oýunymda Atletico Madride gol saldym. Ikinji oýunymda bolsa Villareala iki gol saldym, biri jerime urgusydy.
Euro 2008-däki Russiýadan 3-1 utulyp öýe gaýdyşymyzy ýatlatmak hökmanam däldir.
2008-nji ýylda Robinho Manchester Citä gidensoň 23-lük belgini Rafaele (van der Vaart) berdimde özüm 10-luk belgini geýip başladym. Real Madridde ilkinji oýnan möwsümimde La Ligada çempion bolduk, soňky ýyl bolsa finalda Valenciany ýeňip Ispaniýanyň Super Kubogyny aldyk. Göräýmäne hemme zat gülala-güllükdi. Emma 2009-njy ýylyň 27-nji awgustynda Real Madrid meni Intere 15 mln euro satdy. Netijede Real Madrid köýnekçesi bilen 66 oýunda 11 gol saldym we 11 assist etdim.
Intere gelemsoňam egnime 10-luk belgini geýdim we bir ýerde gazanyp boljak zat bolsa gazandym: Serie A-da çempion boldum, Italiýa kubogyny aldym, Italiýa Super Kubogyny aldym, UEFA Çempionlar Ligasyny aldym, FIFA Club World Cupy aldym. Gollandiýanyň milli ýygyndysy bilen Dünýä kubogynda finala çenli gitdim. FIFA bolsa elinde La Liga çempionlygyndan başga hiç zat bolmadyk oglanjyga Ballon d'Or berdi...
2009-njy ýylyň dekabrynda aktrisa Yolanthe Cabau van Kasbergen bilen adaglandym we 2010-njy ýylyň 17-nji iýulynda öýlendim. Javier Zanettiň saýasynda Katolik boldum we Milanda baptist edildim.
Agam Jeffrey, Maarten Stekelenburg we Rafael van der Vaart ýaly futbolçylar bilen bilelikde Ajaxyň ýaşlar ýygyndysynda futbol oýnap başlapdy. 2001-nji ýylda bolsa Stormvogels Telstara transfer boldy. 2004-nji ýylyň fewralynda menisk bolup bir salym futbol oýnap bilmedi. Şol ýylyň awgustynda Jong Ajaxa geldi täzeden futbol oýnap başlady, emma futbol oýnamak eýýäm oňa kyn düşüp başlady (wah ençeme ýyldyzyň kariýerasyny zaýalan şikesler) 2005-nji ýylda Jong RKC-de futbol oýnamagyny dowam etdirdi. 2006-njy ýylda FC Den Boscha, 2007-de bolsa höwesjeň ligadaky USV Elinkwijke geçdi. Şu wagt bolsa uly futboly taşlady.
Maşgalamdaky ýene bir futbolçy bolsa 20 ýaşyndaky inim (31.03.1991) Rodney Sneijder. Olam Jeffrey we men ýaly Ajaxyň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişdi we Eredivisieň Ultrechtinde kärendesine oýnaýar. Ol ligadaky ilkinji oýunyna 2011-nji ýylyň 27-nji awgustynda çykdy we Roda JC gol saldy.
2008-nji ýylyň maýynda Real Madrid Rodneyi satyn aljak boldy. Rodneyiň Real Madridde oýnajagy üçin  begenjiniň çägi ýokdy. Emma eşiden badyma inime Real Madride gelmezligi maslahat berdim. Sebäbi men ýaş oýunçylaryň göni uly toparlarda oýnap başlamagynyň tarapdary däl. Inime ilki Ajaxda özüni görkezmegi maslahat berdim.

5.08.2011

Mancunian Derby | Derby della Madonnina


Anha, ýuwaş-ýuwaşjadan futbol boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň çempionatlarama başlap ugrady. Eýýäm bu hepde Ýewropada Germaniýa, Fransiýa, Gollandiýa ýaly ýurtlaryň futbol çempionatlarynda ilkinji tapgyryň oýunlary oýnalar.
Hepdäniň esasy futbol oýunlary bolsa aýyň 6-na Pekinde hem-de aýyň 7-ne Londonda oýnalar. Ýagny bu hepdä futbolda Derbylar hepdesi diýsem kän bir ýalňyşdygym bolmaz. Sebäbi ertir (6.08.2011ý) Aşgabat wagty bilen 17:00-da Pekiniň ''Guş höwürtgesi'' diýlip atlandyrylýan stadionynda Italiýanyň iki sany ägirdi, Italiýanyň soňky çempiony Milan hem-de Italiýanyň kubogynyň soňky eýesi Inter duşuşar. Ýagny Derby della Madonnina. Aýyň 7-sine bolsa Aşgabat wagty bilen 18:30-da Londonyň ''Uembli'' stadionynda Angliýanyň soňky çempiony Mançester United hem-de Angliýanyň kubogynyň soňky eýesi Mançester Citi duşuşar. Ýagny Derby Mankunýan.
MU - MC.
Angliýanyň Super Kubogyny (FA Community Shield) almak ugrunda bu ýyl 89-njy gezek geçiriljek bu oýuna Angliýanyň futbol federasiýasynda Fil Daud eminlik eder. Bu iki komandanyň arasyndaky oýun Mankunýan Derbysy diýlip atlandyrylýar. Öz gözbaşyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan Mankunýan Derbisinde bu iki klub dürli derejeli ýaryşlarda 158 gezek duşuşdylar. 50 oýny deňme-deň gutaran şol oýunlarda 66 gezek Ýunaýtedliler utan bolsa, 42 gezek Sitililer utmagy başardylar. Bu ikisiniň arasyndaky soňky oýunda bolsa Siti 1-0 bilen utmagy başarypdy. Iki klub häzirki wagtda dünýäniň iň baý klublarynyň hataryna girýärler. Diňe bu iki Mançesterlileriň klub býužetleri APL-de çykyş edýän ähli kublaryň jemi býužetiniň 1/4-ne deň bolup durýar. Mankunýan Derbysinde iň köp gol salmagy başaran Mançester Sitili Frenses Li (10 gol). Derbydäki iň uly hasaply oýun 1926-njy ýylda Sitiniň Ýunaýtedi 6-1 utan oýnudyr.
Inter - Milan
Dünýäniň iň bir populýarny Derbylarynyň biri hasaplanýa bu derby öz gözbaşyny 1910-njy ýyldan alyp gaýdýar. 101 ýyllyk taryhy bolan Derby della Madonnina häzirki wagta çenli 203 gezek oýnalyndy. Şol oýunlarda Inter 71 gezek, Milan 71 gezek ýeňiş gazandy. 61 oýunda bolsa deňlik hasaba alyndy. 203 oýnuň dowamynda Interliler jemi 278 gol, Milanlylar bolsa 276 gol salmagy başarypdyrlar. Milan Derbysinde oýnalan soňky oýunda ýadyňyza düşýän bolsa Milan Interi 3-0 hasap bilen utmagy başarypdy. Milan Derbysinde iň köp gol salmagy başaran Milanyň taryhy futbolçysy Andreý Şewçenkodyr (14 gol). Derby della Madonnina-da iň köp golly oýun bolsa 1949-njy ýylda Interiň Milany 6-5 utan oýnudyr. Italiýanyň Milan şäheriniň ägirtleriniň ikisi hem öz domaşnyý oýunlaryny şol şäherdäki ''San Siro'' stadionynda oýnaýarlar. Milan Derbysynyň nä derejede dartgynly geçýändigine özara oýunlary hem şaýatlyk edýär.
Iki sany Super Derby barada gysgaça şeýleräk. Galanynam ertirki oýunlardan soň görübereris. Bize nesip bolsa iki sany gyzykly oýun garaşýar. Ýalňyşmasam soňky hepde El Classico Derbysam bar öýdýän. Bu barada soň giňişleýin gürleşeris.
Goşmaça: Araňyzda çempionat Rossiýa bilen gyzyklanýanlar bar bolsa ertir ol ýerde hem gowja oýun bar. Ýagny çempionatyň lideri CSKA bilen çempionatyň turnir tablisasynda ikinji ýerde barýan Zenit oýnamaly. Gyzyklyja oýun bolar.
Batyr Çakanow