Twittere seredişdirip otyrkam Merwde oýnaýan futbolçylaryň biri Merw - Nebitçi oýuny barada tweet ýazýardy. Oýuna tomaşa etmesemem pursatma pursat tweetleri okaýardym. Merw 2 - 0 utup gelýärdi. Oýunyň soňlarynda Nebitçi bir gol saldy. Şeýdip Merw ýarym finalda Nebitçini 2 - 1 utdy we finala çykdy.
Ol oýun gutaransoň menem öz oýunymyza taýýarlanyp başladym. Ýewropa Ligasynda Atletico Madrid bilen ýarym final oýnamalydyk.
Galatasaray köýnekçesi bilen meýdança çykdym we toparym üçin elimden gelenini etdim. 2 - 0 utup gelýärdik. Soňundan Atletico bir gol saldyranam bolsak 2 - 1 hasap bilen biz finala çykdyk. Oýundan soň hemme futbolçylar stadionda janköýerler bilen ýeňişi "ýuwýardylar". Men bolsa dost oglanlaryň birine "Yendik ya la Atletico'yu" (Utdugareý Atleticony) diýip sms ugradýardym. Elimdäki telefona çenli ýadyma düşýär (Nokia 2610).
Şol wagtam şol dostum oýardy. Wah, betinden düýş görüp ýatyrdymdarow. Düýşümde futbolçymyşym... diýip düýşümi gürrüň berdim. Olam gowy düýş görüpsiň diýdi.
Ertesi gün agşamam Real Madrid Barcelonany 2 - 1 utdy. Düýşümde iki sany 2 - 1 görmegimiň bir sebäbä bar eken. Asyl mundan gelip çykdow, çyndanam gowy düýş görüpdirin diýsem Fenerbahçe-de Galatasarayy 2 - 1 utdy. Olam hiç şol hepde Bernabeuda Bayerni 2 - 1 utanam bolsak finala çykyp bilmedik.
Şol 2 - 1 - ler keýpime sogan dogransoň wagtynda ýazybam bilmedim, ýazmaga höwesem ýokdy.
0 Teswir:
Yorum Gönder