14.05.2012

Nesta Eto'oň ýolundan ýöremekçi

"Käbir futbolçylar garramaýar" belligi (tag) bilen birnäçe ýazgy ýazsam, şol ýazgylarda Alessandro Nesta barada hökman ýazmaly bolardym. Arybal ýaly, şerap ýaly, üstünden näçe ýyl geçse-de, 35 ýaşyna gelenem bolsa ol henizem iň ezber, iň güýçli, iň ynamdar goragçylardan biri. Emma adamyň ýaşy gaýdyşdygyça pikirleri hem üýtgeýär, Ýewropadaky çekeleşikli oýun belli bir wagtdan soň ýadadyp başlaýar. 

Aňsat zat däl, 1993-nji ýyldan bäri bu oýunyň içinde. 1985-nji ýylda Romaň scouty Francesco Rocca, Nestany Roma aldyrjak bolýar. Emma Lazioň janköýeri bolan kakasy, Nestany Lazioň ýaşlar akademiýasyna äkidýär. 2002-nji ýylda bärem Milanda.
Netijede kariýerasynda gazanjak zadyny gazanypdyr, futbol taýdan ýetjek derejesine ýetipdir, soňabaka maddy taýdanam isleglerini kanagatlandyrmak isleýär. Soňky döwürler ýoň bolan zat, hiç kim tankytlajak bolup durmaýar, geňem görmeýär. Nesta, Milandan gitjekdigini aýdanda, "o diýen çekeleşikli liga bolmasa gowy boljak" diýipdi. Beý diýmek ýa Katar diýmek, ýa-da ABŞ diýmek. Belki Hytaýam bolup biler, onam sanawa goşaly. Çekeleşikli oýun oýnalmaýan liga diýmek, pul gazanylýan liga diýmek, emma hemme kişi gönüläp beý diýip duranok. Gepiň keltesi, Nesta möwsümiň soňunda ýene 2-3 ýyl futbol oýnamak üçin Ýewropadan gider. Milanda-da ýerini Thiago Silva alar we goragdaky liderligi hasam güýçlener.

0 Teswir: