4.07.2011

Menden başga-da pişikden gorkýan barmy?


Çagakam Ýolötende hassahanada ýatamda gije basyrgandym. Düýşümde-de ýap dolup öli pişik akýarmyka diýýän. Oýanamsoň bir daş çykyp geleýin diýip çykdym welin koridorda pişik gezip ýören eken. Düýşümiň täsiri bilenmi nämemi ýanyndan zordan geçdim gorkup. 
Şondan bärem pişikden gorkýan, diňe gije, gündiz däl. Eýýäm 7-8 ýyl bäri şeýle. Haçan basyrgansam düşýüme pişik girýär, meselem sport zalda basket oýnap ýörkäk ýeke özüm galýan we çar-tarapdan pişikler ylgap üstüme topulýar, ýa bolmasa bir ýerden komnata gelsem içi dolup duran öli pişik. Aý garaz şonýaly şonýaly gorkunç zatlar.
Gorkana goşa görner etmejek bolýanam welin bolanok, gije girim pişik gördügim aýagym sandyrap ysgynym gaçyberýär. Bir zat hantama bolup maňa tarap geläýsä gürrüň gutardy, gaçýan göni. Gowy zadam pişik nä it ýaly gaçsaň kowalap duranok.

0 Teswir: