Türkmengalada Gyzyl Oktýabr diýip bir oba bar. Şu wagt ady Ruhnama d/b boldy öýdýän. Şol obada babamlar ýaşaýardy. Ýap-ýaňyja düýşümde, şol obaň darajyk köçeleriniň birinden Raúl (Raúl González Blanco) bilen mamamlara barýas. Raúlyň elinde-de Çempionlar Ligasynyň Kubogy bar. Daşaram garaňky bilýäňmi, daňdan, ýöne howa ýagtylmandyr entek. Birdenem bir öýüň gapysynyň deňinden geçip barýarkak gapydan tüsse çykyp ak saçly adama öwrülýär. Gapdalymdan birden peýda bolany sebäpli bilmän aýagyna basypdyryn ak saçlyň. Olam "waý?!" diýip kowalap başlaýar. "Gaçaleý, gaçaly!" diýýän Raúla. Olam garry bolansoň ylgap bilenok (futbolçy bolsaň heniz 33 ýaşyňda bolsaňam garry, ylgap bilenok diýýälerdä). Menem Raúly satmajak bolup gaty ylgamok, şeýdip meni tutýar ýaňky ak saçly adam. Ýykýar. Şonda eýýäm düýşdigine, gara basýandygyna düşündim. Ayet-el Kürsini okap zat edip zordan sypdym ýaňkydan (oýandym). Raúlam şol iki arada nirä jyran bolsa kömek etmedaý şagal :)
Şeýlelik bilen düýşümde gören futbolçy sanawyma Raúlam goşuldy. Özem ýaşyl meýdançada däl, babamlaň obasynda..
0 Teswir:
Yorum Gönder