Uniwersitetde mugallymdan şeýleräk sorag soradym:
- Bir awtobus sürüjisi maňa Indoneziýada pul gazanmagyň kyndygyny, daşary ýurtlarda aňsatdygyny aýtdy. Ýagny ol sürüji meň ýanymda, ýagny daşary ýurtlyň ýanynda zeýrendi. Siziň pikiriňizçe gürrüň berýän kynçylyklary çynam bolsa ýalanam bolsa eden hereketi dogrumy? - Mugallym soragyma dogry düşünmedi öýdýän:
- Men sürüjä bolup görmedim, oň üçinem bilemok sürüjä pul gazanmak kynmy aňsatmy. Ýöne bizde söz azatlygy bar we öz güzerany hakda islendik adama gürrüň bermäge haky bar. Bu ýagdaý üçin ol kanun öňünde jogapkär bolmaz - diýip jogap berdi.
Siz nähili pikir edýäňiz? Öz döwletiň problemalary, syýasy ýagdaýlary barada pikir alyşmak maksatlam bolsa saýry ýurtlylara gürrüň bermek dogrumy?
3 Teswir:
şoför bu şekilde düşünebilir ama diğer insanlarla paylaşması doğru değil bence. hele de ülkesindeki yabancı bir insanla.. :)
Bu düşünje halkyň demokratik düşünjelerini orta goýýar. Bir döwletiň watandaşy hökmünde islän ýeriňde isleýşiň ýaly dogrylary we ýalňyşlary beýän edip bilmelisiň. Demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösen döwletlerinde halkyň beýle düşünjelerini açyk beýan edip bilmegi halkyň erkinliginiň, düşünje erkinliginiň bir alamaty diýip hasap edýän.
Yorum Gönder