26.04.2011

Kompýutersiz, telewizorsyz çagalygyma dolanasym gelýär

Ööööňki bir blogumda çagakam kiçijik öýde ýaşandygymyzy ýazypdym. Belki ynanmarsyňyz, şol kiçijik öýümizde telewizor ýokdy. Haçanda telewizor satyn alanymyzda kanallar eýýäm TMT1, TMT2 däldi, Altyn Asyrdy, Mirasdy, Ýaşlykdy. Kiçijik öýümiz ýaly maşgalamyzam kiçidi. Şol sebäplide öýde köplenç ýeke özümdim. 1-njy synpa gidemden soň köçä çykyp oýnamadym köp. Şonça ýylyň içinde bolaýsa 5-6 gezekdir.
Öýde hiç kim ýok, telewizoryňyz ýok, köçä çykmansyň. Näme etdiň onda diýýänleri eşiden ýaly bolup gitdim. Dogrudanam näme etdim. Elbetde kitap okadym. Ataş diýip dostum bardy, Atageldi. Mekdep kitaphanasy Ataş ikimize öýümizdenem hezildi. 5-10 minutjyk arakesme bize ýetmeýärdi. Sapaklardan soň bolsa eýýäm kitaphana ýapyk bolýardy. Biz Ataşlar bilen goňşy ýaşamyzsoň mekdebe bile gidýärdik. Hepdede 2-3 gün, sapakdan ýarym sagat ýaly öň gidip kitaphana barýardyk. Biri-birimize kitap maslahat berýärdik.
Käwagt kitabyň soňky 20-30 sahypasy galýar. Ojagazyň öýe baran badyma gutarjagyny bilip durun. Onsoň ertire çenli kitapsyz oňmajagymam bilip durun. Kitaphanaçy bolsa bir kitaby tabşyrmasaň ikinji kitaby berenokdy. Ýalbar-ýakar ýagdaýy düşündirseňem tekjeleri tertiplemäge kömek etsem berýärdi. Wah, kitap tertiplemek meň üçin uly lezzetdi ahyryn.
Tomus bolsa kitaphanaçy dynç alyşa gidýär. Ataş ikimiziň içimizi it ýyrtýardy. Enemizden-atamyzdan, ejemizden-kakamyzdan galan köne kitaplary dagy tapaýsak öýde toý bilen baýramdy.
Garaz gürrüň berjek bolýan zadym meň kitaba bolan söýgim. Emma häzir 2-3 aýda bir kitabam okap gutaramok. Sebäbi.. Sebäbi telewizorymyz bar, kompýuterimiz bar. Kitaba elem degenok, aslynda elimizi degiremzok kitaba..

1 Teswir:

Adsız dedi ki...

aboov dost bet ekenina :D tüweleme köp okan köp biler.