26.05.2016

Hakyky "underdog" hekaýa

 Ilaty 300 müňe-de ýetmeýän şäheriň, bahasy 130 milliona-da ýetmeýän topary, Premier Leagueň çempiony – Leicester City. Hekaýasy Blackburn, Deportivo, Sampdoria we ş.m.lere meňzeýän topar. Bu toparlaryň meňzeş tarapy nirede, geliň taryhyň tozanly sahypalaryna ser salalyň.
Bu ýerde agzap geçmek isleýän toparlarym, “underdog” diýlip atlandyrylýan, ýagny öz ligalarynda çempion bolmagyna garaşylmaýan hem bolsa, çempion bolmagy başaran toparlar. Geliň Premier Leagueden başlalyň:
Blackburn Rovers 1994-95 futbol möwsüminde çempion bolmagyň hötdesinden geldi. Iň ýokary Iňlis ligasy, Premier League adyny alaly bäri, muny başaran diňe “Riversiderler”, başga ýokdy, heniz ýokdy, tä “Tilkiler” çempion bolýança.
La Ligada bolsa 1934-35-de Real Betis, 1945-46-da Sevilla, 1999-00-de bolsa Deportivo La Çoruňa ligadaky läheňlerden öňe saýlanyp çempion boldy. 1980-81 we 1981-82 möwsümlerinde bu üstünligi iki gezek yzly-yzyna gazanan Real Soçiedad bolsa has kyn zadyň hötdesinden geldi.
Bundesligada öňler Bayern Münichden başga toparlar hem çempion bolýardy. 1965-66, TSV 1860 München, 1966-67, Eintracht Braunschweig, 1967-68, 1. FC Nürnberg, we ýakyn taryhda, ýagny 2008-09-da Wolfsburg ligany Bayern Münichiň öňünde tamamlap çempion boldy.
Serie A ýokarda agzap geçen ligalarymyza seredenimizde bu babatda biraz gyzykly görünýär, sebäbi underdog çempionlaryň sany bir eliň barmaklaryndan köp. 1913-14, Casale, 1921-22, Novese, 1969-70, Cagliari, 1984-85, Verona, 1990-91, Sampdoria. Elbetde iki gezek çempion bolanlar hem bar: 1955-56 we 1968-69 Fiorentina, 1973-74 we 1999-00 Lazio, 1986-87 we 1989-90 Napoli.
Ligue 1 hem Serie A-dan kem galanok. 1932-33 Olympique Lillois, 1935-36 RCF Paris, 1946-47 Roubaix-Tourconing, 1978-79 Strasbourg, 1995-96 Auxerre, 1997-98 Lens, 2011-12 Monpellier. Iki gezek çempion bolmagy başaranlar bolsa 1933-34, 1938-39 Sete, 1934-35, 1937-38 Sochaux.
Muň daşyndan türkmen futbolsöýerleriniň uly gyzyklanma bilen tomaşa edýän ligalary bolan Russiýa we Türkiýe ligalaryna hem ser salsak Rubin Kazan, Alania Wladikawkaz, Bursaspor, Beşiktaş ýaly toparlary agzap bileris.
            Hawa, ýokarda Leicester Cityniň bahasy barada agzap geçipdik, has takygy oýunçylaryň hemmesiniň umumy bahasy 127 million euro (satyn alynan bahasy däl, häzirki wagtdaky bahasy). “Top dog” diýip atlandyrylýan, ýagny her oýunda utmagyna, ligaň soňunda çempion bolmagyna, kuboklary almagyna garaşylýan toparlaryň birnäçe oýunçysynyň nyrhy barada agzap geçeýin:
  • ·         Hazard, Fabregas, Çosta = 160
  • ·         Agüero, De Bruyne, Sterling = 170
  • ·         Sanchez, Özil, Ramsey = 135
  • ·         Rooney, De Gea, Mata = 109
  • ·         Firmino, Coutinho, Benteke = 97

Görşüňiz ýaly çempionlyk üçin göreşmeli garşydaşlarynyň diňe üç oýunçysynyň bahasy tutuş toparyň bahasyndan gymmat. Geçen ýyl EPL-de iň uzak wagtlap ýeňiş gazanmadyk topar, 13 oýun boýunça ýeňiş gazanyp bilmän, bu babatda rekord goýdy. Bu ýyl bolsa liganyň tamamlanmagyna iki hepde galanda çempion boldular. Munyň sebäbi näme? Üstünligiň syry ussat tälimçi Ranierimi? Ýa-da Schmeichel, Kante, Mahrez, Vardy ýaly oýunçylarmy? Diňe iki oýunçysy gol salýan topar – Riyad Mahres 18, Jamie Vardy 22 – nädip liga tablisasynyň iň üstünde bolup bilýär?


Aslynda hemme zat Thailandly milliarder işewür Vichai Srivaddhanaprabhanyň topary satyn almagy bilen başlady. Pully mesele çözülenden soň, nobat futbola geldi. Topar, Swen Goran Erikssondan soň Nigel Pearsona ynanyldy we topar Premier League-a çykdy. Pearson diňe bir topary liga çykarmady, dört ýylyň dowamynda hakykatdan hem topar bolmany, topar bolup hereket etmegi, oýnamagy öwredipdi. Ranieri bolsa ýene bir ädim ädip, geçen ýyl 8 müň töweregi adam gelýän King Power stadionyny depme-dykyn doldurdy, köýnekçeleriniň reňkini bütin dünýä tanatdy.
Ranieri oýunçylarynyň ukyplaryndan doly derejede, 100% peýdalanmagy başardy. 2005-nji ýylda fabrikde işleýän, 2010-njy ýylda 8-nji ligada oýnaýan Vardyden dünýä ýyldyzyny döretdi. Eger kinoda görseňiz ynanmarsyňyz, “aý kino-da” diýersiňiz belki, ýöne bu hakykat. “Goal” kinosynyň senaristi Adrian Butchart, Vardyniň hekaýasyny ýazyp başlady. Belki öňümizdäki ýyllarda tomaşa edip “aý kino-da” diýeris.

Geliň Ranieri we toparyna üstünlikleriniň dowamyny diläp, öz durmuşymyzda-da olary nusga alalyň. Arzuw-hyýallaryňyzy Vardy ýaly, Leicester ýaly, ýokarda agzap geçen beýleki toparlarymyz ýaly maksada okgunly bolup, durmuşa geçiriň. Bir dana “Ynanmak başarmagyň ýarsydyr” diýipdir, sizem ilki ynanyň, belki başararsyňyz. Hemmäňize durmuşda üstünlik arzuw edýärin, ruhuňyz tug deýin belentde bolsun!

*Makala "Çepden saga" e-žurnalynyň üçünji sanynda neşir edildi.

0 Teswir: