“Altyn
Paňkelle” blogy internetde türkmen diliniň kime gerekdigi baradaky soraga jogap
gözläp şeýle ýazypdyr:
“Ol-ha
internetde ekeni türkmennetde hem türkmençe sahypa tapaýmak gaty kyn; tanyşüsti
bilen tapaýmasaň. Beýle sahypalar näme üçin şeýle az? Bu meň pikirimçe gyzykly
sorag. Şoň üçin hem bu temada öz pikirlerimi siz bilen paýlaşaýyn diýdim.
Ilki
bellemeli zat elbetde internete baglanmak mümkinçiligi türkmenlerde örän az.
Köp türkmen daşary ýurtdan internete girýär. Bu türkmenleriň köpüsi rus, iňlis,
türk dilleriniň iň azyndan birini gowy bilýär. Bu dilleri bilseň esasan-da
iňlis we rus dillerini bilseň internetde islän zadyňa ýetmek gaty kyn däl.
Aýdym-saz, hezillik, anekdotlar, tehniki maglumatlar internetde dökün.
Diýmek
türkmençe sahypalaryň aýratynlygy iň azyndan iki sany (1) biri daşary ýurt
dillerini bilmeýän türkmenlere ýüzlenmek - rusça düşünmeýän gaty azmyka diýýän.
(2) beýleki sahypalaryň türkmennetçilere hödürläp bilmeýän mazmunyny
hödürlemek. Meň pikirimçe ikinji husus has möhüm. Meselem http://www.tmhits.com
sahypasy şuňa mysal bolup biler. Türkmençe aýdymlary bize diňletjek türkçe ýada
rusça sahypa gaty az. Şoň üçin türkmenler bu sahypany bilýän bolsa göni
gelerler. Türkmençe bolany üçin däl-de, türkmenistanlylara degişli örän peýdaly
maglumatlar we aýdymlar berýändigi üçin gelerler”.
10 ýyl mundan
ozalky mesele Bagtyýarlyk zamanasynyň Berkararlyk döwründe Hormatly
Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli edýän atalyk aladalary bilen ýuwaş-ýuwaş
düzelýär hem diýip bileris. Menem şu gün Altyn Päňkelläň ikinji kategoriýasyna
girýän http://www.eyesinden.com barada birnäçe
zatlar belläp geçmek isledim. Söwdanyň internet usuly bolan “eýesinden”, mobil
telefonlardan kompýuterlere, elektronikadan öý enjamlaryna, parfumeriýadan
kitaplara çenli birnäçe harytlary biziň öýde ýaplanyp gök çaý süzüp oturan
ýerimizden satyn almaga mümkinçilik döredýär.
Birinji bilen
belläp geçmek isleýän zadym bu websaýtyň domain adresi gaty dogry alynan.
Hemmämiz adyny eýesinden diýip bilýäris we domain adresi hem eyesinden. Emma
käbir websaýtlar, esasanam türkmen saýtlarynyň adyny “pylan zat” diýip bilýän
hem bolsak domain adresi köplenç ýagdaýda “pylan-zat-online” we ş.m. goşundylar
bilen alynýar. Saýty açdym we harytlara göz aýladym, ilki bilen ünsümi çeken
bolsa kitaplar boldy.
“Baý kaka we garyp
kaka” kitabyny satyn almaga synanyşdym. Kitabyň mazmuny türk dilinde beýan
edilen eken, elbetde satyn aljak bolýan kitabymyz türk dilinde bolsa muň zyýany
ýok. “Sebede goş” düwmejigine basyp kitaby “100-lük salafana” salanymdan soň
“sebedi görkez” we “satyn al” düwmejikleri çykdy. Satyn al düwmesine basamda
elbetde menden agza bolmagymy, eger-de agzalygym bar bolsa içeri girmegimi
sorady. Bu pursatda meni begendiren zat bolsa elbetde, içeri girmän, myhman
müşderi hökmünde satyn alyp hem bolýanlygy. Elbetde adres, telefon no we ş.m.
maglumatlary bermek üçin forma doldurmaly boldy. Eger-de bu ýerden ýygy-ýygydan
söwda etmek niýetimiz bar bolsa, agza bolmak has amatly. Sebäbi her gezek şol
bir maglumatlary gaýta-gaýta doldurmak aňsat bolmasa gerek.
Maglumatlary
4 ädimde doldurmaklyk soraldy, birinji ädimde ýokarda belläp geçişim ýaly içeri
girmegim soralýar. Myhman hökmünde girenimizden soň ikinji ädimde poçta
maglumatlarymyz soralýar. Adres
berenimde daşary ýurtlary hem saýlap bolýany gözüme ildi, we barlap görmek
niýeti bilen her haýsy bir ýurdy saýladym. Maglumatlary dolduranymdan soň bolsa
“Bagyşlaň, siziň adresiňize eltip bermek hyzmatymyz ýok” diýen ýazgyny gördüm.
Şeýlelik bilen 3-nji we 4-nji ädimlere geçip bilmedim. Eger-de daşary ýurda
ibermek hyzmaty bar bolsa, menýuda diňe iberip bilýän ýurtlaryny goýsalar has
jaýdar bolardy. Emma biz bir wagtyň dowamynda ençeme ýurtlarda ýaşamzok, öz
ýaşaýan ýurdumyza iberip ibermeýänlerini barlamak sanlyja sekund alýar, bu bir
ummasyz tagaşyksyzlyk däl.
Täzeden
synanyşmak islämde bolsa şol bir kitaby satyn almak üçin sebede goşdum we
sebetde iki kitap boldy, aslynda täzeden sebede goşmak hökmanam däl eken. Men
birini aýyr diýip tölege geçemde bolsa sebetde henizem iki kitabyň bardygyny
gördüm. Diýmek sebetden aýyrmaly goşmaly zatlary dynaňsoň “täzeden hasapla”
düwmesine basmak hökmany eken. Başgaça aýdanymyzda “refresh” düwmesi, meň
pikirimçe sebetden käbir zatlary aýyranymyzdan soň ýene bir artykmaç düwmä
basmazdan hasaplasa has dogry we çalt bolardy.
Adresimi
Türkmenistanda bir ýerde görkezenimden soň bolsa töleg ädimine geçip bildim we
POD (Pay on Delivery – ýagny tabşyrykda tölemek), paypal we Türkiýeden (bank
hasabyna) tölemek ýaly görnüşleri gördüm. Meni iň begendiren ýeri POD boldy,
sebäbi Türkmenistanda bank üsti bilen töleg geçmek heniz giňden ulanylmaýar. Eýesinden
1-3 iş gününde harydyň elimize gelip gowuşjakdygyna, howpsuzlygyna, bardy-geldi
harytda bir näsazlyk bolan ýagdaýynda-da jogapkärçilik aljakdygyna güwä geçýär.
Kitabyň
bahasy 106 manatdan 80 manada arzanladylypdyr. Emma näme üçindir sebede goşamda
kitabyň bahasy 81 manat boldy. Şol bir kitabyň nyrhyny Türkiýedäki başga
websaýtlardan barlap göremde bolsa uly tapawudyň bardygyna göz ýetirdim. Kitap
eýesindende ±24 USD, Türkiýede bolsa ±4 USD. Elbetde Türkiýeden kargo bilen
ibertsek ýene-de ±25 USD bolar.
Jemleýji
hökmünde stokdaky kitaplar barada agzap geçsek iňlis, rus we türk dillerinde
kitaplar bar. Türkmen dilindäki kitaplaryň satuwda ýoklugynyň hem özüne ýetesi
sebäbi bar bolsa gerek. Bu gezeklik kitap barladym we netijesinden hoşal
boldum. Beýleki harytlary bolsa indiki ýazgylarymda giňişleýin gürrüň bererin.
Onda näme, indiki ýazgylara çenli hoş wagtyňyz.
0 Teswir:
Yorum Gönder