Futbola Flamengo
toparynyň ýaşlar ýygyndysynda başlady we üç ýyl oýnandan soň professional
topara geçdi. Oýnan döwründe Ýewropaly toparlaryň ünsüni çekdi we bir ýylda
kyrk alty oýunda meýdança çykyp on iki gezek tapawutlanandan soň Italiýanyň
Internazionale toparyna geçdi. 2001-02 möwsüminiň birinji ýarymynda on dört
gezek oýnasa-da ýekeje gezek topy derwezä geçirmegiň hötdesinden geldi. Şeýdip
ol möwsümiň ikinji ýarymynda Fiorentina kärendesine berildi. Ondan soňky
möwsümde bolsa Parma toparyna kärendesine berildi. Lapykeç bolmady we oýnamaga
dowam etdi, Parmada bir ýarym ýylda kyrk dört oýunda ýigrimi alty gol salanda
bolsa onuň adyny hemmeler ýatdan bilýardi: Adriano Leite Ribeiro, gysgaça
Adriano.
2003-nji ýylda täzeden
Intere dolanyp gelensoň bolsa dünýädäki ähli hüjümçilerden birnäçe ädim öňe
geçdi. Çep aýagyndan çykýan raketa ýaly zarply urgylar, her egnine bir pyýada
ýükleseňem ylgap gitjek fiziki güýji, ajaýyp tehnikasy, gol salmakdaky
ezberligi, ussatlygy bilen dostuna ynam berip duşmanynyň injigini titredýän
ägirt futbolça öwrüldi we “Imperator” lakamyny aldy. Jerime urgusyny urup
bilýär, altmyş metrden topy ýeke özi äkidip, ýüzugruna-da iki-üç garşydaş
oýunçyny aldap geçip gol salýardy. Gepiň külesi “Adriano Imperatoredi”.
Braziliýa milli
ýygyndysynyň iň haý-haýly döwründe bolsa 3R sebäpli topara sygmady. Gök-sary
köýnekçe bilen kyrk sekiz oýun oýnap ýigrimi ýedi gol saldy we Copa Americany
hem-de Konfederasiýa kubogyny aldy. Copa Americada “Altyn Top” hem-de “Altyn
Aýakgap” baýraklaryny aldy.
…we 2004-üň tomsunda
kakasy ýogaldy… Şondan soň dagyň depesinden togalanyp gaýdan daş ýaly girdaba
tarap gidip ugrady. Aşaklygyna eňip gelýärkä öňünden birnäçe şaha çykdy emma ol
hiç birine-de ýapyşyp bilmedi. Özüni içgä berensoň gije uky ýok, gündiz bolsa
türgenleşige energiýa ýok.
“Ençeme
ýyl soň şol şahalaryň biri, Interiň Prezidenti Massimo Moratti: “Nädeýin, oglum
ýaly görýärdim. Men psiholog däl emma otagyma çagyryp öwüt-nesihat edýärdim,
olam bor diýip söz berýärdi emma beren sözüni çaltjak ýadyndan çykarýardy”
diýip gürrüň berdi.
Roberto
Mancini bolsa türgenleşige pohmel gelýän Adriano eglişik edip durmady, ony
toparda görmek islemeýärdi we Çempionlar Ligasynyň sanawyndanam çykarypdy. Ol
barada-da: “Mancini bilen hiç haçanam aram gowy bolmady. Irden türgenleşige
gijä galyp käýinç iýmezlik üçin agşam ýatman türgenleşige gelýärdim. Manciniň
kömekçileri meni sport zala iberýärdiler, žurnalistlere bolsa “myşsasyna şikes
ýeten” diýýärdiler. Sport zalda türgenleşmäge güýjüm bolmany üçinem şol ýerde
ymyzganýardym” diýipdi.
Başga
bir şaha Mourinho-da ony yzyna çagyrdy, Adriano bolsa: “Maňa gaty ynanypdy,
oňa-da ýüzüm gara” diýdi”. -aceto balsamico
Sao Paulo, Flamengo,
Roma, Corinthians, Atletico Paranaense ýaly toparlarda çykyş edip, Braziliýa we
Italiýa arasynda iki jahan owarrasy bolup ýaşan ýyllarynda ençeme gezek serhoş
halda ulag sürüp saklanyldy, ençeme jeza berildi, sürüjilik şahadatnamasy
elinden alyndy. Narkotik söwdagärleriniň arasynda-da birnäçe gezek ady agzaldy,
delil tapylan ýagdaýynda on ýyl azatlykdan mahrum bolmagy hem ahmaldy, hat-da
daşary ýurda gitmez ýaly elinden pasportyny hem aldylar. Öňki menejeri Gilmar
Rinaldi bolsa Adrianonyň özüni öldürmeginden çekinýändigini belläp, onuň
psihologyň kömegine mätäçdigini aýtdy.
Internacionala transfer
boljak bolanda saglyk barlaglaryndan geçip bilmändigi üçin şertnama baglaşyp
bilmediler we döwrüniň ýyldyz oýunçysy futboldan uzaklaşdy. Soňra Miami United
bilen futbola dolananda ejesi Adrianonuň ýagdaýynyň erbetdigini, Braziliýadan
uzaklaşmalydygyny belläp, Miami bilen baglaşyljak şertnamanyň Adrianonyň
saglygyna oňyn täsir etjekdigini aýtdy.
…geçen aý bolsa otuz dört
ýaşady. Futbol dünýäsinde ekeniňi ekip, oragyňy orup, harmanyňa guwanyp deriňi
sylynýan ýaş. Unuňy eläp, elegiňi asylýan ýaş däl, belki çöplemäne hoşa
galandyr, emma welin hasylyny ýygnamadyk adamyň hoşa çöpläp çöplemejegi
bigümana…
Hormatly okyjylar, “Men
Adrianoň ýerinde bolan bolsam Alla tarapyn berlen ukybymyň gadryny bilerdim.
Kynçylyklar bolsa-da ruhumy belent tutup güýçli depginde futbol oýnamana dowam
ederdim we kariýeramda has belent sepgitlere ýeterdim” diýýäniňizi duýýaryn.
Siz bir zada düşüniň, siziň ýeriňizde bolmak isleýän millionlarça adam bar.
Geliň, Adriano boljak bolmalyň-da öz elimizdäki zatlaryň gadyryny bileliň.
*Makala "Çepden saga" e-žurnalynyň mart aýyndaky sanynda neşir edildi.
0 Teswir:
Yorum Gönder