14.08.2013

Capitán Blog


Bir ýerde "Blog eli boşlukdan höwes ediläýýän zatdyr we bloggerleriň köpüsi bir-iki ýylyň içinde ýazmagy taşlaýarlar" diýip okapdym. Meň pikirimçe adamdan-adama görä üýtgeýär, käbir bloggerler uzak wagtlap işjeň şekilde ýazyp bilýärler. Men haýsy topara girýärkäm, henizä taşlamadym, ýöne günde-günaşa ýazybam duramok. Kepiň külesi şu ýylyň awgust aýynyň 8-ine blogy açanyma laýyk üç ýyl boldy. Üç ýaşyň gutly bolsun Capitán Blog!

0 Teswir: