7.02.2012

Scout depderçesi

Diego Alves. Pes toparyň beýik oýunçysy. Şu derwezebana heniz Almeriada oýnaýan wagty göwnüm ýetýärdi. Almeria we Valencia kariýerasynda 19 penaltydan 11 sansyny saklady. Meselem, geçen hepde Copa del Reyiň çäginde oýnalan Valencia - Barcelona oýunynda Messiň depen penaltysyny saklapdy. Ronaldo 2009-da Madride geleli bäri ýekeje penalty sypdyrypdy. Onam Diego saklapdy. Güýçli klublaryň birine transfer bolar diýip çaklaýardym. Çaklaýşym ýalam geçen tomus Valencia aldy. Şol transfer amala aşanda begendim, belki Diego baradaky pikirimiň dogry çykany üçindir, belki Valencianyň dogry hereket edeni üçindir, belki-de Valenciada tanaýan, halaýan derwezebanymyň oýnajagy üçindir, bilemok.
Mesut Özil. Germaniýanyň U-21 toparynda oýnaýan wagty Türk bolany üçin gözüme ilipdi. Şu wagt bolsa Madridde 10-luk geýip ýör.
Daniel Parejony Getafe köýnekçesi geýýän wagty Madrid bilen oýnanda tanadym. Ilki garry oýunçymyka öýtdüm. Sebäbi pes toparlaryň güýçli oýunçylary köplenç ýaşy gaýdyşan futbolçylar bolýar. Eger ýaş bolsa, özem gowy oýnaýan bolsa pes toparda uzak durmaýar. Parejo 22 ýaşynda eken. Real Madridiň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişen. Şu wagt olam Diego ýaly Valenciaň köýnekçesini geýýär.
Indi şeýle ýaş hem-de talantly oýunçylar baradaky pikirlerimi Scout depderçesi belligi bilen paýlaşmaga başlajak.
Ilkinji ýazgymyz Rayo Vallecanoly Alhassane Bangoura (Lass) barada.

Doglan güni: 30-njy Mart, 1992
Doglan ýeri: Konakri, Gwineýa
Kluby: Rayo Vallecano
Belgisi: 27
Şu ýerde-de belleýşim ýaly, bu oýunçy Rayo Vallecano Madrid bilen duşuşanda gözüme ildi. Tizligi, umytdan düşmeýän stili bilen Rayo Vallecano köp kömek eder. Görüberýäs, belki Lassam bir gün beýik toparlaň birinde oýnap ýyldyz bolar. Şonda täzeden ýatlarys Lassy.

3 Teswir:

Batyr dedi ki...

Özil diýdiň welin bir oýun ýadyma düşdi. Anyk wagtyny bilemok, Bundesligada ýalňyşmasam 2006-2007 sezonydy. Şalke 04 - Beyer Leverkusen oýnapdy. Özili şol oýunda birinji gezek görüpdim. Şonda Özil edil uly klublarda oýnar diýibä pikir etmändim, ýöne ünsümi çekipdi. Emma şol Şalke 04 - Bayer Leverkusen oýnunyň iň gowy oýunçysy bolan Bayer wratary Rene Adler welin hökman ýokaryk galar diýipdim. Şol oýun Adleriň profesional karýerasyndaky 1-nji oýnydy ýalňyşmasam. Otduşy durupdy şonda. Entegä uly klublara gidenok, ýöne şol oglanyň uly klublara gitjegine entegem ynamym bar. Häzir Germaniýaň milli ýygyndysynyň 2-nji wratary.

Batyr dedi ki...

Özüm uže 10 ýyl bäri RPL bilen gyzyklanýan we görýän. Şo ýerden göwnüm ýeten 2-3 sany futbolçyny ýazaýyn.

Manchester Unitedli Vidic birwagtlar Moskwanyň Spartagynyň penalty depýänçisidi. Şuňa göwnüp ýetipdi. Elbetde penalty depip bilýäni üçin däl, goragda betinden durýandygy üçin. eee bu oglan hökman galarow diýýädim. Görşümiz ýaly Vidic häzir dünýäniň iň güýçli goragçylarynyň 3-ligine girýär.

Ýene biri bar - Şkrtel. Edil Liverpool ýaly beýik klublarda oýnar öýdemokdym, emma ösjegi görnüp durdy.

Unknown dedi ki...

Ýokarda-da belleýşim ýaly oýunçylar köplenç Madrid bilen oýnanda ünsümi çekýär. Geçen hepde CSKA bilen oýnanda Seydou Doumbia gowja oýnaýan eken. Görüp otursam RPL-iň iň gowy oýunçysy saýlanan eken.