Adidas etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Adidas etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

11.07.2013

Real Madrid formasy 2013-2014


Real Madrid öňümizdäki möwsümde geýjek köýnekçeleriniň reklamasynda Marcelo, Khedira, Di María, Varane we Coentrão oýnady. Reklama şu çelgiden tomaşa edip bilersiňiz.

20.12.2012

Real Madrid formasy 2013-14

Ýewropada güýçli klublaryň köpüsiniň forma sponsory Fly Emirates Real Madrid bilenem şertnama baglaşdy. 2013-2014 sezonundan başlap toparymyzyň forma sponsory Fly Emirates bolar. Real Madrid Awstriýaly şereket Bwinden soň, Fly Emirates bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama bahasy 22 mln ýewro. Bwin, 2007-nji ýylda Benq Siemensden soň gelipdi.
Real Madridiň indiki möwsüm geýjek formasy şuňa meňzeş bolmagy mümkin.
Portugaliýaly Howaýollary şereketi TAP Portugalyň hem 27 mln ýewro hödürländigi barada myş-myşlar bar. Portugaliýaly şerekediň teklibi kabul edilen ýagdaýynda bolsa forma şeýleräk bolar.


8.05.2012

Real Madrid formasy 2012-13

Ýuwaş-ýuwaş futbol klublaryň täze möwsümde geýjek formalary belli bolup başlady. Şol sanda Real Madridiňem täze formasy belli boldy. Forma ýene-de "Adidas". Öňden bolup gelşi ýaly kän bir üýtgän zat ýok. Diňe çyzyklaryň dizaýny üýtgäpdir.

16.09.2011

50 ýyl soň ýene gyzyl

Şu ýerde gyzyl forma barada bir zatlar çyrşapdyk. Erbedem gelişenok...



11.08.2011

Madridiň gyzyl formasy

Adidas Real Madridiň Çempionlar Ligasynda geýjek gyzyl formalaryny taýýarlady. Bu forma Çempionlar Ligasynda 2-nji, La Ligada bolsa 3-nji forma bolar.
Real Madrid 60-njy ýyllarda-da Dinamo Kieviň öýündäki oýunda geýipdi gyzyl forma.
Bulam Liverpoolyň edit edileni, Madrid däl.


13.06.2011

Real Madridde "Adidas", Anžide "Abibas"

Abibas öwrenşen zadymyz welin içinde Carlosy görseň gulagyň galjak eken

9.06.2011

Real Madrid 2011 - 2012 formasy

Ýuwaş-ýuwaş hemme futbol klublary täze möwsümde geýjek formalaryny tanadyp başladylar. Köpüsi geçen möwsümiň soňky oýunlaryna täze formalary bilen çykdy. Şol sanda Real Madridem täze formalaryny tanatdy. Formalary ýene "Adidas" ýasapdyr. Kän bir üýtgän zat ýok. Diňe gök çyzyklar ýerini altyn sarysy çyzyklara beripdir.
Kaka' indiki möwsüm bu formany geýmek nesip edermi etmezmi biljek däl welin gowy gelişipdir. Aý nä Kaka' haýsy forma gelişmez.
Geçen ýyl ýaşyl forma tanadylanda halamandym welin Casillasa gowja gelişipdi. Sary formaň öňündäki çyzyjagam gelişmändir diýýän şu wagta. Gözüm öwrenişensoň gowy diýerin belki.