12.01.2013

Agnes

Agşam uniwersitetiň bagynda oturmak iň halaýan pişelerimden biri. Käwagt haýsydyr bir tanyş bilen, käwagt ýeke, käwagt 1-2 sagatjyk, käwagt daňa çenli. Bagda käwagt köp adam bolýar, käwagt az, käwagt özümden başga hiç kim ýok. Bir günem ýene ýeke özüm bagda otyrdym. Daş-töwerekde talyp köpdi. Iki sagat ýaly öz-özüm pikir ummanyna gark bolup oturdym. Arasynda oglan-gyzlaryň çasly gülki sesleri üzlem-saplam pikirlerimi dyr-pytyr edip, meni düýşden oýaran ýaly edýärdi. Her gezeginde-de niredendir bir ýerden kiçijek pişik çagasynyň sesi ünsümi çekýärdi. Ahyr sesiň nireden gelýändigini üns bilen diňledim. Bir seretsem pişijek her oturgyjyň ýanynda bir miýawlaýar, hersinde bir talybyň aýagyna süýkenýär. Ýekeje-de ýüz berýän ýok. Menem pişijegi öýe äkitmekçi boldum. Barybir bu jelegaýda enesi görnenok. Kim bilýär janawara näme boldy. Baryp pişijegi tutamda gaçjak bolup dyzady, emma gujagyma gysyp sypalaşdyramsoň köşeşdi. Öýe getirip ýyljajyk ýerde ýatyrdym. Soň gidip gijäň içinde dükandan süýt alyp geldim. Pişijek süýdüni içensoň derrew myrlap galdy. Adyna-da Agnes dakdym.
Ertesi irdenem süýdüni berip sapaga gitdim. Sapakdan gelemde Agnes ylgap öňümden çykdy-da aýagymy dyrnaşdyryp, özi gaçyp özi kowalap porhan boldy. Menem facebookda pişik çaga nähili seretmelidigi barada dost oglanlardan az-owlak maslahatlar alyşdyrdym. Petshopa äkidip ýuwdurmakçy bolamda bolsa juda kiçijekdigi sebäpli ýuwmadylar. Iým satyn aljak bolamda bolsa, "Seň bu pişigiň gymmat pişik dälä, bu pişikler köplenç petshopdan satyn alnan iýmleri däl-de balykdyr şuňa meňzeş iýmitleri halaýarlar" diýdiler.
Agnese iki aýlap öz iýmeýän balyklamdan iýdirdim. Olam indi ulalypdy, öňki ýaly otagymda basyrlyp ýatanokdy. Öýüň içini entäp, öňünden çykan zady dişläp, süýräp, penjeläp, dyrnap ala-dörjük edýärdi. Elbetde bu ýagdaýam beýleki oglanlar halaman başladylar. Birgünem öýdäki dost oglanlaň biri "Agnes indi ulaldy, öz başyny çarar. Äkitde bazaryň töweregine zyň, şol ýerde hijem aç galmaz" diýdi. Menem zyňmajakdygymy aýtdym.
Ine bir iki hepde soňam Agnes gürüm-jürüm bolaýdy. Ne gören bar, ne eşiden. Şol zyňaly diýen oglana, "Nä sen zyňmasaň men zyňaryn" edäýdiň öýdýän diýibem gördüm. Olam "Ýok how!" diýip dur.
Aý garaz Agnesim bilen birje gezek surata-da düşmänkäk ýitdi ötägitdi.

2 Teswir:

E. D. dedi ki...

waheeey, gynandym dogrymy aytsam. menem tassan sonky soygulim bilen suratsyz galyadym welin gyl-payy yetishdim.

Unknown dedi ki...

Söýgüli bilen dagy diňe bir surat bilen galman 18+ video düşürmelä :D Barybir taşlajak bolsaň.