23.08.2012

Ramosyň ykbaly


2010-njy ýylda Mourinhonyň Real Madride gelmegi bilen satyn alynan Carvalho, geçen möwsüm şikesliligi sebäpli oýnap bilmändi. Onuň ýerine bolsa sag gyraky goragçy Sergio Ramos oýnapdy. Ramos gyraky goragçy bolansoň çalasyn oýunçy, emma çalasynlygyňam käbir ýerde zyýany bar. Ramos, çalasynlygy sebäpli wagtal-wagtal ýalňyş ýerde durýardy, durmaly ýerini ýalňyşýardy. Biz janköýerler Ramosyň ýene öňki ýerinde, sag gyrada oýnap başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Ýöne Jose Mourinhonyň Ramosy öňki ýerine geçirip, goragyň ortasyna oýunçy aljagy, ýa-da elindäki oýunçylardan birini oýnatjagy belli däldi.
Ramosy ortada oýnatmaga dowam etmegem mümkindi. Eger Ramos sag gyra geçen ýagdaýynda täze oýunçy alynmajaga meňzeýärdi. Sebäbi Joseniň elinde Carvalho, Varane we Albiol bardy. Goragyň ortasynda Pepeniň ýanynda şu üç oýunçydan Varane oýnamagy mümkindi. Sebäbi ol geçen möwsüm Carvalho we Albioldan köp oýnapdy. Emma Ýewropa Çempionatynyň başlamagyna sanlyja wagt galanda Puyolyň aýagyna şikes ýetmegi, çempionat boýunça Ramosyň Ispaniýa Milli Ýygyndysynda ortadaky goragçy hökmünde oýnamagyna sebäp boldy. Onuň örän gowy oýnamagy, Çempionatyň Toparyna saýlanmagy soraglarymyza jogap boldy diýseňem boljak. Valencia oýunynda oýnan düzüme seredenimizde-de 2012-13 möwsüminde Pepeniň ýoldaşy Ramos bolaýjak ýaly.
Ýene bir bellemeli zadam Real Madridiň taryhynda oýunçy satyn alynman geçirlen tomus barmyka...

0 Teswir: