15.01.2012

West Ham United Akademiýasy

London klublaryndan West Ham Unitediň 60-njy ýyllardan bäri dowam edip gelýän ýaşlar akademiýasy barada ýakyn günlerde giňişleýin ýazmakçy. Şu wagt bolsa bu akademiýadan ýetişen käbir ýyldyzlary agzap geçeliň:
Harry Redknappyň ýegeni, Frank Lampard Sr.yň ogly, Chelseaniň we Angliýa milli ýygyndysynyň parlak ýyldyzy Frank Lampard Jnr., bu akademiýadan ýetişdi. 1995-nji ýyldan başlap West Hamyň A toparynda oýnap başlady. 2001-nji ýylda 11 million pounda Chelsea satyn alýança West Ham köýnekçesi bilen 148 oýuna çykdy we 24 gol saldy.
Ýene bir Chelseali oýunçy John Terry 1991-95-nji ýyllar aralygynda bu akademiýadady. Heniz 15 ýaşyndaka Chelsea FC-e geçeni üçin West Ham A toparynda oýnap görmedi.
Öňki Chelseali oýunçy Joe Cole akademiýadan A topara 1998-nji ýylda çykdy we 2003-nji ýyla çenli 126 oýunda 10 gol saldy.

Manchester Unitediň ýyldyzy Michael Carrick hem şu akademiýadan. West Ham A toparynda 1998-2004 aralygynda 136 oýunda oýnap 6 gol saldy.
Ýene bir MU-ly ýyldyz Rio Ferdinandam şol bir akademiýaň önümi. A toparda 1996-2000 aralygynda 127 oýuna çykyp 2 gol saldy.
2003-07-nji ýyllarda Chelseade, şu wagt Liverpoolda oýnaýan Glen Johnson akademiýadan A topara 2002-nji ýylda çykdy. Şol ýyl West Ham köýnekçesi bilen 15, kärendesine oýnan Milwall köýnekçesi bilen 8 oýuna çykdy. 2003-nji ýylda bolsa Chelsea FC-e transfer boldy.
Tottenhamyň ýyldyzy Jermain Defoe akademiýadan çykansoň West Ham köýnekçesi bilen 1999-2004 aralygynda 93 oýunda 56 gol saldy.
Bulardan başga-da Bobby Moore, Paul Ince, Harry Redknapp, Alan Curbishley, Geoff Hurst, Frank Lampard Sr., Trevor Brooking we Tony Cottee ýaly ussatlary sanamak mümkin.
Iňlis futbolyny has ýakyndan tanaýanlar bolsa Alvin Martin, Paul Konchesky, Kieran Richardson, Freddy Eastwood, Anton Ferdinand, Jimmy Bullard, Jlloyd Samuel, Fitz Hall, Liam Ridgewell we Bobby Zamora ýalylaryňam West Ham United Akademiýasyndan çykandygyny bilýändir.

2 Teswir:

Seyit dedi ki...

oyunculara westahamyn onumi diymegin genrak diymesen umuman informative..yazi...eexcellent...

Unknown dedi ki...

West Hamyň önümi diýemde "önümi" diýen ýeri geň gerek? Menem pikirlendimde başgarak söz tapmadym. Hasyly diýeýinmi ýa :D