Käbir futboly söýýän adamlar bar, mydama futbola gowy tarapyndan seredýärler, gowy tarapyny görýärler. Olar janköýerlik edýän toparlary üçin ölüp-öçýänem bolsalar beýleki toparlary sylamagy başarýarlar. Bolmalysam şol ahbeti. (Cruyff ýaly) öz toparyňy öwjek bolup beýleki topary itiň götüne sokmak hökman däl. Barcelonaň janköýeri Casillasyň beýik oýunçydygyny, Madridiň janköýerem Xaviň beýik oýunçydygyny aýdyp bilmeli.
Futbol dünýäsiniň iň bir ezber hüjümçilerinden biri Thierry Henrä tomaşa etmek Arsenalda oýnaýan döwürleri nesip etmedi. Soňra bolsa oýnaýan toparyna tomaşa etmedik, garaz owadan oýunyndan nesibämizi almadyk. MLS-iň indiki möwsüme başlamagyna iki aý töweregi wagt bar. Şol aralykda Henryniň Arsenalda oýnajakdygyny bilýänsiňiz. Premier Leaguede Chelseani halaýanam bolsam Henry gidýänçä Arsenalyň oýunlarynam sypdyrman görmeli diýen karara geldim.
0 Teswir:
Yorum Gönder