Hemmämiziň hyýalymyzda gahrymanymyz bar, we şoňa meňzejek bolýarys. Şoň yzyndan gitjek bolýarys. Käbirlerimiziňki meşhur adamlar käbirimiziňki kakalarymyz, ejelerimiz we ş.m. Käbirimiz gahrymanymyzyň ýeten derejesine ýetmek üçin elimizden gelenini edýäris, köpimiziňki diňe arzuw bolup galýar. Käbirimiz arzuwymyza ýetýäris, köpümiz ýetemzok.
Ajaxyň dünýä futbolyna sowgat eden ýyldyzy Wesley Sneijderiňem gahrymany bardy. Ajaxyň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişen we Telstarda oýnaýan agasy Jeffrey Sneijder.
Jeffrey Maarten Stekelenburg we Rafael van der Vaart ýaly futbolçylar bilen bilelikde Ajaxyň ýaşlar ýygyndysynda futbol oýnap başlady. 2001-nji ýylda bolsa Stormvogels Telstara transfer boldy. 2004-nji ýylyň fewralynda menisk bolup bir salym futbol oýnap bilmedi. Şol ýylyň awgustynda Jong Ajaxa geldi täzeden futbol oýnap başlady, emma futbol oýnamak eýýäm oňa kyn düşüp başlady (wah ençeme ýyldyzyň kariýerasyny zaýalan şikesler) 2005-nji ýylda Jong RKC-de futbol oýnamagyny dowam etdirdi. 2006-njy ýylda FC Den Boscha, 2007-de bolsa höwesjeň ligadaky USV Elinkwijke geçdi.
Görşüňiz ýaly gahrymanyň ýolundan gitmeli, kim bilip dur, belki şägirt halypany ozdurar.
Sneijder maşgalasynyň ýene bir futbolçysy bolsa 20 ýaşyndaky (31.03.1991) Rodney Sneijder. Olam agalary ýaly Ajaxyň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişdi we Eredivisieň Ultrechtinde kärendesine oýnaýar. Ol ligadaky ilkinji oýunyna 2011-nji ýylyň 27-nji Awgustynda çykdy we Roda JC gol saldy.
Dostlar, gahrymanymyzyň yzyndan gideliň, sussupes bolup arzuwymyzdan dänmäliň. Futbol biziň durmuşymyz, futbolyň bir ýerinde bize-de ýer bolmaly. Fubolçy bolup bilmesek tälimçi, tälimçi bolup bilmesek administrasiýa işgäri, o bolmasa toparyň doktory, ýa-da futbol habarçysy, juda bolmasa janköýer bolalyň we futboluň ujundan tutalyň.
Ýaşasyn futbol!
0 Teswir:
Yorum Gönder