Bilýänsiňiz, 2012-nji ýylyň 9-njy iýun bilen 1-nji iýul aralygynda futbol boýunça ýewropanyň iň uly ýaryşy hasaplanýan Ýewropa Çempionady (başgaça EURO-2012) geçirilmeli. 14-nji gezek geçirljek bu abraýly çempionat öz taryhynda 3-nji gezek iki döwletiň bilelikde (EURO-2000 Gollandiýa/Belgiýa; EURO-2008 Awstriýa/Şweýsariýa; EURO-2012 Ukraýina/Polşa) gurnamagynda, şeýle-de taryhynda ilkinji gezek Gündogar Ýewropa ýurtlarynda geçiriler. Umuman bu barada soň ýazsagam bolar. Bu gezek bu barada däl-de şol çempionatyň oýunlarynyň geçiriljek stadionlary barada ýazaýyn.
2012-nji ýylda Ýewropa Çempionady iki döwletiň gurnamagynda 8 sany stadionda geçiriler. Ine ol stadionlar:
Kiýewiň Olimpiýa stadiony |
Kiýew, Ukraýina.
70000 adam üçin niýetlenen bu stadionda çempionatyň final oýny geçiriler. Entek stadionyň gurluşyk işleri dowam edýär.Warşawanyň Milli stadiony |
Warşawa, Polşa.
58145 adamlyk bu stadionyň nähili betindenligine bahajygyna seredip baha beräýiň - 286 million €. Bu stadionda Polşanyň futbol boýunça Milli ýygyndysy öz öýündäki oýunlaryny oýnaýar.
58145 adamlyk bu stadionyň nähili betindenligine bahajygyna seredip baha beräýiň - 286 million €. Bu stadionda Polşanyň futbol boýunça Milli ýygyndysy öz öýündäki oýunlaryny oýnaýar.
"Metallist" Sport kompleksi |
Harkow, Ukraýina.
41307 adamlyk.
Stadionyň gurluşyk işleri ýalňyşmasam tamamlandy. Stadiona Harkowyň ''Metallist'' futbol kluby eýeçilik edýär. Harkowa Ukraýinadaky Türkmenleň şäheri diýýädilermi? Hehe güni gelen studentler. Bahana bilen EURO-2012 görýäňiz-dä.

''PGE Arena'' |
Gdansk, Polşa.
Daşyndan seredeňde ''Altyn stadion'' adyna mynasyp, 44000 adam üçin niýetlenen bu stadionyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlary dowam edýär.
Daşyndan seredeňde ''Altyn stadion'' adyna mynasyp, 44000 adam üçin niýetlenen bu stadionyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlary dowam edýär.
'Lomberg'' stadiony |
Lwow, Ukraýina.
34915 adamlyk stadion. Stadionyň owadanlygyna bir serediň-ä. Bizde haçan şeýle stadionlar gurlarka diýip arzuw edýän smaýlik. Özümä şu stadionyň owadanlygyny haladym.
34915 adamlyk stadion. Stadionyň owadanlygyna bir serediň-ä. Bizde haçan şeýle stadionlar gurlarka diýip arzuw edýän smaýlik. Özümä şu stadionyň owadanlygyny haladym.
''Donbass Arena" |
Donesk, Ukraýina.
51504 adamlyk.
Ukraýinanyň ''Şahtýor Donetsk'' klubynyň arenasy boljak bu stadion eýýäm ''Men çempionata taýýar!'' diýýär. Ýagny, stadionyň gurlyşyk işleri doly tamamlandy we dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bahasy 410 million $.

''Şäher stadiony' |
Poznan, Polşa.
Stadion täze gurulmady, diňe 30 ýyl mundan öň gurlan stadion doly remont edildi, üsti ýapyldy. Ýalňyşmasam bu stadion şuwagt remontdan soň açyldy we Polşanyň ''KKS Poznan'' kluby öz öýündäki oýunlary şu stadionda oýnaýan bolmaly. Stadion 46500 adam üçin niýetlenen.

''Stadion Maşlise'' |
Wroslaw, Polşa.
Stadion 44000 adamlyk. Ynha, ýene bir çözýän arena.
Stadion 44000 adamlyk. Ynha, ýene bir çözýän arena.
Bulardan başga-da ýene-de 4 stadion UEFA tarapyndan ätiýaçdaky stadionlar diýlip alyndy. Ýagny bu stadionlar hem özünde çempionaty geçirmek üçin zaýawka berdiler, emma UEFA bulary çempionat üçin kabul etmedi. Olar:
- Stadion ''Slýonsk''. 55211 adamlyk. Hojuw, Polşa.
- ''Şäher stadiony''. 33680 adamlyk. Krakow, Polşa.
- Stadion ''Çernomores''. 34362 adamlyk. Odessa, Ukraýina.
- ''Dnepr Arena''. 31000 adamlyk. Dnepropetrowsk, Ukraýina.
EURO-2012 üçin bu owadan stadionlardan başga-da şäherleriň her birinde (Kiýewde 2-si) halkara aeroportlaryň, otelleriň, täze şäherara demir ýollaryň we awtomabil ýollaryň gurlyşyklary hem dowam edýär.
Umuman alaňda çempionat ýokary derejede gurnalmaly. Gurluşyk işlerinde Ukraýinler azajyk götlejek boldular. Ýöne şuwagt erbet däl öýdýän, ýetişerlerläý. Aňsat bolmadyk organizowat meselesinde bu iki döwlete-de üstünlik arzuw edýän. Sag-aman alyp çyksynlar we sag-aman sowsunlar. Näme etselerem biz fanatlar gyzykly çempionat görer ýaly etseler bolýalaý. Kän zada islämzok, diňe şony isleýäs.
Batyr Çakanow
0 Teswir:
Yorum Gönder