Düýn okuwdan gelýärkäm bir çagajyk awtobusdan düşjek bolanda aýagyny ýalňyşrak basdymy nämemi ýykylaýdy. Yzyndan düşen ejesi bolsa derrew balasyny ýerinden turuzdy, üsti-başyny kakyşdyryp bagryna basdy.
Seni ýylatjak adam bar bolsa üşemek çyndanam lezzetli diýip okapdym. Hawa, ýeriňden galdyryp üsti-başyňy kakjak, bagryna basjak adam barka ýykylmagam hezildir. Iň bolmanda ýykyldymow diýip gynanyp ýetişmäkäň, meni galdyrdow diýip begenersiň.
Hawa, durmuş adamy köp ýykýar. Ýeriňden turmak ýa-da turmazlyk bolsa özüňe bagly. Adam pahyr ýerinden turmagy öwrenmek üçin ýykylýar. Kynçylyklar seni öldürmeýän bolsa güýçlendirýär. Ýeriňden turmak üçin bolsa ýykylmaga garaşyp durmaly diýen zat ýok. Irden turaňda keýik bolsaňa ýolbarsa şam bolmazlyk üçin ylgamaly, ýolbars bolsaňam aç galmazlyk üçin.
Durmuşda size ýykylmazlyga arzuw edemok. Emma ýykylan her bir bendä ýerinden galmagy nesip etsin Allajan. Goý, ykbal hiç kimi galyp bolmaz ýaly edip ýykmasyn. Ruhuňyz belent bolsun! Ruhuňyz belent bolsun! Ruhuňyz, belent bolsun!
1 Teswir:
Amin aydanyn gelsin.bizi ykbal yikmasyn!
Yorum Gönder