13.03.2013

Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli (sözbaşy ýerine)

Deýl Karnegiň bahasyna ýetip bolmajak şu kitaby durgunlyk ýyllary atlandyrylan döwürde köpçülikden gizlenip saklandy. Bardy-geldi bu kitap käbir edaralaryň haýyşy boýunça çap ediläýende-de, oňa “Diňe gulluk işinde ulanmak üçin” diýen belgi basylýardy. Muňa garamazdan köpçülik kitabyň nusgasyny göçürip, elden-ele geçirip okaýardy.
Ine, görşüňiz ýaly dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan kitaby öz ene dilinde okamak, ahyry, türkmen okujysyna-da miýesser etdi. Eger-de siz işleriňiziň şowly, dostlaryňyzyň köp bolmagyny, il içinde tanymal bolmagy, maşgala agzybirligini BAGT hasap edýän bolsaňyz, eliňizdäki kitaby okaň... Şonda siz nädip bagtly bolmagyň usullaryny öwrenip bilersiňiz.
Ruh, 1992

0 Teswir: