14.03.2013

Bagtly bolmagyň syryny öwredýän adam (giriş ýerine)


Eger-de siz işleriňiziň şowly, dosdostlaryňyzyň köp bolmagyny, il içinde tanymal bolmagy, maşgala agzybirligini bagt hasap edýän bolsaňyz, eliňizdäki kitap nädip bagtly bolmagyň usullaryny öwredýän kitapdyr. Juda biagyr adam bolaýmasa, muny bir gezek okan ikinji, üçünji... gezek – tä berilýän maslahatlary iş ýüzünde ulanmagy öwrenýänçä, okajakdygyna soňra bolsa ony nesilleri üçin aýap goýjakdygyna güwä geçse bolar.
Deýl Karnegiň bahasyna ýetip bolmajak şeýle kitabynyň doly tekstiniň şu mahala çenli ozalky SSSR-iň çäklerinde çap edilmänliginiň sebäbi nämekä? (Biz bu ýerde üýtgedip gurmakdan öňki ýyllary göz öňünde tutýarys.) Elbetde onuň sebäbi belli: biziň “sosialistik” sistemamyz kapitalizm dünýäsini ýek ýigrenýärdi, ondan ýagşy zatlary öwrenmekligi hem özüne kiçilik bilýärdi. Ýogsam, “Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli” diýen bu kitap ilkinji gezek amerikan okujysynyň elinde peýda bolaly bäri altmyş ýyla basalykly wagt geçdi. Munuň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary, agzybirligi, maşgala abadançylygyny, işewürligi gowulandyrmaga ýardam etjek eserdigine garamazdan, ol sowet okujysyna örän giç gowuşdy. Ynha, ol türkmen okujysyna bolsa ilkinji gezek hödürlenýär.
Her hal Deýl Karnegiň ady dünýäde gitdigiçe meşhurlanýardy. Ol meşhurlyk dürli ýollar arkaly biziň watanymyza-da aralaşýardy. Onuň kitaplarynyň gysgaldylan terjimeleri, käbirleriniň gysgaça mazmuny käbir žurnallarda peýda bolýardy. Bardy-geldi bir kitabynyň doly teksti käbir edaralaryň haýyşy boýunça çap ediläýende-de, oňa “diňe gulluk işinde ulanmak üçin” diýen belgi basylyp, kitap köpçülikden gizlenýärdi. Şuňa garamazdan, olaryň nusgalany göçürilip, elden-ele geçirilip okalýardy. Şunlukda rus dilinde okaýan okujylaryň birentegi Deýl Karnegiň kitaplary bilen belli derejede tanyş bolmaga mümkinçilik tapanam bolsalar, onuň bu kitabynyň türkmen dilinde peýda bolmagy üçin üýtgedip gurmak döwrüniňem esli ýyly geçmeli boldy.
Karnegiň eserleri diýseň imrindiriji bolansoň, hatda onuň adyny eşitmediklerem Deýliň sistemasyny ulanýan adamlaryň arkasyndan, onuň kitaplarynyň täsiri bilen uçraşandyrlar.
Karnegiň meşhurlygynyň syry eýsem nämeden ybarat?
Ýekeje mysal: Nýu-Jersi ştatynyň Klifton şäherinde ýaşaýan Godfri Maer Karnegiň kursuna alty hepde gatnandan soň, ozalky ýigrimi bäş ýylda gazanan dostlaryndan segsen esse köp dost gazanmagy başarypdyr. Onuň aýlyk gazanjy bolsa ozalkysyndan müň prosent ösüpdir. Bu adamyň we ýene birnäçeleriň şeýle üstünlikleri nädip gazanandyklary barada entek öňde okarsyňyz. Häzirlikçe ýene-de Karnegiň nädip dünýä meşhur bolanlygynyň syrlaryny yzarlap başlalyň.
Oýlanyp görüň! Ýigriminji asyr ylmyň-tehnikanyň güýçli ösen döwri boldy. Çylşyrymly maşynlar – robotlar, kompýuterler, kämil howa laýnerleri, kosmos gämileri... oýlanyp tapyldy, atom bölündi. Garaz, aklyňa oýuňe gelmejek zatlar döredildi. Emma adam gatnaşyklaryny öwrenmek boýunça düýpli iş edilmedi. Ine, birden-birä-de Deýl Karnegi orta çykyp, admlary bagtly etmegiň düzgünnamasyny hödürledi. Şonuň üçinem halk suwsan goýun ýaly oňa sary eňdi. Onuň bu işiň hötdesinden näderejede gelendigini Godfri Maeriň mysalynda görenem bolsaňyz, kitaby özüňiz okap çykanyňyzdan soň, Karnegiň sistemasyny gündelik durmuşyňyzda ulanmak arkaly has oňat göz ýetirersiňiz.
Durmuş tejribesi hem pähimleri ynsan mertebesiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ony hem edil beýleki medeni miraslarymyz ýaly öwrenip, belli bir sistema salyp giňden ündew etmelidiris. Siziň eliňizdäki kitap bu ugurdan edilen ilkinji şowly işleriň biridir. Ol ýiti zehin hem siňňin synçylyk bilen ýazylan kitapdyr. Adamlara kömek etmek üçin telwas edýän ýüregiň önümidir.
Kitapda belli akyldarlaryň aýdan sözlerine, nakyllara, şu mesele boýunça toplanan ylmy maglumatlara duşarsyňyz. Ol sözler akyl-paýhas eleginden geçirilip, olary gündelik gabat gelip duran meseleleri çözmek üçin nähili ulanmalydygynyň ýollary salgy berilýär. Kitapda aýdylýan pikirler gündelik durmuşda ulanmak üçin okajak işewür adama-da, bu ugurdan ylmy iş alyp barýan adama-da zerur gollanma bolup biler.
Indi Deýl Karnegiň pikirlerini beýan ediş usuly hakda birki agyz aýdyp geçmek gerek. Adatça, owadan geplemäge çalyşýan köpsözli adamlary ýalan sözlemek üçin hile gurýan hökmünde görýärler. Deýl Karnegi köpsözlülikden, söz owadanlamakdan halasdyr. Ol adamzadyň asyrlarboýy toplan akyl-paýhasyny, tejribesini kem-käs taraşlap, gündelik gabat gelip duran meseleleri çözmek üçin ylanyp bolaýjak ýagdaýa getirip, ony ýene adamzadyň özüne hödürleýär. Bu kitap alyma-da, işçidir daýhana-da, ýolbaşçy işgärlere-de deň derejede zerurdyr, üstesine-de durmuş ýoluna ýaňy gadam basan adama-da düşnüklidir. Deýl Karnegi adamlary güýmemek islemän, olara praktiki kömek bermek isleýär. Ol şu niýetini amala aşyrmak üçin üýtgeşik beýan ediş usulyny gözlemän, ýönekeý, maksada okgunly, gönümel beýan ediş usulyny saýlap alypdyr. Şuňa garamazdan, kitap özüne bendi ediji, gyzykly okalýar, gaýtalap okaňda-da ýadatmaýar.
Kitabyň ikinji aýratynlygy Karnegiň kiçigöwünlilik bilen ýürekden gürrüň edýänliginden ybaratdyr. Ol mugallym hökmünde özüni okujydan belentde goýanok. Özbaşdak, gündelik durmuşda ulanmak üçin amatly bolan filosofiýany ýüze çykaran adam hökmünde men-menlik satanok. Filosoflar bilen jedele-de girenok. Aýdýan zatlaryny faktlara, tejribä, akyl-paýhasyň logikasyna daýanyp, esaslandyryp, ynandyryjy halda aýdýar.
Soňky döwürde “Gyzlary yrmagyň usullary”, “Ýigidi imrindirmegiň täleri”, “Başlygyňy tabyn etmegiň ýollary”, “Kartda utmagyň düzgünleri” diýen ýaly eserler Amerikada köp peýda boldy. Şeýle-de bolsa, Deýl Karnegiň “Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli” diýen kitaby we beýleki kitaplary agzalan kitaplaryň arasyndan okgunly saýlanyp çykdy hem özüni kämilleşdirmek isleýän adamlaryň gündelik ser salýan kitabyna öwrüldi. Kitabyň okujylara ýaýran ýyly, entek bir ýylam geçmänkä, onuň bir million ekzemplýarynyň satylandygy munuň şaýadydyr. Kitabyň tizara daşary ýurtlaryň on dördüsinde terjime ediliň çykarylmagy, onuň näderejede meşhurdygyndan habar berýär. “Nýu-Ýork taýms” gazetiniň ýöredýän spisogy boýunça ol on ýylyň dowamynda iň köp okalýan kitaplaryň hatarynda durýar. Bu möhlet haýsy kitaplygyna garamazdan, örän uzyn möhletdir, uçursyz meşhurlygyň şaýady bolup duran döwürdir. Eliňizdäki kitap boýunça Amerikanyň we Kanadanyň 861 şäherinde, daşary ýurtlaryň 51 şäherinde ýörite kurslar okadylýar. Elbetde, bu maglumat 1966-njy ýyla degişli. Munuň daşyndaky şowhunyň häzirem kiparlamandygy, siziň muny okap, ondan köp zatlar öwrenip oturandygyňyzdanam mälim bolýar. Şunlukda ilkibada Karnegini “bolgusyz akyldar” hasaplaýan kişi bolýan köpbilmişleriň gybat şekilli gürrüňleri bir çak ýalana çykdy.
Elbetde, adam gatnaşyklary baradaky ylmy edebiýat, sungat, taryh, pedagogika, psihologiýa, sosiologiýa, oratorçylyk sungaty diýen ýaly ylymlaram öwrenýär. Her hal bular öz ugurlary bilen gümra bolup, adamlaryň gündelik gatnaşyklaryna düýpli hem içgin aralaşyp bilmeýärler. Mysal üçin, takyk bir meseläni çözmegiň takyk bir usulyny salgy bermeýärler. Durmuş tejribesidir ynsanýetçilikli ylymlaryň ýönekeýleşdirilen sintezinden dörän Karnegiň filosofiýasy her bir ýüze çykan durmuşy meseläni çözmek üçin neneňsi hereket etmelidiginiň takyk ýoluny salgy berip bilýänligi bilen awtory şeýle tanymallyga getirdi.
Durmuşda bolup geçýän wakalary, ynsan hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny öwrenýän ylymlaryň öseni bilen, adamlaryň ysnyşyp, kämilleşip gidibermeýändigi häzirki döwürde mälim boldy. Ylymlaryň, olaryň gatnaşyklarynyň ösmegi gaýtam ynsan gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrýar. Soňky döwürde dörän psihofizika, psihobiologiýa, psiholingwistika, sosiobiologiýa... diýen ýaly ylymlar aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr. Şonuň üçin bolsa gerek: Karnegi syýasatçylardan, işewür adamlardan, wraçlardan, şahyrlardan köp mysallar alsa-da, alymlaryň işlerine örän seýrek ýüzlenýär. Durmuşy hem ylmy sapaklaryň iş ýüzünde ulanyp bolaýjaklaryny jemläp, Deýliň ortalyk bir ýoly döretmegi, onuňam şeýle ýönekeý, gündelik durmuşda ulanarlykly bolmagy, awtoryň hem onuň filosofiýasynyň tanymallygynyň esasy bolup durýan bolsa gerek.
Şunlukda, birwagtlardaky näbelli padyman adamzada zerur bolan bolan zatlaryň esaslarynyň biriniň syryny açyp, bu ugurdan kämilleşmegiň ýoluny tapyp, dünýä ýüzünde uly şöhrata eýe boldy. Ol mugallymçylyk kolležiniň soňky kursunda okap ýörkä, 1906-njy ýylda şu zerurlygy duýdy hem adamlary siňňin synlap başlady.
Student döwründe Karnegiň kružoklara, ýaryşlara gatnaşmaga, deň-duşlary bilen oýnamaga ne wagty, ne-de bir ýaramly eşigi bardy. Onuň ile çykar ýaly birje kostýumy bolardy. Bir gezek ol futbol komandasyna girmäne synandy. Karnegiň agramynyň ýeterlik däldigini bahanalap, trener ony komanda almady. Kynçylyk, mätäçlik, özüni ilden kem saýmaga mejbur edilmegi, ony durmuş barada ymykly oýlanmaga itekledi.
Deýle çekişme kružogyna girmekligi ejesi maslahat berýär. Ol maslahata eýerip, birnäçe synanyşyklardan soň bu kružoga girmegi başarýar. Bu waka onuň durmuşynda düýpli özgerişlikler döretmäge sebäp bolan wakalaryň biridir. Kružokda eden çykyşlary oňa öz güýjüne ynanmaklyga kömek berdi. Bir ýyl geçip-geçmänkä ol kolleždäki oratorçlyk sungaty boýunça geçirilýän ýaryşda üstün çykyp ugrady. Oňa sylaglar berip başladylar, hormat goýdular. Şunlukda, Karnegä öň göwni ýetmeýän ýoldaşlary hem ondan maslahat sorap, käbir zatlary öwretmekligi haýyş edip başladylar.
Kemsinmek duýgusyny ýeňip geçmäge gönükdirilen tagallalar netijesinde, indi Deýl isle bir adamyp, isle-de ýüzlerçe adamyň öňüne çykyp, pikirini beýan etmegi, özüni ykrar etdirmegi başarýardy. Şu ýagdaý onuň öz ukybyna bolan ynamy güýçlendirip başlaýar. Ynam bolsa hemme isleg-arzuwlaryňa ýetmäge mümkinçilik döredýän jadyly açardyr. Ol myrat-maksadyňa ýetmäge goltgy berýär. Eger mende şeýle ynam dörän bolsa, bu duýgyny özgelerde hem döredip bolar diýen Karnegide şol wagtlar peýda boldy.
Deýl Karnegiň işläp düzen leksiýalar kursunyň esasy hut şu pikirden gelip çykdy. Soňra bu kursy Louell Tomas: “Uly adamlary okatmagyň iň gowy sistemasy” diýip atlandyrdy.
Kolleži tamamlandan soň, Karnegini işe çagyran söwda guramalary köp bolýar. Karnegi teklipleriň birini kabul eden hem bolsa, az mahal işlän döwründe işde üstünlik gazananam bolsa, bu ugurdan uzak işlemeýär. Munuňam sebäbi: adamlaryň özüne bolan ynamyny güýçlendirmek hem ony praktikada synap görmek niýeti boldy. Ol şu işi amala aşyrsa, jemgyýete uly peýda getirerin diýip hasap etdi. Karnegi şu maksat bilen Nýu-Ýorka ugraýar.
Uorrennsbergden gidenden iki hepde geçenden soň, ol Ýokarky Manhetteniň 125-nji jaýynda ýerleşýän Ýaş ýigitleriň hristian assosiasiasynyň (ÝÝHA) ýolbaşçylary bilen kurs açmak barada gürrüňleşdi. Karnegi ýüregine düwen kursuny açmak üçin mundan amatly ýer ýok hasap edipdir. Emma bu guramanyň ýolbaşçylary ilkibaşda Karnegä kembaha garapdyrlar. ÝÝHA-da leksiýa okaýan mugallymlaryň her leksiýasy üçin adatça iki dollar töleýän ekenler. Karnegiň heniz näbelli, hiç ýerde synalyp görmedik kursy üçin onça pul bermek islemändirler. Karnegi raýyndan gaýtmandyr. Leksiýa diňlemäge isleg bildirenlerden ýygnanjak pula razydygyny aýdyp, kurs açmaga kömek etmeklerini haýyş edipdir. ÝÝHA-nyň ýolbaşçylary şondan soň, oňa kurs açmaga mümkinçilik döredipdirler.
1912-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Deýl Karnegi öz açan kursunyň ilkinji toparynda leksiýa okap başlaýar. Bir näçe aý geçenden soň, onuň kursy şeýle bir meşhurlyk gazanýar, hälki iki dollar tölemäge razy bolmaýan ÝÝHA-nyň ýolbaşçylary indi onuň her gün agşamky leksiýasy üçin otuz dollar tölemeli bolýarlar.
Karnegiň Nýu-Ýorkdaky üstünliklerini eşidip, ÝÝHA-nyň beýleki şäherlerdäki direktorlary hem onuň kursuny özleriniň okuw programmalaryna girizip, Deýliň leksiýa okap bermegini haýyş edip başladyrlar. Munuň yzysüre beýleki professional klublar hem şeýle haýyşlar bilen ýüz tutdular. Şunluk bilen Karnegiň üsti haýyşdan ýaňa gömüsgi boldy. Indi onuň dynç almaga-da wagty galmady. Şuňa garamazdan Karnegi işleýärdi hem gitdikçe leksiýalaryny kämilleşdirýärdi. Ynsan aragatnaşyklarynyň prinsipleri barada kiçijik kitapçalar neşir etdirýärdi. Okuwçylary ol kitaplary gyzyklanmak bilen okap, onda ýazylan zatlary gündelik durmuşlarynda synag edip görýärdiler.
1933-nji ýylda Nýu-Ýork ştatynyň Larçmont şäherinde “Saýmon end Şuster” neşirýatynyň baş iş dolandyryjysy Leon Şimkin Karnegiň kursunyň diňleýjisi bolýar. Leksiýalar oňa örän güýçli täsir edipdir. Şondan soň ol Karnegä leksiýalaryny bir sistema salyp, ony kitap görnüşinde okujylara hödürlemekligi maslahat berýär we beýle kitabyň ýerde ýatmajakdygyny aýdýar. Şunlukda 1936-njy ýylyň 12-nji noýabrynda eliňizdäki kitap dünýä inýär. Leon Şimkini duýgulary aldaman eken, görşüňiz ýaly, ol häzire çenli hem ýerde ýatanok.
TERJIMEÇILER
Ahmet Gurbannepesow,
Gurbanmyrat Hojamyradow

0 Teswir: