Manchester City etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster
Manchester City etiketine sahip kayıtlar gösteriliyor. Tüm kayıtları göster

13.01.2012

Balotelli: "Hajathana nirede?"

Täsin wakalardan ýadamaýan Mario Balotelli indi näme etdi?
Manchesterde bir mekdebe hajathana girmek üçin sowuldy :D Mekdebe gelip hajathananyň nirededigini soran Balotellini gören okuwçylaryň gulagy galdy elbetde.
18 ýaşly okuwçy Edward Gasson Manhester Evening Newse beren reportažynda: "Arakesme wagtydy, köpümiz bufetdedik, mekdebe gelen Bentleyden Balotelli düşende hemmämiz haýran galdyk" diýdi. Balotelliniň mekdebiň bagynda hojaýyn ýaly arkaýyn gezip ýörendigini aýdan Edward, "Aslynda garaşylmadyk wakady, emma hemme kişi ony görenine begenýär" diýdi.
Başga bir okuwçy Josh Keogh bolsa, "Balotellini gören Manchester Cityli janköýerler daşyna üýşdiler. Onuň mekdepde entäp ýörenini görmek haýran galdyryjy" diýdi.
Xaverian mugallym, "Birhili garaşylmadyk ýagdaýda-da bolsa Balotelliniň mekdebimize gelmegi hemmämizi begendirdi. Oňa gapymyz hemişe açyk" diýdi.

3.09.2011

Jübisi dyzyna ýetýän klublar :)

Transfer möwsüminde käbirleri sowdy, käbirleri gazandy.


Iň köp sowanlar:

Manchester City: 92.535.000 ýewro
PSG: 89.000.000 ýewro
Juventus: 85.750.000 ýewro
FC Chelsea: 85.700.000 ýewro
AS Roma: 78.635.000 ýewro

________________________________________________

Iň köp gazananlar:

Atletico Madrid: 81.850.000 ýewro
Arsenal: 72.370.000 ýewro
Palermo: 70.800.000 ýewro
Udineze: 67.250.000 ýewro
Genoa: 53.300.000 ýewro

1.09.2011

Santa Cruz Sevillaly çagalar bilen


Futbolçylaryň top bilen, forma bilen, şarf bilen ýa bolmasa janköýerler bilen täze toparyna gol çekme dabarasy bolýar. Suratdaky bolsa gaty bir adaty ýagdaý däl. Manchester Cityden Real Betise geçen Santa Cruz, stadionda Sevilla şäheriniň çagalary bilen..

5.08.2011

Mancunian Derby | Derby della Madonnina


Anha, ýuwaş-ýuwaşjadan futbol boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň çempionatlarama başlap ugrady. Eýýäm bu hepde Ýewropada Germaniýa, Fransiýa, Gollandiýa ýaly ýurtlaryň futbol çempionatlarynda ilkinji tapgyryň oýunlary oýnalar.
Hepdäniň esasy futbol oýunlary bolsa aýyň 6-na Pekinde hem-de aýyň 7-ne Londonda oýnalar. Ýagny bu hepdä futbolda Derbylar hepdesi diýsem kän bir ýalňyşdygym bolmaz. Sebäbi ertir (6.08.2011ý) Aşgabat wagty bilen 17:00-da Pekiniň ''Guş höwürtgesi'' diýlip atlandyrylýan stadionynda Italiýanyň iki sany ägirdi, Italiýanyň soňky çempiony Milan hem-de Italiýanyň kubogynyň soňky eýesi Inter duşuşar. Ýagny Derby della Madonnina. Aýyň 7-sine bolsa Aşgabat wagty bilen 18:30-da Londonyň ''Uembli'' stadionynda Angliýanyň soňky çempiony Mançester United hem-de Angliýanyň kubogynyň soňky eýesi Mançester Citi duşuşar. Ýagny Derby Mankunýan.
MU - MC.
Angliýanyň Super Kubogyny (FA Community Shield) almak ugrunda bu ýyl 89-njy gezek geçiriljek bu oýuna Angliýanyň futbol federasiýasynda Fil Daud eminlik eder. Bu iki komandanyň arasyndaky oýun Mankunýan Derbysy diýlip atlandyrylýar. Öz gözbaşyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan Mankunýan Derbisinde bu iki klub dürli derejeli ýaryşlarda 158 gezek duşuşdylar. 50 oýny deňme-deň gutaran şol oýunlarda 66 gezek Ýunaýtedliler utan bolsa, 42 gezek Sitililer utmagy başardylar. Bu ikisiniň arasyndaky soňky oýunda bolsa Siti 1-0 bilen utmagy başarypdy. Iki klub häzirki wagtda dünýäniň iň baý klublarynyň hataryna girýärler. Diňe bu iki Mançesterlileriň klub býužetleri APL-de çykyş edýän ähli kublaryň jemi býužetiniň 1/4-ne deň bolup durýar. Mankunýan Derbysinde iň köp gol salmagy başaran Mançester Sitili Frenses Li (10 gol). Derbydäki iň uly hasaply oýun 1926-njy ýylda Sitiniň Ýunaýtedi 6-1 utan oýnudyr.
Inter - Milan
Dünýäniň iň bir populýarny Derbylarynyň biri hasaplanýa bu derby öz gözbaşyny 1910-njy ýyldan alyp gaýdýar. 101 ýyllyk taryhy bolan Derby della Madonnina häzirki wagta çenli 203 gezek oýnalyndy. Şol oýunlarda Inter 71 gezek, Milan 71 gezek ýeňiş gazandy. 61 oýunda bolsa deňlik hasaba alyndy. 203 oýnuň dowamynda Interliler jemi 278 gol, Milanlylar bolsa 276 gol salmagy başarypdyrlar. Milan Derbysinde oýnalan soňky oýunda ýadyňyza düşýän bolsa Milan Interi 3-0 hasap bilen utmagy başarypdy. Milan Derbysinde iň köp gol salmagy başaran Milanyň taryhy futbolçysy Andreý Şewçenkodyr (14 gol). Derby della Madonnina-da iň köp golly oýun bolsa 1949-njy ýylda Interiň Milany 6-5 utan oýnudyr. Italiýanyň Milan şäheriniň ägirtleriniň ikisi hem öz domaşnyý oýunlaryny şol şäherdäki ''San Siro'' stadionynda oýnaýarlar. Milan Derbysynyň nä derejede dartgynly geçýändigine özara oýunlary hem şaýatlyk edýär.
Iki sany Super Derby barada gysgaça şeýleräk. Galanynam ertirki oýunlardan soň görübereris. Bize nesip bolsa iki sany gyzykly oýun garaşýar. Ýalňyşmasam soňky hepde El Classico Derbysam bar öýdýän. Bu barada soň giňişleýin gürleşeris.
Goşmaça: Araňyzda çempionat Rossiýa bilen gyzyklanýanlar bar bolsa ertir ol ýerde hem gowja oýun bar. Ýagny çempionatyň lideri CSKA bilen çempionatyň turnir tablisasynda ikinji ýerde barýan Zenit oýnamaly. Gyzyklyja oýun bolar.
Batyr Çakanow