9.06.2016

Tomusky futbol şüweleňi

David Guetta ft. Zara Larsson - This One's For You

Tomus we gyş çagalygymda iň bir halaýan pasyllarymdy. Gar oýnamaly ýaşy geçemsoň gyşa ikilik edip ýaz paslyna göwün berdim. Tomusyň her bir çaga üçin manysy "üç aý jogap" diýýän kanikulymyz. Okuw gutarýar, kelleler takyr edilýär, 1-nji iýun çagalar baýramynda Mara gidip karuselde uçmak bilen "üç aý jogap" resmi ýagdaýda başlaýar. Ýapda suwa düşülýän ýaş geçenem bolsa tomusa bolan wepamyň elbetde futbol bilenem dahyly bar. Tomuslarymyz Dünýä Kubogy, Ýewropa Futbol Çempionaty, Konfederasiýa Kubogy ýaly futbol şüweleňleri bilen şatlyk-şagalaňa beslenýär. Şulaň arasynda meniň iň halaýanym bolsa Ýewropa Futbol Çempionaty, gysgaça EURO. Hawa, meniň üçin EURO Dünýä Çempionatyndan has gyzykly.



Sebäbini doly düşündirip biljek däl, ýöne Football Manager oýnamda-da mydama EU (Ýewropa Bileleşigi) raýaty bolan futbolçylary alýan. Belki Ýewropadaky tribunalar futbola tomaşa etmek üçin has ýakymlydyr, 2010-daky wuwuzela wakasyny unutmadyk bolsaňyz gerek. Belki-da janköýerlik edýän toparymyň ýewropaly bolmagynyň täsiri bardyr. Belki-de dünýä futbol taryhyndaky iň söýgüli üç oýunçym; Raul, Guti we Arbeloanyň ýewropaly bolmagy meni Ýewropa futbolyny söýmäge iterendir.
Bu turnirlerde köpiňiz ýaly meniň hem belli bir halaýan ýurdym ýok. Her gezek düzümlerindäki futbolçylara görä üýtgäp durýar. EURO 2012-de bolşy ýaly, bu gezek hem esasy janköýerlik etjek toparym Portugaliýa. Ondan daşary hem Rossiýa, Germaniýa, Türkiýe, Belgiýa we Italiýa döwletleriniň oýunlary ünsümi ýakyndan çekýär.
Hawa, Ýarym setir menden has giň teswire garaşýan eken, oňa-da ägirt sungat ussady Nurýagdy Tokgaýewden Ýazgarmaň meni aýdymyny sowgat edip, köp-köp söýgi, sylag-hormat, salam iberýän.
Bu turnirlerden esasy garaşýan zadymyz elbetde owadan oýun däl. Sebäbi her oýunçysy bir ýerden çöplenen, ýylda 4-5 oýunda birlikde oýnan oýunçylardan ybarat bolan toparlardan owadan oýuna garaşmak geňräk bolar. Bu bir diňe şüweleň. Gerrard bilen Lampardy, Pique bilen Ramosy, Buffon bilen Tottini bir toparda, bir köýnekçäniň abraýy üçin der dökýändigini görüp boljak futbol şüweleňi. Ronaldo, Zlatan, Bale ýaly kuboga ýakyn toparlarda oýnaýan ezber oýunçylaryň "underdog" toparlaryň üstünligi üçin bäsleşýän pursadyna syn etmäge mümkinçilik berýän şüweleň. Dünýädäki uruşlary, açlygy, öz dünýämizdäki gowgalary, aýraçylyklary bir salymlyk hem bolsa ýadymyzdan çykaryp, şatlanmagymyza sebäp bolýan şüweleň. Onda, goý, lezzet alalyň.

1 Teswir:

Adsız dedi ki...

Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
mayocareclinic@gmail.com
Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.